24.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan Dominika Arkalaşygy Bilen Diplomatik Gatnaşyklaryny Ýola Goýdy

2016-njy ýylyň 13-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Nýu-Ýorkdaky Hemişelik wekilhanasynyň binasynda Türkmenistan bilen Dominika Arkalaşygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakyndaky Bilelikdäki Beýannama gol çekmek dabarasy geçirildi.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň we Dominika Arkalaşygynyň Hemişelik wekilleri iki ýurduň arasyndaky syýasy, ykdysady, we medeni-gumanitar ulgamlaryndaky gatnaşyklary ösdürmek üçin ähli mümkinçilikleriň bardygyny aýratyn bellediler. Daşary syýasy bähbitleriň ugrunda netijeli gepleşikleri ösdürmek barada taraplaryň gyzyklanmasy bellenildi. Şeýle hem halkara guramalaryň, esasan hem BMG-niň çäklerindäki özara bähbitli hyzmatdaşlyklary ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Daşary Işler Ministrini Kabul Etdi

turkmenhabargullugy

Harby Tilsimlere Uly Orun Berildi

Köp Çagaly Maşgalalar Döwlet Baştutanyndan Täze Öýleriň Açaryny Sowgat Aldylar

syrach