25.7 C
Aşkabat
08.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmen Pagtasy Dünýä Bazarynda Öz Ornuny Pugtalandyrýar

Türkmen Pagtasy Dünýä Bazarynda Öz Ornuny Pugtalandyrýar

Sergi-ýarmarkanyň jemleýji güni “ak altyny” eksport edýänler bilen satyn alyjylaryň arasynda geçirilen tanyşdyryş çäreleri we gepleşikler arkaly dowam etdi. Sergä gatnaşyjylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary ýurdumyzda öndürilen dokma önümleriniň hili we olaryň aýratynlyklary bilen tanyşmak bilen çäklenmän, eýsem, özüne ýaran nusgalary satyn aldylar. Ýarmarkanyň barşynda ýurdumyzyň hususy kärhanalarynda öndürilen dürli görnüşli et-süýt we gök, çörek-bulka önümlerinden dadyp görmek we olary satyn almak mümkinçiligi döredildi.

Halkara sergi-ýarmarka we maslahat obasenagat toplumynda giň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň, pudaga maýa goýumlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary çekmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi. Geçirilen netijeli duşuşyklar, öňe sürlen täze taslamalar we teklipler, pudaklaýyn forumyň barşynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar täze şertnamalaryň baglaşylmagyna ýol açyp, işewür gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ýardam eder.

VI Halkara sergi-ýarmarka hem-de “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahata gatnaşyjylara dabaraly ýagdaýda diplomlar we şahadatnamalar gowşuryldy. Forumyň işiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler we bildirilen myhmansöýerlik hem-de çäräniň ýokary guramaçylyk derejesi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

syrach

Galla Oragynyň Öň Ýanynda Ýurdumyzyň Oba Hojalyk Tehnikasynyň Üstüne Täze “Jon Deere” Galla Orujy Kombaýnlary Gelip Gowuşdy

Paýtagtly Dokmaçylar Ýaz Eşikleriniň Tapgyryny Çykarmaga Girişdiler

turkmenhabargullugy