26 C
Aşkabat
11.05.2021
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Nowruz Hem-de Tebigatyň Gözelligi

Nowruzda Günüň jana ýakymly şöhlesine tebigatda oýanyş, janlanyş peýda bolýar. Şu pursat ynsanyýetiň kalbynda-da, ruhunda-da ajaýyp bir ahwal peýda bolýar. Çünki bahar paslynyň täsin, jana tenekar howasy, guşlaryň hoş owazy ynsan ruhuna, häsiýetine ýakymly täsirini ýetirýär. Nowruz dost-doganlygyň, birek-birek bilen hoşniýetli hyzmatdaşlygyň, beýik ynsanperwerligi, asuda hem rahat durmuşy alamatlandyrýan parahatçylygyň pederlerden galan gadymy baýramydyr.
Nowruz baýramy dünýäniň ençeme halklarynyň, şol sanda türkmen halkynyň hem kalbynda we hakydasynda köp asyrlar bäri ýaşap gelýän iň gadymy baýramlaryň biridir. Nowruz baýramy barada Abu-Reýhan Biruny “Geçen nesillerden galan ýadygärlikler”, Lutfi “Gül we Nowruz”, Omar Haýýam “Nowruznama” ýaly eserleri hem döredipdirler, Gündogaryň ençeme akyldarlary Nowruz hakynda köp ýazgylary galdyrypdyrlar. Bu gadymy edebi miraslarymyzda beýan edilişine görä, ata-babalarymyzyň amal eden şemsi ýyl hasaby boýunça birinji aý hasaplanypdyr. Ol bolsa, hut Nowruzdan — 21-nji martdan başlanypdyr. Diýmek, Nowruz gününden başlap ajaýyp tebigatdaky ähli barlykda — janly-jandarlarda we ösümliklerde oýanyş, täzeleniş ýüze çykýar. Mukaddes ene topragymyzda uklap ýatan kökler, pyntyklar Günüň mylaýym şöhlelerinden janlanýar.
Türkmen topragy — hasylly, rysgally toprak. Bu ýerde ýazyň gelşi üýtgeşik bolýar. Türkmen daýhanlary baharda jöwen, mäş, gawun-garpyz ýaly ekinleri ekýärler, miweli agaçlar gülleýär. Nowruzda daýhanlar beýik Taňrydan ýagmyr ýagmagyny dileg edipdirler, ýaş çagalar saçlarynyň ösmegi üçin sanawaç sanapdyrlar.
Nowruz baýramy 2009-njy ýylyň 30-njy sentýabrynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. 2010-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 64-nji mejlisinde bolsa her ýylyň 21-nji martyny “Halkara Nowruz güni” diýip, yglan etmek barada ýörite Kararnama kabul edildi. Milli Liderimiziň sebit we umumadamzat ähmiýetini hem bähbidini nazarlaýan öňdengörüjilikli ynsanperwer syýasaty netijesinde goldanylan bu Kararnama laýyklykda Nowruz baýramy halklaryň arasynda parahatçylygy berkidýän hem-de Gündogar halklarynyň taryhy-medeni däp-dessurlaryny dünýä ýaýýan halkara baýramy hökmünde taryha girdi.
Bag ekmek sogaply iş. Oguz han döwründen bäri Nowruzyň öňýanyndaky günlerde ýazky bag ekiş möwsümine hemmeler biragyzdan gatnaşypdyrlar. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” we mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygynyň bellenilýän ýylynda bu asylly işler mynasyp dowam etdiriler. Şeýle asylly işleri durmuşa geçirýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin taýsyz tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun!
Amangül NURYÝEWA,
Aşgabat şäheriniň daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän Ýöriteleşdirilen
74-nji “Bagtyýar nesiller” atly orta mekdebiniň mugallymy, Türkmenistanyň ussat mugallymy.

Çeşme: metbugat.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach

“Miras” žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

syrach

Daşary ýurt raýatlarynyň, raýatlygy bolmadyk adamlaryň Türkmenistana gelmegi we Türkmenistandan gitmegi.

syrach