24.2 C
Aşkabat
19.04.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Lýudmila Jahatowna Amanniýazowanyň üstüne ýüklenildi.

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Orazmämmedow Myrat Nurmuhammedowiç  işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Arslan Seýitmuhammedowiç Seýitmuhammedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Gidrometeorologiýa baradaky milli komitetiň başlygynyň orunbasary wezipesine bellenildi. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Söýeşow Baýramberdi işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Tagandurdy Hojamämmedowiç Ürgenjow Balkan welaýatynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenilip, ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşadyldy. 

*** 

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň işini has-da kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara  gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň medeniýet meseleleri boýunça orunbasarynyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň sanawy; Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ylym, bilim, saglygy goraýyş, sport, ýaşlar we jemgyýetçilik meseleleri boýunça orunbasarynyň gözegçilik edýän ministrlikleriniň, pudak edaralarynyň, ylym-barlag edaralarynyň we guramalarynyň sanawy tassyklanyldy. 

Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirligine şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň önüm öndürijilerini höweslendirmek, olaryň bähbitlerini goramak we öndürýän harytlarynyň bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2016-njy ýylyň 10-njy martyndan başlap, şahsy taraplary we eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, edara görnüşli taraplar tarapyndan Türkmenistana getirilýän izogam üçin gümrük bahasynyň 100 göterimi, ýöne, 1 inedördül metri üçin azyndan 3,35 amerikan dollary möçberde gümrük pajy bellenildi. 

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugyna, Türkmenistanyň Senagat ministrligine, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde, karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

*** 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanda alyjylaryň ekologiýa taýdan arassa we adam saglygyna ýaramly önümleri ulanmak babatda bähbitlerini goramak hem-de daşary ýurtlardan awtoulag serişdelerini getirmegi düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäklerine getirilýän awtoulag serişdeleri üçin gümrük paçlarynyň degişli möçberleri bellenildi. 

Türkmenistanyň döwlet gümrük gullugyna, Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligine, Türkmenistanyň Maliýe ministrligine, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugyna Türkmenistanyň  Adalat ministrligi bilen bilelikde şu karardan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamak we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermek tabşyryldy. 

Şu Karar 2016-njy ýylyň 1-nji maýyndan güýje girýär. 

***

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, wezipe borçlaryny göwnejaý ýerine ýetirmän, işde goýberen kemçilikleri üçin, Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gulluygynyň başlygy Hümmedow Şatlyk Orazgeldiýewiçe käýinç yglan edildi. 

Degişli makalalar

Ylham gudratynyň seýilgähi

syrach

Türkmenistanyň Döwlet Migrasiýa Gullugynda Ukraina Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan Daşary we Doly Ygtyýarly Ilçisi Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň Prezidenti Ýokanç Keselleriň Öňüni Almak Boýunça Iş Maslahatyny Geçirdi