22.4 C
Aşkabat
08.05.2024
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ Iň Täze Habarlar SYÝASAT TEHNOLOGİÝA YKDYSADYÝET

Eastring Taslamasyny Günorta Gaz Geçelgesine Birikdirmek Mümkinçiligi Bar

Eastring Taslamasyny Günorta Gaz Geçelgesine Birikdirmek Mümkinçiligi Bar

Eastring gaz geçirijisini «Günorta gaz geçelgesine» birikdirmek üçin uly mümkinçilikler bar, diýip Eustream slowak kompaniýasynyň wekili Pawol Kubik Trend azerbaýjan habarlar agentligine habar berdi.

Eastring taslamasy Slowakiýa tarapyndan 2014-nji ýylyň dekabrynda döredildi. Bu gaz geçirijisi Slowakiýanyň, Çehiýanyň, Ukrainanyň,Wengriýanyň, Rumyniýanyň we Bolgariýanyň gaz ulgamlaryny birleşdirmegi maksat edinýär. Birinji tapgyrda bu gaz geçirijisi balkan ýurtlaryny gaz bilen üpjün etmek üçin ýewropa bazarlaryndan alnan gazdan peýdalanar. Geljekde gaz geçiriji durnukly çeşmelerden, şeýle hem Hazar sebiti we Ýakyn Gündogar ýaly alternatiw çeşmelerden Ýewropa gazy import edip biler.

«Eastring taslamasy ol ýa-da beýleki iberijä bagly däl, hut şonuň üçin hem ol islendik çeşme üçin açykdyr. Şu nukdaýnazardan biz «Günorta gaz geçelgesiniň» üsti bilen Hazar sebitinden gaz almaga uly mümkinçilikler bar diýip hasaplaýarys» diýip Kubik aýtdy.

4-nji noýabrda Bolgariýanyň we Slowakiýanyň gaz operatorlary «Bulgartransgaz» we Eustream balkan gaz bekedi (Balkan Gas Hub) we Eastring ýaly taslamalary durmuşa geçirmek üçin Özara düşünişmek boýunça Ähtnama gol çekdiler, diýip Trend ýazýar.

«Günorta gaz geçelgesi» ÝB üçin möhüm taslamalaryň biri bolup, ol Hazar sebitinden Gruziýanyň we Türkiýäniň üsti bilen Ýewropa 10 milliard kub metrden gowrak azerbaýjan gazyny ibermekligi göz öňünde tutýar.

Ilki başda «Şah Deňiz» azerbaýjan gazkondensatly känini özleşdirmegiň ikinji tapgyrynyň çäklerinde çykarylýan gaz «Günorta gaz geçelgesi» taslamasy üçin esasy çeşme hökmünde seredilýär. Soňky tapgyrlarda taslama beýleki çeşmeler hem goşulyp biler.

2016-njy ýylyň martynda Ýewrokomissiýanyň energetika meseleleri boýunça wise-prezidenti Maroş Şefçowiç Trend agentligine interwýusynda «Häzirki wagtda Ýewrokomissiýa Azerbaýjan, Türkiýe, Gruziýa hem-de Türkmenistan bilen birlikde türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň ýollary işläp düzmegiň, şeýle hem, munuň üçin Günorta gaz geçelgesini ulanmagyň mümkinçilikleriniň üstünde işleýärler» diýip habar berdi.

Şol wagt M.Şefçowiç 2015-nji ýylda gol çekilen Aşgabat jarnamasynyň esasynda türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň ýollaryny hem-de bu meseläniň hukuk we ykdysady taraplarynyň çözgütlerini işläp düzjek iş toparynyň döredilendigini ýatlap geçdi.

Wise-prezidentiň aýtmagyna görä, bu günki gün Günorta gaz geçelgesiniň kabul edilen möhletde, hatda wagtyndan hem ir amala aşyryljakdygyna, şeýle hem Türkmenistanyň gazyny Ýewropa çykarmak mümkinçilikleriniň üpjün ediljekdigine göz ýetirmek zerurdyr.

Tebigy gazyň ätiýaçlyk gorlary boýunça Türkmenistanyň dünýäde dördünji orny eýeleýändigini hem-de ony eksport etmek üçin täze bazarlary gözleýär. Trend agentligi tebigy gazy ýewropa tarap ugratmagyň iň oňaýly ugry hökmünde Hazar deňzinden Azerbaýjanyň kenarlaryna çenli ýetýän, uzynlygy 300 kilometre barabar bolan Transhazar gaz geçirijisini görkezýär. Azerbaýjanda bolsa, türkmen gazyny Türkiýä, ondan soňra bolsa Ýewropa eksport etmek üçin zerur infrastrukturalaryň ählisi bar.

Degişli makalalar

Iň Köp Soralýan Soraglar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Täze Düzümi Tassyklandy

Gepleşikleriň Dowamynda Halkara Ulag-Üstaşyr Geçelgesiniň Işini Işjeňleşdirmek Meseleleri Ara Alnyp Maslahatlaşyldy