10.3 C
Aşkabat
01.03.2026
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi

Türkmenistanyň ýaşlarynyň ylym-bilim başarnyklaryny açyp görkezmek, türkmen halkynyň medeni-taryhy we ruhy gymmatlyklaryny dünýä ýaýmak, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini höweslendirmek, şeýle hem ylym, bilim, sport we medeni çärelere gatnaşyjylary sapara ugratmak bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmegi düzgünleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda ylym, bilim, sport, medeni we beýleki köpçülikleýin çärelere gatnaşyjylary sapara ugratmak bilen bagly çykdajylary maliýeleşdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Ylym, bilim, sport, medeni we beýleki köpçülikleýin çärelere gatnaşyjylary sapara ugratmak bilen bagly çykdajylary ugradýan taraplar—Türkmenistanyň Döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň Döwlet býujetinde göz öňünde tutulan serişdeleriň hasabyna, hojalyk hasaplaşygyndaky kärhanalaryň we guramalaryň bolsa öz serişdeleriniň hasabyna maliýeleşdirmegi bellenildi.

* * *

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Ýewropa Bileleşigi—Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçiriljek syýasy gepleşiklere gatnaşmak üçin, 2011-nji ýylyň 7-nji aprelinde Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde gulluk iş saparynda bolar. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Badhyz we Köýtendag Döwlet Goraghanalarynyň Çäkleri Giňeldildi

syrach

“Rönesans Holding” Kompaniýasynyň Ýolbaşçysy Geljegi Uly Türkmen Bazarynda Tutýan Ornuny Pugtalandyrmaga Uly Gyzyklanma Bildirýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti “Iş Kesilenleriň Mukaddes Gadyr Gijesi Mynasybetli Günäsini Geçmek Hakynda” Permana Gol Çekdi

turkmenhabargullugy