31.9 C
Aşkabat
15.07.2025
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Harby Türgeniň Halkara Ýaryşyndaky Üstünligi

Mälim bolşy ýaly, harby türgenleriň gazanýan sport üstünliklerini web-saýtymyzda yzygiderli paýlaşýarys. Ine, ýaňy-ýakynda hem Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde jiu-jitsu sporty boýunça halkara ýaryşy geçirildi. Bu halkara ýaryşyna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Merkezi goşun» sport klubynyň çagyryş boýunça harby gullukçysy, kiçi seržant Jonibek Atajanow hem gatnaşyp, jiu-jitsu sportunyň «No Gi» görnüşi boýunça 3-nji ýere mynasyp boldy. Harby türgenimiz ýurdumyzda geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynda hem öz erjelligi bilen sportsöýüjileriň ýadynda galypdy. Biz hem harby türgenimize mundan beýlägem üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris!

milligosun.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Bilen Pakistanyň Premýer-Ministriniň Arasynda Gepleşikler

syrach

Türkmenistanyň Prezidenti Ispaniýanyň Patyşasyna Gynanç Bildirdi

PREZIDENTIMIZIŇ TÜRKMEN HALKYNA TÄZE ÝYL GUTLAGY.

syrach