22.9 C
Aşkabat
17.05.2024
YKDYSADYÝET

Birža Täzelikleri

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. 

Daşary ýurt walýutasyna Birleşen Arap Emirliklerinden we Gazagystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini we binýatlyk ýagy satyn aldylar. Türkiýäniň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “B” kysymly karbamidi (“Türkmenhimiýa” DK) satyn aldylar. Bulardan başga-da, daşary ýurt puluna arassalanan pagta ýagy, aşgarlanmadyk nah matalar, nah ýüplük, pagta süýümi satyldy. Olary Russiýadan, BAE-den, Türkiýeden, Gyrgyzystandan we beýleki ýurtlardan gelen telekeçiler satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 26 million 997 müň manatdan gowrak boldy. 

Manat serişdelerine Türkiýeden gelen işewürler bahasy 2 million 135 müň manatdan gowrak bolan nah ýüplügi satyn aldylar. 

Ýurdumyzyň telekeçileri içerki bazar üçin bahasy 120 müň manatdan gowrak bolan azyklyk dänäni satyn aldylar.

Degişli makalalar

Ýanwar-Mart Aýlarynda Jemi Içerki Önümiň Ösüşi Geçen Ýylyň Degişli Döwri Bilen Deňeşdirilende 6,2 Göterime Deň Boldy

Dubaýda Türkmenistanyň Nebitgaz Göçme Forumy Başlady

turkmenhabargullugy

«Marytelekom» Nyrhlary Peseldýär

turkmenhabargullugy