26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

RLDP-nyň Başlygy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly İl Ýaşulysy” Diýen At Gowşuryldy

RLDP-nyň Başlygy Wladimir Žirinowskä Türkmenistanyň “Hormatly İl Ýaşulysy” Diýen At Gowşuryldy

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu gün Türkmenbaşy şäherinde geçýän dabaralara gatnaşýan Russiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň ýolbaşçysy Wladimir Žirinowskä “Hormatly il ýaşulysy” diýen ady dakmak hakynda şahadatnamany we döşe dakylýan tapawutlandyryş nyşanyny gowşurdy.

Ýola goýlan däbe görä myhmana türkmen milli dony, telpegi geýdirilip guşak guşaldy. Dabara ýurdumyza gelen rus wekiliýetiniň agzalarynyň gatnaşmagynda geçirildi.

Wladimir Žirinowskiý bildirilen ýokary hormat üçin hoşallyk bildirip, ýurdumyzda gören ähli zatlaryna begenýändigini we olardan ruhunyň galkynýandygyny ýene-de bir gezek nygtady. Myhmanyň belleýşi ýaly, nesilden-nesle geçirilip gelinýän hem-de milli özboluşly häsiýetiň esasynda duran ajaýyp parasatly däp-dessurlaryň eýesi bolan myhmansöýer türkmen halkyna ol hemişe aýratyn mähir bilen garaýar.

***

Şu gün RLDP-nyň başlygy myhmanlara we dynç alýanlara bir mahallar ulanylan awtomobilleri, elekromobilleri, atly paýtunlary we beýlekileri hödürleýän ýörite dynç alyş merkeziniň hyzmatlaryndan peýdalanyp, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy boýunça tanyşlyk gezelenjini amala aşyrdy.
Wladimir Žirinowski “Çaýka” diýen ýokary derejeli ak awtoulagda aýlandy. Rus wekiliýetiniň agzalary hem atly paýtunlara münüp, syýahatçylyk zolagynyň hem-de Hazaryň kenarýakasynyň gözelliklerini synladylar.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Dokma Senagatynyň Işgärleri Öz Hünär Gününi Pudak Boýunça Serginiň Açylmagy Bilen Belläp Geçerler

Türkmenistan Bazar Gatnaşyklaryny Ösdürmegiň Şertlerini Üpjün Edýär

turkmenhabargullugy

“7 Tepe 7 Kıta Mini Dünya Kupası” Futbol bäsleşigi

turkmenhabargullugy