16.04.2026
DÜNÝÄ

KOSOWADA UMUMY SAÝLAW GEÇIRILÝÄR

Kosowada umumy saýlaw geçirilýär.

Bellige alynan 1 million 630 müñ saýlawçy parlamentiñ 120 agzasyny saýlamak üçin ses berýär.

Saýlawda 29 partiýadan 1262 dalaşgär bäsleşýär.

Saýlawlarda türklere Kosowa Demokratik Türk partiýasy bilen Kosowa Türk Bileleşigi wekilçilik edýär.

Kosowa Demokratik Türk partiýasynyñ başlygy Mahir Ýagjylar saýlawlarda Mejlisde 4 kürsä eýe bolmagy maksat edinýändiklerini aýtdy.

Saýlawlara Türkiýe bilen birlikde birnäçe ýurtdan we halkara guramadan synçylar hem gatnaşýar. 

referans: www.trtturkmen.com

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşuşygy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy Bitaraplygynyň Şanly 25 Ýyllygy Mynasybetli Ylmy Okuw Maslahat Geçirdi

turkmenhabargullugy

Eastring Taslamasyny Günorta Gaz Geçelgesine Birikdirmek Mümkinçiligi Bar

turkmenhabargullugy