24.9 C
Aşkabat
27.04.2024
SPORT

Işjeň sport döwri.

Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kararyna laýyklykda, şu ýylyň 1-30-njy aprelinde ýurdumyzyň ähli künjeginde “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary astynda geçiriljek köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we medeni-sagaldyş çäresine taýýarlygyň çäklerinde guralýan sport çärelerine aýratyn baý boldy. Käbir ýaryşlar heniz dowam edýär, beýlekilerde bolsa eýýäm ýeňijiler kesgitlendi. Ine, 26-njy martda ýetginjekleriň arasynda Türkmenistanda birinjiligi almak ugrunda iki ýaryş tamamlandy. Olar 1996-njy ýylda doglan we ondan kiçi türgenleriň gatnaşmagyndaky geçen stoluň üstünde oýnalýan tennis we 12 hem-de 18 ýaşa çenli ýaş toparlarynda küşt boýunça ýaryşlardyr. 

Tennis boýunça ýaş ussatlar Türkmenabat şäheriniň 6-njy ýöriteleşdirilen sport mekdebinde bäsleşdiler. Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezine ýurdumyzyň 5 sebitiniň ýygyndylary we Aşgabadyň 2 topary – jemi 100-den gowrak türgen ýygnandy. Olar medallar ugrunda dört görnüşde çykyş etdiler. 



Iň oňat taýýarlygyny paýtagtly ýaşlar görkezdiler. Ilkinji orunlaryň köpüsini olar eýeledi. Şunda Mähriban Mehtiýewa iň ýokary netije görkezmegi başardy —4 oýunda 4 ýeňiş gazandy. Ol ýekeleýin görnüşde, jübütlikde, garyşyk derejede, şeýle hem toparlaýyn ýaryşda hormat münberiniň iň ýokary basgançagyna çykdy. 

Ýetginjekleriň ýekeleýin derejedäki çykyşlarynda aşgabatlylar ýene-de bir ýeňiş gazandylar. Oňa Alişir Çaryýew mynasyp boldy. 

Lebap we Balkan welaýatlarynyň ýetginjekler toparlarynyň hersi birinji ornyň birini eýeledi: ýer eýeleri jübütlikde geçirilen ýaryşda (B.Şerbaýew-A.Bäşimow), deňiz ýakasyndan bolan türgenler bolsa toparlaýyn ýaryşda (M.Kömekow, I.Muhadow we A.Oraznyýazow) ýeňiş gazandylar. 

Zenanlaryň milli ýygyndysy häzirki wagtda stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça dünýä çempionatyna taýýarlanýar. Ol maý aýynda Ýaponiýada geçiriler. Sportuň bu görnüşine iň ýaş türkmen eýerijiler (10 ýaşa çenli) üçin bolsa, öňümizdäki iki aýyň dowamynda has geljegi uly boljaklaryny ýüze çykarmak üçin ýörite gözden geçiriş bäsleşikleri geçiriler. 

Küşt boýunça ýaş ussatlaryň bäsleşigine ýurdumyzyň ähli künjeginden Aşgabada gelen iň oňat ýetginjek oglanlaryň we gyzlaryň 16-sy gatnaşdy. Ýaryşlar aýlaw ulgamy boýunça 15 tapgyrda geçirildi. 

Ýaryşda 12 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda örän seýrek bolan ýeňiş görkezijisi hasaba alyndy: Mary welaýatynyň toparyndan Annagözel Mekanowa öz ähli döwlerini ýeňip, 15 döwden 15 utuk– iň ýokary görkeziji gazandy. 

18 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň toparynda altyn baýragynyň eýesi bolan türgen aşgabatly Rustam Nazarow bir gezek hem utulmady, ol diňe bir döwde deňme-deň oýnap, 14,5 utuk toplady. 

Şeýle hem şäher sport komitetiniň Aşgabat küşt sport mekdebiniň wekilleri 18 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda hiç kime ýeňiş gazanmaga mümkinçilik bermediler – Meňli Öwezowa (12 utuk) we 12 ýaşa çenli ýetginjek oglanlaryň toparynda Azat Nurmämmedow (13,5 utuk) gazandylar. 

Indiki aýyň başynda ýokary liga girýän erkekleriň we zenanlaryň arasynda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçiriler. Ýaryşyň netijeleri ýygyndy toparynyň düzümini kesgitlemäge kömek eder. Şol topar halkara derejesindäki iri ýaryşlara — Bütindünýä küşt olimpiadasyna we Aziýa oýunlaryna gatnaşar. Bu ýaryşlar degişlilikde awgust aýynda Norwegiýanyň Tromsa şäherinde we sentýabrda Inçhonda (Koreýa Respublikasy) geçiriler. 



Türkmenistanyň ýyl-ýyldan ýurdumyza dürli sport görnüşleri boýunça öňdebaryjy hünärmenleri çekmek bilen halkara sport hyzmatdaşlygyny hem barha ösdürýändigini bellemek gerek. Ine, häzirki wagtda ABŞ-dan bolan wekiliýet Aşgabatda bolýar. Onuň düzüminde paralimpiýa-dzýudoçy, 2012-nji ýylda Londonda geçirilen Bütindünýä paralimpiadanyň bürünç baýragynyň eýesi Dartanýan Krokett, tälimçi Haýdi Mur bar. Olar “Sports Envoy” (sport ilçileri) maksatnamasynyň çäklerinde paýtagtymyza geldiler. Hepdäniň dowamynda myhmanlar Aşgabadyň, Türkmenabadyň we Marynyň döwrebap sport toplumlarynda sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän fiziki mümkinçiligi çäkli adamlar üçin okuw maslahatlaryny geçirerler. 

Şu günler Türkmenistanda ýetginjekleriň arasynda Döwlet sport komitetiniň sport mekdebiniň hokkeý boýunça açyk ýaryşy geçirilýär. 5 topar – Türkmenistanyň döwlet haryt-çig mal biržasynyň “Şir”, “Türkmengaz” döwlet konserniniň “Oguzhan”, Aragatnaşyk ministrliginiň “Alp Arslan” we ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýan mekdebiň “Ýaş olimp” toparlarynyň gatnaşýan ýaryşy 25-nji martda badalga aldy. 

Iki tapgyrdan soň ýaryşyň sanawynda birinji orny Türkmenistanyň Prezidentiniň kubogynyň 2014-nji ýyldaky eýesi “Şir” we bu halkara ýaryşynyň kümüş baýragynyň eýesi “Oguzhan” paýlaşýarlar. Olaryň hersiniň hasabynda iki ýeňiş bar. Bu toparlaryň oýunçylary ýaryşda derwezä iň köp çilik topuny girizmek boýunça hem öňde barýarlar: “Şiriň” hüjümçisi A.Kožewnikow garşydaşlarynyň derwezelerine 9 top geçirdi, “Oguzhan” toparyndan B.Baýmyradow bolsa 7 gezek tapawutlandy. 

Şeýle hem şu günler Aşgabatda milli derejedäki ýene-de iki ýaryş geçirilýär: ähli welaýatlardan bolan welosportuň iň oňat ýaş ussatlary Köpetdagyň etegindäki Çandybil şaýolunda bäsleşýärler, paýtagtymyzyň köpugurly “Galkynyş” sport toplumynyň ýagty zalynda bolsa şu günler ýurdumyzyň iň oňat gandbol toparlary medallar ugrunda bäsleşýärler. Ýaryşlaryň ikisi hem 29-njy marta çenli dowam eder. 

28-nji martda bolsa köpugurly “Aşgabat” sport toplumynda agyr atletika boýunça erkekleriň we zenanlaryň arasynda Türkmensitanyň birinjiligi ugrunda ýaryş badalga alýar.

Degişli makalalar

Türkmenistanly Türgenler Jemi 245 Medal Gazandy

HTTU öňdeligini gidirmeýär.

syrach

Aşgabadyň topary kabaddi boýunça Türkmenistanyň Kubogynyň eýesi boldy.

syrach