19.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Täze ýollar barha uzaýar.

Ulag ulgamyny abadanlaşdyrmak boýunça uly göwrümli iş geçirilen Balkan welaýatynyň S.Türkmenbaşy etrap merkeziniň Bitaraplyk ýolunyň ugrunda ýol işleri alnyp barylýar. Birnäçe kilometrlikde ýerleşýän Akdaş şäherçesinde ýoluň gatnalýan böleginiň durky täzelenip başlanyldy. Ýol gurluşykçylarynyň öňünde asfaltbetonly örtgi bilen örtülen 4200 metr ýoly täzeden diýen ýaly çekmek wezipesi durýar. 

Häzirki zaman ýol gurluşygynda – gül ekilýän ýerli, ýanýodaly we köçäni yşyklandyryjylar bilen gurmaga döwlet we hususy gurluşyk guramalary gatnaşýarlar. Şäherçäniň iki zolakdan ybarat bolan içerki ýoluny çekmek işleri „Türkmenbaşytaslama“ Döwlet taslama institutynyň ýerli şertlere görä bir nusgaly taslamasy boýunça amala aşyrylýar. 

Häzirki zaman ulag ulgamyny döretmek boýunça meýilleşdirilen işler sebitleri ösdürmek boýunça 2020-nji çenli döwür üçin Milli maksatnama laýyklykda alnyp barylýar

 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Koreýa Respublikasynyň Wekiliýeti Bilen Duşuşyk

syrach

Prezidentimiz Welosipedli Ýörişe we Sport Toplumynyň Açylyş Dabarasyna Gatnaşdy

syrach

Ahalteke Bedewi-Beýik Işlerimiziň we Täze Ýeňişlerimiziň Nyşany