37.9 C
Aşkabat
16.06.2025
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistan-BMG: ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk ösdürilýär

   Türkmen paýtagtynda Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak meselelerine bagyşlanan sebitleýin maslahat öz işine başlady. Iki günlük ekologiki maslahat BMG-niň daşky gurşaw boýunça maksatnamasynyň (ÝUNEP) goldamagynda Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi tarapyndan geçirilýär. Duşuşyga Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Russiýanyň we Eýranyň döwlet tebigaty goraýyş edaralarynyň bilermenleri, ÝUNEP-iň, BMGÖM-niň we beýleki halkara guramalarynyň wekilleri gatnaşýarlar.

Hazar sebiti häzirki wagtda kuwwatly energetiki, ulag we kommunikasion halka bolmak bilen ýewraziýa giňişliginde möhüm geosyýasy we ykdysady merkezleriň biridir. Bu ýerde derwaýys durmuş ulgamy bolan ekologiýa howpsuzlygynda anyk hukuk kadalaryna, deňhukuklyga, ähli hazarýaka döwletleriniň bähbitleriniň özara nazara alynmagyna esaslanan ylalaşylan halkara hyzmatdaşlygyny ýoly goýmak has möhüm bolup durýar.

Bu gün sebitde energetika syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Hazar deňziniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, onuň baý haýwanat we ösümlük dünýäsini gorap saklamakda we köpeltmekde, deňizýakasynyň bereketli topragynyň ägirt uly mümkinçiliklerinden has netijeli peýdalanmak, daşky gurşawyň howpsuzlygy hem-de netijeli hereket etmegiň ugurlaryny we ýörelgelerini kemala getirmek boýunça möhüm halkara merkezine öwrülýär. Şunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça şu ýylyň fewralynda Aşgabatda geçirilen “Hazarüsti turbageçirijileriň ekologiki meseleleri” atly Halkara maslahatynyň ähmiýetini bellemek bolar. Türkmen topragynda dünýäniň köp ýurtlaryndan alymlary we hünärmenleri bir ýere ýygnan maslahat sebitiň daşky gurşawyň abadançylygyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda öňe süren Türkmenistanyň halkara derejesindäki belent abraýynyň nobatdaky aýdyň tassyklamasyna öwrüldi. Daşky gurşawyň meselelerini sazlaşykly çözmek bilen Hazaryň kenarynda emele gelýän “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyny döretmek boýunça özboluşly taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi müňýyllyklaryň dowamynda emele gelen tebigy täsinlikleredir gözelliklere aýawly çemeleşmegiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Tähran konwensiýasynyň Wagtlaýyn sekretariatynyň ýolbaşçysy Fris Şlingemannyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň halkara ekologiki maslahatlary, hususan-da, ýer üsti çeşmeler arkaly hem-de gury ýerde alnyp barylýan işler netijesinde Hazar deňziniň hapalanmagynyň öňüni almak boýunça Teswirnamanyň—Tähran konwensiýasynyň esasy resminamalarynyň birini taýýarlamak boýunça maslahat beriji duşuşyklary geçirmekde toplan oňyn tejribesi ýene-de türkmen paýtagtyny konwensiýa boýunça hereket etmegiň Milli meýilnamalaryny taýýarlamak boýunça ilkinji sebitleýin maslahatyň geçirilýän ýeri hökmünde kesgitledi.

Maslahatyň birinji gününde deňiz gurşawyny goramak, onuň biologik köpdürlüligini aýawly saklamak we artdyrmak, tebigy serişdeleri dolandyrmak boýunça kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, goraghana çäklerini we tebigy ýadygärlikleri goramak, ilatyň ekologik bilim derejesini ýokarlandyrmak boýunça ileri tutulýan wezipeler we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Halaç Etrabynda Agyz Suw Zawody Işe Girizilmäge Taýýarlanylýar

Gazy gaýtadan işleýän zawodyň we elektrik stansiýasynyň açylyşy boldy.

syrach

Prezidentimiz milli emeli hemranyň Dolandyryş merkezine baryp gördi.

syrach