42 C
Aşkabat
03/06/2020
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Dokuzynjy Tapgyryň Çäginde Iki Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 9-njy tapgyrynyň çäginde iki duşuşyk geçirildi.

Bu tapgyrda paýtagtymyzda duşuşan “Köpetdag” bilen “Aşgabat” toparlarynyň arasyndaky duşuşyk netijeli urgularyň ikisi bilen tamamlandy. Toparlaryň hersi bir gezekden tapawutlanyp, 1 utukdan paýlaşdylar – 1:1

Maryda duşuşan “Energetik” bilen “Merwiň” arasyndaky duşuşyk 2:1 hasabynda myhmanlaryň ýeňşi bilen tamamlandy. “Merwe” ýeňiş getiren toplary Perman Hallyýew bilen Döwlet Baýramow geçirdiler.

Bu tapgyryň merkezi duşuşygy 19-njy maýda geçirilip, onda ýaryş tertibiniň öňbaşçylary “Ahal” bilen “Altyn Asyr” toparlary duşuşarlar.

 

Geçirilen duşuşyklaryň netijeleri:

“Köpetdag” – “Aşgabat” – 1:1

Gollar: 25 Döwletmyrat Seýitmuhammedow (“Köpetdag”) – 48 Nazar Towakelow (“Aşgabat”)

Duýduryşlar: 66 Ýakub Magsatow (“Köpetdag”) – 41 Şatlyk Gurbanow (“Aşgabat”)

Meýdandan çykarylan: 54 Myrat Amantaganow (“Aşgabat”)

Geçirilen ýeri: “Köpetdag” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Yhlas Kurambaýew (Daşoguz ş.), Akmyrat Jumaýew (Aşgabat ş.)

Ätiýaçdaky emin: Babanazar Haknazarow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Bagtyýar Atajanow (Daşoguz ş.)

Tomaşaçy sany: 1000

 

“Energetik” – “Merw” – 1:2

Gollar: 8 Baýram Ataýew (“Energetik”) – 13 Perman Hallyýew, 30 Döwlet Baýramow (“Merw”)

Duýduryşlar: 12 Begli Meredow, 29 Muhammet Astanow, 32 Alikper Musaibow, 51 Parahat Jumanazarow, 61 Rahmet Şermetow (“Energetik”) – 17 Şanazar Tirkişow, 83 Nurgeldi Astanow (“Merw”)

Meýdandan çykarylan: 40 Alikper Musaibow, 2-nji duýduryş (“Energetik”)

Geçirilen ýeri: “Energetik” stadiony (Mary ş.)

Duşuşygyň emini: Saparmämmet Gurbanow (Balkanabat ş.)

Kömekçi eminler: Mergen Allaberdiýew (Aşgabat ş.), Hursant Abdiýazow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: Çarymyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejepow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 2000

 

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “AHAL” FK 7 6 0 1 13-3 18
2. “ALTYN ASYR” FK 8 4 3 1 15-6 15
3. “KÖPETDAG” FK 9 4 3 2 11-7 15
4. “ŞAGADAM” FK 8 3 3 2 5-5 12
5. “AŞGABAT” FK 8 3 3 2 9-8 12
6. “MERW” FK 9 3 0 6 6-15 9
7. “NEBITÇI” FK 8 2 0 6 6-14 6
8. “ENERGETIK” FK 9 1 2 6 6-13 5

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanda Korrupsiýa we Paraholrluga Garşy Göreşmegiň Döwlet Maksatnamasy Işlenip Taýýarlanylýar

“Türkmen Jeoloji” Devlet Holdinginden Uluslararası İhale İlanı

syrach

“Türkmenkabel” Zawodynyň Işgärleri Şu Ýerde Tikilýän Iş Eşigi Bilen Üpjün Edildi

turkmenhabargullugy