14.9 C
Aşkabat
05.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Mejlisi Iki Gezek Salgyt Salynmagyny Aradan Aýyrmak Boýunça Germaniýa Bilen Ylalaşygy Tassyklady

«Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasynda Ylalaşygy tassyklamak hakynda» Karar Türkmenistanyň Mejlisiniň bäşinji çagyrylyşynyň on altynjy maslahatynda kabul edildi.

Habar berlişi ýaly, Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda hökümetara ylalaşyk Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2016-njy ýylyň 29-30-njy awgustda GFR-e iş saparynyň çäklerinde gazanyldy.

Şol wagt hem Türkmen-german işewürler maslahaty geçirildi, onuň  dowamynda iki ýurduň kompaniýalarynyň, edralarynyň we düzümleriniň arasynda resminamalaryň we ylalaşyklaryň birnäçesine gol çekildi. Şolaryň arasynda «Türkmengaz» DK-synyň «ILF Beratende Ingenieure GmbH» kompaniýasynyň «CIFAL GROUPE Deutsehland GmbH» bilen hyzmatdaşlykda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; şeýle hem«Türkmengaz» döwlet konserni bilen «Siemens Aktiengesellschaft» kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekdi.

Maslahatda Türkmenistan bilen GFR-iň arasyndaky haryt dolanyşygynyň 2015-nji ýylda 306 million amerikan dollaryna barabar bolandygy bellenildi. Maslahatda onuň möçberlerini mundan beýläk-de artdyrmaga gönükdirilen çäreler kesgitlendi.

Häzirki döwürde Türkmenistanda Germaniýanyň işewürleriniň gatnaşmagynda umumy bahasy 540 million amerikan dollaryna we 555 million ýewro bolan maýa goýum taslamalarynyň we şertnamalarynyň 167-si hasaba alyndy.

Maslahatyň çäklerinde sebitara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek, şeýle hem energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk strategik ugurlaryň hatarynda görkezildi. Mälim bolşy ýaly, uglewodorod serişdelerini ibermegi diwersifikasiýalaşdyrmagy maksat edinýän Türkmenistan türkmen tebigy gazyny daşarky bazarlara, şol sanda ýewropa bazarlaryna çykarmagyň köpugurly ulgamyny döretmegiň tarapdary bolup çykyş edýär.

TOPH gaz geçirijisiniň, tebigy gazy gaýtadan işlemek boýunça täze gazhimiýa toplumlarynyň gurluşygy hem-de onuň esasynda taýýar önüm öndürmegi nazara almak bilen Germaniýanyň nebitgaz senagaty üçin enjamlary öndürýän kompaniýalary üçin ägirt uly mümkinçilikler açylýar. Senagat, materiallaryň we tehnologiýalaryň önümçiligi babatynda Germaniýanyň «Thyssen Krupp», «Bosh» we beýleki iri senagat konsernleri ýurdumyz üçin geljegi uly hyzmatdaşlar hasaplanylýar.

Aşgabat elektrostansiýalaryň gurluşygyna we Türkmenistanyň elektroenergetik düzüminiň ösdürilmeginde «RWE» konserni bilen gatnaşyklary ýygjamlaşdyrmak, şeýle hem german kompaniýalaryny Türkmenistandan Owganystan we Pakistana elektrik geçiriji ulgamlary çekmek boýunça taslamalara gatnaşmaga çekmek boýunça meseleleri maslahatlaşýar.

«Berlin-Chemie», «Basf», «INROS LACKNER», «Lufthansa Cargo», филиалы «Wintershall Holding», «RWE», «MAN Ferrostaal», «Siemens», «Daimler», «Claas», «Rohde & Schwarz», «Dresser-Rand» ýaly köpsanly german kompaniýalary Türkmenistanda iri taslamalary durmuşa geçirmekde uly goşant goşýar.

GFR-e iş saparynyň çäklerinde federal kansler Angela Merkel bilen bolan duşuşygynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmagy ylalaşdylar we ýangyç-energetika toplumy, ulag, senagat ulgamy, elektroenergetika, aragatnaşyk we telekommunikasiýa, oba hojalygy, derman senagaty we beýleki ulgamlar boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Baştutany bilen gepleşikleriň barşynda türkmen gazyny Ýewropa çykarmagyň mümkinçilikleri baradaky meseläni maslahatlaşmak bilen A.Merkel bu mesele boýunça çözgütleri tapyp boljakdygyny belledi.

Häzirki wagtda Transhazar gaz geçirijisiniň üsti bilen 10-dan 30 milliard kub metr gaza çenli türkmen tebigy gazyny Ýewropa ibermegiň mümkinçilikleri maslahatlaşylýar. Taýýar önümi paýlaşmak hakyndaky ylalaşygyň şertlerine laýyklykda «RWE» german konserni Hazar deňziniň türkmen böleginde uglewodorod serişdeleriniň barlagyny geçirýär.

Degişli makalalar

Parlamentara Gatnaşyklaryny Ösdürmek Ýoly Bilen

syrach

Türkmenistanyň we Katar Döwletiniň Arasyndaky Hyzmatdaşlygyň Meselelerine Garaldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet Howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirdi we harby okuw merkezine bardy

syrach