25.9 C
Aşkabat
17.06.2025
SPORT

Türkmen kikboksçylarynyň dünýäniň Kubogy ugrundaky ýaryşda gazanan üstünligi

Dünýä Kubogy ugrunda Segetde (Wengriýa) geçirilen ýaryşda türkmen kikboksçylary medallaryň altysyna mynasyp boldular. Bu ýaryş Kikboksçylar guramasynyň Bütindünýä assosiasiýasynyň (WAKO) howandarlygynda 15 ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Bäsleşige türkmen sportçylarynyň ýedisi gatnaşdy. Altyn medallara aşgabatlylar Çary Çaryýew (51 kilograma çenli agramda), Şameret Hallyýew (54 kilograma çenli agramda) we Türkmenabadyň kikboksing mekdebiniň türgeni Muhammet Altybaýew (60 kilograma çenli agramda) mynasyp boldular.

Kümüş baýraklary Aşgabatdan Maksatmyrat Alyýew (54 kilograma çenli agramda), Ismail Ataýew (57 kilograma çenli agramda) we Türkmenabatdan Myrat Tohtamyşew (63,5 kilograma çenli agramda) eýelediler.

Türkmen kikboksçylary bilen bu ajaýyp üstünligi topary jogapkärli ýaryşa taýýarlan Türkmenistanyň at gazanan tälimçileri Ý.Haýydow we A.Snagowskiý paýlaşdylar.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistan Fotosuratlary 9

turkmenhabargullugy

“Lebap” Topary Futbol Boýunça Ýetginjekleriň Arasynda Türkmenistanyň Çempiony Boldy

turkmenhabargullugy

Ýapyk Binalarda we Söweş Sungaty Boýunça V Aziýa Oýunlarynyň Üçünji Güni Türkmenistanly Türgenler 62 Medal Gazanmagy Başardylar

turkmenhabargullugy