15.9 C
Aşkabat
20.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

DIM-de Katar Döwletiniň Daşary Işler Ministri Bilen Duşuşyk

2015-nji ýylyň 16-njy iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen Katar Döwletiniň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Haled ben Muhammed Al Atiýýa bilen duşuşyk geçirildi.

Bu ýerde bolan iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky syýasy geňeşmeleriň, şeýle hem özara bähbitleriň we iki ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny nazara almak arkaly üstünlikli ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we mümkinçilikleri barada pikir alyşmalaryň barşynda Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara toparynyň işiniň ähmiýeti bellenildi.

Medeni-gumanitar ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek barada aýtmak bilen, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanda we Katarda medeniýet günlerini guramak, iki ýurduň arasynda sport ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Katar Döwletiniň Daşary işler ministriniň saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary bilen duşuşyk geçirildi.

Degişli makalalar

«TürkmenÄlem 52°E» Milli Hemrasynyň Aragatnaşyk Hyzmatlarynyň Çägi Giňedi

turkmenhabargullugy

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Tarapyndan “Tegelek Stoluň” Başynda Duşuşyk Geçirildi

syrach

Täze Zaman Ýaşaýyş Jaý Toplumynyň Açylyş Dabarasy

syrach