Eýran Ýewropanyň gaz bazaryndan Russiýany gysyp çykarmagy maksat edinmeýär. Bu barada Eýranyň nebit ministriniň gaz çykarmak meseleleri boýunça orunbasary, Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň dolandyryjy direktory Hamid Reza Araki beýan etdi. Bu barada Russiýanyň nebitgaz habarlar agentligi habar berýär.
«Eýran ýewropa bazarlaryna suwuklandyrylan tebigy gaz arkaly çykmagy meýilleşdirýär, Russiýa bilen bäsleşmek ýa-da bu bazarda onuň ornuny almak meýlimiz ýok. Biz muny maksat edinmeýäris» diýip bellemek bilen ol tebigy gaz satmak üçin Eýranyň öz bazarlarynyň bardygyny nygtady.
Arakiniň sözlerine görä, häzirki wagtda gaz satmak boýunça Eýranyň dünýädäki paýy 1 göterime deň. «Bu görkeziji 10 göterime çenli artdyrylmaly» diýip ministriň orunbasarynyň sözlerini Shana agentligi getirýär.
Şeýle hem ol häzirki wagtda Eýranda her günde 600 million kub metr gaz çykarylýandygyny, emma geljek dört ýylyň içinde bu görkezijini iki esseden hem köp artdyryp, şol sanda Pars aýlagyndaky ägirt uly Günorta Pars gaz käninde önümçiligiň depginini artdyrmagyň hasabyna 1,26 milliarda ýetirmegiň meýilleşdirilýändigini habar berdi. «Biz eýýäm indiki ýylda bu kände gazyň çykarylyşynyň derejesi boýunça Kataryň yzyndan ýetmegi meýilleşdirýäris» diýip, kompaniýanyň ýolbaşçysy belledi.
Katar Günorta Pars käninde 1990-njy ýyllarda nebit çykaryp başlady, Eýran bolsa diňe 2000-nji ýyllarda başlapdy. Eýran çeşmeleriniň maglumatlaryna görä, Katar 2015-nji ýylda bu känden – 177 milliard kub metr, Eýran bolsa – 132 mlrd, ýagny Kataryň çykaranynyň 75 göterimini çykarypdyr.