25.9 C
Aşkabat
26.04.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň…

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Tegelek Stol Gurnady

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň derejesiniň şanly 25 ýyllygynyň bellenilmeginiň çäginde Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçihanasy bu möhüm çärä bagyşlanan tegelek stol çäresini we Rumyniýadaky türkmen talyplarynyň arasynda geçirilen surat çekmek boýunça bäsleşikde ýeňijilere baýrak gowşurmak dabarasyny geçirdi.

Türkmenistanyň Rumyniýadaky Ilçisi öz çykyşynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetine ünsi çekip, şu ýylyň 11-12-nji dekabr aralygynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçiriljek wakalar we dabaralar barada hem-de Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan kabul edilen Halkara bitaraplyk güni hakynda habar berdi.

Talyplar öz çykyşlarynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa, türkmen ýaşlaryna ýadawsyz alada we üns, şeýle hem geljekki nesiller üçin parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş şertlerini döredýänligi üçin özleriniň sagbolsunlaryny beýan etdiler hem-de Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň halkara arenasynda üstünlik gazanýandygyny bellediler.

Çäräniň ahyrynda gatnaşyjylara Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýylynda we howpsuzlygy we parahatçylygy üpjün etmekde gazanan üstünlikleri barada wideolar görkezildi.

Mundan başga-da, Rumyniýada okaýan türkmen talyplarynyň arasynda Ilçihana tarapyndan yglan edilen hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanan surat bäsleşiginiň ýeňijilerine hormat hatlaryny we gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirildi.

Çeşme: https://neutrality.gov.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň DIM-nde Özbegistan Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

Türkmenistanda Hazarýaka Döwletleriň Ygtyýarly Wekilleriniň Nobatdaky Duşuşygy Geçirilýär

turkmenhabargullugy