19.9 C
Aşkabat
01.05.2024
DURMUŞ

Salgyt Ulgamy Garaşsyz Durmuş-Ykdysady Ösüşiň Guraly

Milli salgyt syýasatynyň netijeliligi köp babatda döwletiň ykdysadyýetiniň durnukly ösüşini kesgitleýär, aýlyk zähmet haklarynyň we durmuş kömek pullarynyň artdyrylmagy türkmenistanlylaryň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak üçin goşmaça mümkinçilikleri döredip, onuň maliýe binýadyny berkidýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtaýar.

Salgyt syýasaty döwlet durmuşynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenendir, çünki ýurtda ösen durmuş düzüminiň üpjün edilmegi, saglygy goraýyş, bilim, durmuş, jemagat hojalygy edaralarynyň işi, milli ykdysady maksatnamalaryň we uly möçberli senagat taslamalaryň durmuşa geçirilişi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr.

Munuň özi şeýle hem pensiýalardyr, çaga üçin berilýän kömek pullarydyr, köp çagaly maşgalalary we maýyplygy bolan adamlary, ýetim çagalary durmuş taýdan goldamakdyr, şäher we oba ýerleriniň abadanlaşdyrylmagydyr, dynç alşyň medeni we sport çäreleriniň guralmagydyr we ençe-ençe beýlekilerdir. Bulara salgytlaryň tölenmeginden emele gelýän býujet serişdeleri gönükdirilýär. Salgytdan gelip gowuşýan serişdeler howpsuzlygy, maliýe durnuklylygyny we döwletiň Garşsyzlygyny, ählumumy çökgünliligiň ýaramaz täsirleriniň öňünde onuň ykdysady ulgamynyň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berýär. Bu bolsa häzir aýratyn möhümdir.   

Şoňa görä-de, milli Liderimiziň başyny başlan uly möçberli özgertmeler maksatnamalary babatda ýurdumyzda häzirki  zaman ýagdaýlarynyň talaplaryna laýyklykda milli salgyt kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar, diňe bir salgyt gulluklarynyň işgärlerine däl, eýsem-de, bähbitleri we hukuklary döwlet tarapyndan goralan salgyt töleýjilere-de örän takyk düşnükli bolup biljek salgyt ulgamyny ýönekeýleşdirmek boýunça wezipeler çözülýär.

Düzgünleri we girizilýän täzelikleri düşündirmek, salgytlary öz wagtynda we doly tölemek babatda jogapkärçilikli raýat garaýyşlaryny kemala getirmek, salgyt medeniýetini terbiýelemek we ilatyň salgyt sowatlylygyny ýokarlandyrmak Türkmenistanyň Baş döwlet salgyt gullugy tarapydan neşir edilýän hünär ugurly žurnalyň esasy wezipesidir. Onuň neşirleri, şeýle hem seljerijilere we bilermenlere ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň esaslaryna çuňňur düşünmäge, onuň okgunly öňe gitmeginiň alamatlaryny hem-de özboluşlylygyny açmaga kömek edýär.

“Türkmenistanyň salgyt ulgamy” atly žurnalyň çapdan çykan nobatdaky sany ýurdumyzyň garaşsyz ösüşiniň 25 ýyly içinde bu ulgamyň ýagdaýyna berilýän syn bilen açylýar. Onda getirilen maglumatlar arkaly umumy durmş-ykdysady syýasatyny durmuşa geçirmegiň we goldamagyň, olaryň bazar gatnaşyklarynyň kemala gelşine täsir edişiniň guraly hökmünde salgytlaryň tutýan orny açylyp görkezilýär.

“Beýik maksatlaryň we uly üstünlikleriň ýyllary içinde Türkmenistanyň salgyt ulgamynyň ösüşi” diýen makalada salgyt syýasatynda öz nusgamyzyň döredilmeginiň, anyk şertler hem-de wezipeler nazara alnyp, onuň kämilleşdirilmeginiň esasy tapgyrlary beýan edilýär.

Şol wezipeleriň hatarynda ýurdumyzyň haryt önümçiligini artdyrmak, daşarky täze bazarlara çykmak, senagat pudagynda maýa goýumlary höweslendirmek, telekeçilik işini goldamak, ilatyň girdejilerini artdyrmak we durmuş kepillikleriniň ýokary ölçeglerini üpjün etmek, sarp edijileriň ýokary tölege ukyplylygyny goldamak wezipeleri bar.

Ýurdumyzyň Salgyt kodeksiniň düzgünleri milli ykdysadyýetiň aýratynlyklarynyň halkara salgyt tejribesi hem-de hereket edýän hukuknamalary nazara alnyp işlenip taýýarlanyldy, onuň syýasy binýady hökmünde bolsa Türkmenistanyň Konstitusiýasy kesgitlenildi.

Şonuň bilen birlikde, bellenilişi ýaly, salgyt ulgamy salgytlaryň möçberlerini azaltmagyň bähbidine yzygiderli kämilleşdirildi. Ulanylýan salgytlaryň möçberi azaldyldy we şeýlelikde, Kodeksde salgytlaryň 6 görnüşi, ýerli ýygymlaryň 5 görnüşi kesgitlenildi.

Ýeterlik derejede sada we düşnükli bolmak bilen salgyt kanunçylygy salgytlary tölemek boýunça öz Konstitusion borçlaryny ýerine ýetirende salgyt töleýjileriň ugur almaly salgytlary tölemegiň düzgünini hem-de tertibini kesgitleýär.

Türkmenistanyň Salgyt syýasaty, bir tarapdan, salgyt kanunçylygynyň usullaryny kämilleşdirmegi hem-de onuň berjaý edilmegine gözegçiligi güýçlendirmegi, salgytlary tölemegi üpjün etmek boýunça çäreleri ýerine ýetirmegi göz öňünde tutýar, beýleki tarapdan bolsa, salgytdan düşýän agramy azaltmaga, maýa goýum işlerini, senagatyň strategik pudaklaryny höweslendirmäge, hususy telekeçileriň bähbitlerini goramaga we olary goldamaga gönükdirilendir.

Muňa oba hojalyk pudagynda berilýän salgyt ýeňillikleri aýdyň subutnamadyr. Mysal üçin, oba hojalyk kärhanalary emläk üçin salgytdan, ýuridiki taraplar girdeji üçin salgytdan boşadylýarlar. Munuň özi, şeýle hem bilime, saglygy goraýşa, derman senagatyna we dikeldiş ulgamyna degişlidir. Mundan başga-da, Türkmenistanda esasan käbir sebäplere görä,  durmuş taýdan goldawa mätäç bolan raýatlar girdeji üçin salgytdan doly ýa-da bölekleýin boşadylýarlar.

Ýerine ýetirilişiniň ähli tapgyrlarynda ilkinji zerurlyk hökmünde ulanylýan azyk önümleri goşulan baha üçin salgytdan boşadylýar. Munuň özi gündelik ulanylýan azyk önümleriniň bahasynyň ýokarlanmagyna ýol berilmezligine köp babatda oňyn täsir edýär. Elde dokalan haly we haly önümleri, saryja goýunlaryň ýazky gyrkymynyň ýüňleri hem-de şol ýüňden edilen ýüplükler ýerlenende hem goşulan baha üçin salgyt tölenmeýär. Bu çäreleriň ählisi esasynda ussat türkmen gelin-gyzlarynyň ýadawsyz zähmeti duran milli halyçylyk sungatyny ösdürmegi goldamaga gönükdirilendir.

“Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda işlemek üçin degişli salgyt şertleri kesgitlenendir. Başgaça aýdylanda, döwlet salgytlarynyň kömegi bilen kärhanalaryň, telekeçileriň we raýatlaryň salgytlarynyň belli bir bölegi önümçilik we durmuş düzümlerini ösdürmäge, iri maýa goýumlaryny talap edýän käbir pudaklary we taslamalary maliýeleşdirmäge gönükdirilýär. Gaz, suw, elektroenergiýa, durmuş we ulag hyzmatlary üçin pes tölegler, yzygiderli ýokarlandyrylýan aýlyk zähmet haklary, talyp haklary, pensiýalar we döwlet kömek pullary bularyň hemmesi hem ilaty durmuş taýdan goldamak boýunça döwlet çäreleriniň toplumyna girýär.

Hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, salgytlaryň sanynyň azaldylandygyna hem-de salgyt binýadynyň möçberiniň peseldilendigine garamazdan, Döwlet býujetiniň girdeji bölegi boýunça meýilnama üstünlikli ýerine ýetirilýär. Bu bolsa milli salgyt syýasatynyň ýokary netijelidiginden habar berýär. Sebäbi salgyt salmagyň esasy täsiri salgyt gatnaşyklarynyň ulgamyndan daşarda amala aşyrylýar: salgytlaryň neneňsi ýygnalyşy beýle möhüm däl-de, salgytdan gelip gowuşýan serişdeleriň nädip we haýsy maksatlar üçin sarp edilýändigi möhümdir.   

 

Žurnalyň nobatdaky sanyny “Düşündirişler” diýen däp bolan bölüm dowam edýär. Onda, hususan-da, bilelikdäki işleri amala aşyrýan fiziki taraplaryň girdejilerine salgyt salmakda hem-de olara salgyt salmagyň ýönekeýleşdirilen ulgamyny ulanmakda salgytlary hasaplamak we tölemek babatda Türkmenistanyň Salgyt kodeksiniň aýry-aýry düzgünlerini peýdalanmagyň meseleleri boýunça ynamly dşündirişler we maslahatlar berilýär. Şeýle hem bu ýerde Baş döwlet salgyt gullugynyň hem-de Maliýe ministrliginiň býujet guramalary üçin harytlary muzdsyz geçirmek (işleri, hyzmatlary ýerine ýetirmek) babatda gelip gowuşýan ýüztutmalara jogap edilip berilýän habarlar, şeýle hem awtoduralgalaryň eýelerine ýygym salmak boýunça maglumatlar we beýlekiler çap edilipdir.

Okyjy “Sorag-jogap” bölüminde hem ençeme peýdaly maglumatlary tapyp biler. Bu bölüm salgyt dolanyşygynyň aýratynlyklaryny öwrenmek we ol ýa-da beýleki anyk ýagdaýda salgyt kanunçylygyny peýdalanmak boýunça özboluşly okuw goldanma gönüşindedir.

Şeýlelikde, maliýe-ykdysady neşir giň okyjylar köpçüligine diňe bir salgyt ulgamyndaky soňky üýtgeşmeler bilen hemişe tanyş bolmaga däl, eýsem, tejriberi hünärmenlerden ýokary derejeli hukuk kömegini almaga mümkinçilik berýär. Jurnal salgyt edaralarynyň, geňeşçileriň we salgyt töleýjileriň arasynda hünär taýdan aragatnaşyk saklamagyň aýratyn giňişligini döretmegini dowam edýär.

Pudak edarasynyň neşiriniň her bir sany ýurdumyzyň salgyt ulgamynyň sazlaşykly ykdysady ýokarlanyşyň we jemgyýetçilik ösüşiniň guralyna öwrülip, önümçilik pudaklarynyň, maýa goýum işleriniň giňeldilmegi hem-de türkmen halkynyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlandyrylmagy üçin neneňsi şertleriň döredilýändigini görkezýär.

Türkmen, iňlis we rus dillerinde çykýan “Türkmenistanyň salgyt ulgamy” žurnalynyň maglumat-hukuk taýdan mazmunyna neşiriň döwrebap işewür görnüşinde bezelişi hem laýyk gelýär. 

Degişli makalalar

Türkmendemirýollary: Biletleri Yzyna Gaýtarmak Mümkünmi?

turkmenhabargullugy

“Garaşsyzlygyň Merjen Däneleri”

syrach

Palwan Muhyýew

turkmenhabargullugy