Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň 9-njy kitaby çapdan çykdy. «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitap döwlet Baştutanymyzyň 2015-nji ýyldaky – jemi 100 işden ybarat – maksatnamalaýyn çykyşlaryny, ylmy makalalaryny, interwýularyny, gutlaglaryny, ýüzlenmelerini özünde jemleýär. Mälim bolşy ýaly, geçen ýyl möhüm wakalara we şanly senelere beslendi: döwletimiziň bitaraplyk halkara-hukuk derejesine eýe bolmagynyň 20 ýyllygy mynasybetli bu ýyl Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly diýip yglan edildi, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy uly dabara bilen bellenildi, Mary şäheri türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edildi, aragatnaşygyň milli emeli hemrasy älem giňişligine çykaryldy.
Kitap «Täze eýýamyň belent ruhy we döredijilik mümkinçilikleri» atly sözbaşy bilen açylýar. Onda 2015-nji ýylda ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik, durmuş-ykdysady ösüşiniň tejribesi jemlenildi, oňa syn we baha berildi. Ýurdumyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmaga, halkyň hal-ýagdaýyny we durmuş-ýaşaýyş şertlerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen umumymilli, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine ýeterlik derejede doly, jikme-jik syn berilmegi bu ýygyndynyň aýratynlygy bolup durýar.
Girişde jemgyýetiň döwlet gurluşygynyň, jemgyýetçilik-syýasy we ruhy-medeni durmuşynyň, ykdysadyýeti bazar gatnaşyklaryna laýyklykda özgertmegiň we durmuş ulgamyny ösdürmegiň, ýurduň daşary syýasatynyň we halkara gatnaşyklarynyň meseleleri hemmetaraplaýyn we çuňňur beýan edildi.
Türkmenistanyň Prezidenti görnükli syýasy işgär we guramaçy hökmünde halkyň zähmet işjeňligini döredijilik ýoluna ugrukdyrýar. Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow jemgyýetçilik ösüşiniň barşyna, ýolbaşçy işgärleri saýlap-seçmek we ýerli-ýerinde goýmak işlerine dogry baha bermek arkaly, ykdysadyýeti we durmuş hadysalaryny dolandyrmagyň ulgamyna täsir edýär. Ýolbaşçy işgärleri ýokary wezipelere belläninde ýa-da başga jogapkärli işlere çekeninde, milli Liderimiz olaryň ideýa-syýasy, ruhy-ahlak, işjeňlik we guramaçylyk häsiýetlerini, ýagny päk ýüreklilik, asyllylyk, iş başarjaňlyk, bar güýjini, bilimini we tejribesini sarp edip zähmet çekmäge ymtylyşyny, täzeçilligi duýşuny, başlangyçlydygyny, adamlar bilen işlemegi başarýandygyny, özüňe talapkär bolmagy, öz üstüne jogapkärçiligi almagy başarýandygyny göz öňünde tutýar.
Kitapda senenamalaýyn tertipde ýerleşdirilen işlerde, jemgyýetiň syýasy ulgamyny kämilleşdirmek, döwletiň durmuşynyň ähli taraplaryny demokratiýalaşdyrmak boýunça ýolbaşçy işgärlere we olaryň öňünde durýan wezipelerine hormatly Prezidentimiziň bildirýän esasy talaplary beýan edildi. Neşirde halkara ýörelgelerine we milli däplere laýyklykda konstitusion we hukuk özgertmeleriň barşy beýan edildi. Milli Liderimiz Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetiň sazlaşykly ösüşi, onuň durmuşynyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan düýpli özgertmeleriň aýratynlyklary barada aýtmak bilen, «türkmen döwletliliginiň täze filosofiýasy, Türkmenistanyň ösüşiniň durmuş, ykdysady, medeni-ruhy we ylmy-tehniki ugurlarynyň halkara gatnaşyklarynyň köp maksatly syýasaty bilen jebis, aýrylmaz arabaglanyşygynda öz beýanyny tapdy» diýip belleýär.
Kitapda milli bähbitleri we dünýäniň ykdysady giňişligindäki goşulyşmak boýunça umumy meýillerini nazara almak bilen, ýurduň innowasion ykdysadyýetiniň ösüşiniň, eýeçiligiň dürli görnüşlerini we adamyň işewür, döredijilik başlangyçlaryny höweslendirmegiň düýpli meseleleri jikme-jik beýan edildi. Türkmenistanda tizleşdirilen senagatlaşdyrmagy amala aşyrmaga, ylmy-tehniki ösüşiň öňdebaryjy gazananlaryny we daşary ýurduň iň oňat önümçilik tejribesini ornaşdyrmaga alnan ugur, döwletimiziň ykdysady garaşsyzlygyny pugtalandyrmaga hyzmat edýär. Şonuň üçin hem, ýurdumyzda ýangyç-energetika we obasenagat toplumlary, dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklar, ulag we maglumat-aragatnaşyk düzümler çalt ösýär.
9-njy kitapda seredilen giň gerimli meseleleriň içinde ýurduň durmuş ulgamyna uly üns berildi. Halkymyzyň abadan, ähli babatda mynasyp durmuşda ýaşamagy barada alada etmek milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içerki syýasatynyň düýp özeni bolup durýar. Döwletimiz bu asylly maksada ýetmek üçin pul serişdelerini gaýgyrmaýar. Býujetiň 80 göterime çenli serişdesi jemgyýetçilik we durmuş maksatly zerurlyklary maliýeleşdirmäge – bilime, ýaşaýyş jaý-jemagat hojalygyna, saglygy goraýşa, durmuş üpjünçiligine, medeniýete we beýleki ugurlara gönükdirilýär.
Kitapda her ýyl zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň we talyp haklarynyň ýokarlanmagynyň we halkyň sarp edýän harytlarynyň we raýatlara edilýän hyzmatlaryň durnukly nyrhlarynyň saklanýan çäklerinde telekeçiligi ösdürmegiň hasabyna ilatyň girdejileriniň we satyn alyjylyk ukyplarynyň ösüşi beýan edildi. Dünýäde dowam edýän çökgünlik ýagdaýlaryna garamazdan, ýurdumyzda ilaty durmuş taýdan goramak ulgamy ösdürilýär, ilat uly ýeňilliklerden peýdalanýar, hususan-da, gazdan, elektrik togundan, suwdan, jemagat-hojalyk we ulag hyzmatlaryndan peýdalanýarlar. Bu ýeňillikleriň bolsa dünýade deňi-taýy ýokdur.
Uzak ýyllaryň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyna ýolbaşçylyk eden we häzirki wagtda-da, bu möhüm ulgama uly goldaw berýän milli Liderimiz «her bir döwletiň durmuş-ykdysady kuwwaty, medeni ösüşi jemgyýetiň sagdynlygy, beden we ruhy taýdan sazlaşykly ösmegi bilen berk baglanyşyklydyr» diýip hasaplaýar. Hormatly Prezidentimiz ata-babalarymyzyň tejribesini hem-de dünýä saglygy goraýşynyň döwrebap meýillerini özünde jemlän lukmançylygy ösdürmegiň özboluşly milli nusgasyny döretdi.
Ýokary derejeli we netijeli lukmançylyk kömegi halkara ülňüleriniň derejesinde üpjün edildi. Netijede, eger-de, öň lukmanlar näsaglaryň ömrüni uzaltmagyň üstünde işlän bolsalar, indi olar ömrüň hilini gowulandyrmak we adamlaryň zähmete ukyplylygyny saklamak ugrunda zähmet çekýärler.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň nobatdaky kitaby ýurdumyzda bilim ulgamyny düýpli özgertmek babatda maglumatlary öz içine aldy. Olarda bilim ulgamynda dünýä ülňülerine laýylykda ýaşlary okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek we hilini ýokarlandyrmak, okuwa innowasion çemeleşmeleri we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny giňden ornaşdyrmak, bilim-terbiýeçilik ulgamynyň düzümini döwrebaplaşdyrmak, mugallymçylyk boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak babatda ähli zerur şertler döredildi.
Kitapda döwlet Baştutanymyzyň saldamly goldaw bermegi bilen, ýurdumyzyň ylmy edaralarynyň maddy-enjamlaýyn we barlaghana binýadynyň berkidilýändigi, alymlaryň hünär zähmetiniň abraýynyň ýokarlanýandygy, ylmy döredijilik bilen işjeň meşgul bolmaga we ylma zehinli ýaş alymlary çekmäge mümkinçilikleriň giňelýändigi, bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygynyň ösýändigi görkezildi.
Neşirde milli Liderimiz tarapyndan milli medeniýetimiziň hemmetaraplaýyn ösüşine, aýdym-saz sungatyna, medeni gymmatlyklaryň nesilden-nesle geçmegine, Medeniýet köşkleriň we öýleriň, teatrlarlaryň, muzeýleriň, kitaphanalaryň we beýleki medeni edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak üçin amala aşyrylýan giň gerimli çärelere, bu ulgam üçin zehinli hünärmenleriň taýýarlanmagyna berýän uly ünsüne şaýatlyk edýän maglumatlar getirildi. Hut şu ýerde türkmen medeniýetiniň umumadamzat gymmatlyklar, ähli oňat we ynsanpewer zatlar üçin açyklygy, ýurdumyzyň baý intellektual we ruhy-döredijilik mümkinçiliklere eýe bolan öňdebaryjy döwlet hökmünde döwrebap at-abraýynyň kemala gelmeginde möhüm orun eýeleýänligi, Türkmenistanyň halkynyň beýleki döwletleriň halklary bilen dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny geljekde ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygy bellenilýär.
«Häzir bütin dünýäde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine uly hormat bilen garalýar. Döwletimiziň daşary syýasatynyň esasyna öwrülmek bilen, ol ýurdumyzyň ykdysady ösüşini we abadançylygyny, mähriban halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň ygtybarly binýadyny üpjün etmegiň möhüm alamaty hökmünde çykyş edýär» diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belleýär. Kitapda «Garaşsyz Watanymyz bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýerip, dünýäde parahatçylygy goramaga uly goşant goşýar. Dünýä parahat bolsa, saçaklarymyz bereketli bolar. Halkymyz abadan we bagtyýar durmuşda ýaşar. Berkarar Watanymyz gülläp öser» diýip, döwlet Baştutanymyzyň aýdan sözlerini tassyklaýan mysallar getirildi.
Kitaby 2015-nji ýylda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçen wajyp wakalaryň gysga fotosenenamasy jemleýär, ol täze döwrüň galkynan ruhuny suratlandyrýar.
Neşirde dürli çeşmelerden alnan baý maglumat beriji we ylmy-seljeriji maglumatlar ýerleşdirildi. Ol döwlet häkimiýet we hojalyk dolandyryş edaralarynyň işgärlerine, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň işjeňlerine, alym-jemgyýetşynaslara we hukukşynaslara, mugallymlara we ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryna, aspirantlara, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistlerine uly goldaw berer.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň saýlanan eserleriniň 9-njy kitaby Türkmenistanyň Prezidentiniň arhiwiniň baş hünärmenleri tarapyndan neşire taýýarlanyldy, neşiriň türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap hökmünde çapdan çykmagy, ony biziň ýurdumyzda we daşary ýurtlarda okyjylaryň giň köpçüligine elýeter edýär. Kitaby iňlis dilinde hem neşir etmäge taýýarlyk görülýär.