24.9 C
Aşkabat
03.08.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Prezidentimiz Tailandyň Patyşasyna Gynanç Hatyny Iberdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Tailandyň Patyşasy Phumipon Adulýadete Bangkok şäherinde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren terrorçylyk hereketi zerarly, gynanç hatyny iberdi.

“Türkmenistan terrorçylygyň we ekstremizmiň islendik ýüze çykmalaryny aýgytly ýagdaýda ýazgarmak bilen, bu apata garşy göreşmek we ony ýok etmek işinde dünýä bileleşiginiň tagallalaryny doly goldaýar” diýlip, hatda bellenilýär.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň maşgalalaryna, dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna çuňňur gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky arzuwlaryny aýtdy.

Degişli makalalar

Ýewropadan Aziýa täze «köpri»

syrach

Türkmenistanyň Prezidentiniň Sloweniýa Respublikasyna Resmi Sapary

syrach

Semeni-Ýokumlar Çemeni