35.9 C
Aşkabat
02.08.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň Wekilleri Bilen Duşuşyk Geçirildi

2015-nji ýylyň 27-nji awgustynda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçisi jenap Hideomi Nakadzima bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda taraplar iki dostlukly ýurduň halklarynyň bähbitlerine doly laýyk gelýän uly möçberli türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň pugtalanýandygyny, giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyny gyşarnyksyz durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen Gündogar Aziýa ýurtlarynyň arasynda ähli ugurlarda dostlukly we özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary okgunly depginde ösdürilýändigini nygtadylar.



Duşuşygyň çäklerinde türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň migrasiýa ulgamyna degişli ähmiýetli meseleleriň giň toplumy boýunça pikir alşyldy. Hususan-da, Ýaponiýa döwletiniň işewürlerine wiza resmileşdirmek, şeýle hem migrasiýa ugry boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ulgamdaky geljegi uly hyzmatdaşlygy has-da işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar iki döwletiň arasyndaky migrasiýa gatnaşyklary giňeltmäge alan ugruny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdylar.

Degişli makalalar

Hazarda Hyzmatdaşlygy Ösdürmek Türkmenistanyň Strategiýasy

turkmenhabargullugy

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň ykdysady ylmy işi täjik dilinde neşir edildi

syrach

BMG niň Baş Sekretary Pan Gi Munuň Baýramçylyk Gutlagy

syrach