39.9 C
Aşkabat
16.06.2025
DURMUŞ

Baku Open-2016

Däbe öwrülen bu ýaryş 10 döwletden — Russiýadan, Türkiýeden, Eýrandan, Gruziýadan, Gazagystandan we beýlekilerden 600-den gowrak türgeni özünde jemledi. 

Ýygyndymyzyň düzüminde agramlary 68 kilograma çenli ýetginjekleriň arasynda çykyş eden Perman Işanow kümüş medala mynasyp boldy. Ildeşimiz 4 tutluşyk geçirip, olaryň üçüsinde ynamly ýeňiş gazandy. Diňe final tutluşygynda P.Işanow çekeleşikli geçen duşuşykda ýaryşyň ýer eýeleriniň wekilinden ýeňildi. 

Azat Hojadurdyýew (55 kg çenli), Kerwengeldi Atajanow (61 kg çenli) hem ýetginjekler toparynda çykyş edip, bürünç medala mynasyp boldular. Baýry türgenleriň arasyndaky ýaryşda çykyş eden (35—40 ýaş) Nagmat Hojamämmedow hem bu ýaryşda bürünç medaly eýelemegi başardy. 

Tomusda karate-do bilen meşgullanýan türkmen türgenleri Türkiýäniň Stambul şäherinde sentýabr aýynda geçjek ýene bir halkara ýaryşyna taýýarlyk görerler. Noýabr aýynda bolsa ýurdumyzyň paýtagty Aşgabatda Türkmenistanyň çempionaty geçiriler hem-de 2016-njy ýylyň iň ezber türgenleri kesgitlener.

Degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Täze Eseriniň Tanyşdyryş Dabarasy Geçirildi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti we Kuweýt Döwletiniň Emiri Türkmenistanyň Prezidentini Oraza Aýynyň Gelmegi Bilen Gutlady

Hormatly Prezidentimiz Türkmen Oba Hojalyk Uniwersitetiniň Ýanynda Ahalteke Bedewlerini Öwrenmek Boýunça Ylmy Merkezi Döretmegi Tabşyrdy