20.9 C
Aşkabat
03.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti Karara Gol Çekdi

Türkmenistanyň Prezidentiniň edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň, zehinli çagalaryň arasynda yglan eden “Türkmeniň Altyn asyry” atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň şanly 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşigine ýurdumyzyň welaýatlaryndan, Aşgabat şäherinden gatnaşan ýaş aýdymçylaryň arasyndan Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynda türkmen halkynyň milli medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine goşant goşjak, geljekde sungat äleminiň ýyldyzlary bolup ýeitişjek zehinli aýdymçylar ýüze çykaryldy.


“Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginde ýokary ussatlyk görkezip, aýratyn tapawutlanan aýdymçylary sylaglamak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, ýurdumyzyň şu raýatlary “Ýaňlan, Diýarym!” telebäsleşiginiň ýeňijileri diýlip yglan edildi we her bir ýeňiji Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry bilen sylaglanyldy:


Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň “Merdana nesiller” aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Döwran Arslanowiç Annamamedow; 


Ahal welaýatynyň Baharly etrabynyň Medeniýet bölüminiň “Halk saz gurallary” halk toparynyň sazandasy Amanmuhammet Berdimuhammedowiç Nazarow; 


Balkan welaýat  ýörite sungat mekdebiniň talyby Umytmyrat Baýramgylyjowiç Annameredow; 


Daşogzuň Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň talyby Bilbil Rahimowna Tagandurdyýewa;


Lebap welaýat Garabekewül etrabynyň medeniýet merkeziniň folklor tans toparynyň artisti Jemal Döwlet gyzy Saparowa; 


Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynyň medeniýet merkeziniň tansçysy Sähetmyrat Geldimyradowiç Gurbangeldiýew.

*** 

Türkmenistanyň Mejlisi “Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryny bellemek hakynda”, “Serhetlerde ýükleriň barlagyny geçirmegiň şertlerini ylalaşmak hakynda halkara Konwensiýasyna goşulmak hakynda”, “Gury portlar» hakynda hökümetara Ylalaşygyna goşulmak hakynda”, “Girdejiler we emläk üçin salgytlar babatda iki gezek salgyt salynmagyny aradan aýyrmak hakynda Türkmenistan bilen Germaniýa Federatiw Respublikasynyň arasyndaky Ylalaşygy tassyklamak hakynda”, “2015-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna Gatnaşyjy ýurtlaryň 21-nji maslahatynyň çäginde makullanan «Pariž Ylalaşygyny» tassyklamak hakynda” Kararlary kabul etdi.

***

Türkmenistanyň Mejlisiniň Kararlaryna laýyklykda Atamyrat Baýmyradowiç Taýlyýew Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň başlyklygyna saýlanyp, ol Türkmenistanyň Mejlisiniň Adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak baradaky komitetiniň başlygy wezipesinden boşadyldy.



 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna Sapary Aamala Aşyrylar

syrach

“Türkmentelekom” Aşgabat Aziýadasynyň Aragatnaşyk Ulgamlarynyň Üznüksiz Işlemegini Üpjün Eder

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi.

syrach