29.9 C
Aşkabat
03.08.2025
DÜNÝÄ

Abadi Putin Bilen Duşuşdy

Yragyń Premýer ministri Haýdar Al Abadi Russiýada saparda boldy.
Abadi saparynyń çäginde Russiýanyń Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Putin Kremlde bolan duşuşykda dünýäniń ykdysadyýetinde we sebitinde başdan geçirilýän kynçylyklara garamazdan Russiýa bilen Yragyń arasyndaky gatnaşyklaryń pugtalanýandygyny aýtdy
Putin iki ýurduń arasyndaky söwda mukdarynyń sońky 2 ýylda 10 esse ýokarlandygyny belledi.
Rus lideri Putin terror guramasy DAİŞ-e garşy söweşýän Yraga kömek bermek barada söz berdi.
Yragyń Premýer ministri Abadi hem Moskwa guran saparynyń iki ýurduń arasyndaky gatnaşyklaryń we terrorçylyga garşy göreşdäki hyzmatdaşlygyń ýokarlamagyna goşant goşmagyny umyt edýändigini aýtdy.
Abadi rus firmalarynyń hem harby hem-de tehniki taýdan özlerine kömek berýändigini belledi.
Yrak Russiýa bilen 40 harby dik uçar almak meselesinde ylalaşyk gazandy.

Dik uçaryń käbiri Yrakly ýolbaşçylara tabşyryldy.

trtturkmen 

Degişli makalalar

BMG-niň Baş Assambleaýasy 12-nji Dekabry Halkara Bitaraplyk Güni Diýip Yglan Etdi

Пресс-релиз

Türkmenistanda Indoneziýanyň ilçisi işläp başlady.

syrach