27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi

Iki dostlukly ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Aşgabadyň Halkara aeroportunda belent mertebeli myhmany resmi adamlar garşyladylar, Owganystanyň Prezidentine duz-çörek hödür edildi, ter gül desseleri gowşuryldy.

Owgan Lideri bu ýerden paýtagtymyzdaky kaşaň “Oguzkent” myhmanhanasynda sapar wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhanasyna tarap ugrady.

Günüň ikinji ýarymynda Owganystan Yslam Respublikasynyň baştutany Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumyna tarap ugrady. Paýtatymyzyň merkezinde bina edilen bu belent binalar toplumy häzirki döwürde sebitiň we dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edilen Aşgabadyň binagärlik keşbine özboluşly öwüşgin çaýdy.

Türkmenistanyň we Owganystanyň Baştutanlarynyň ýokary derejedäki şu günki duşuşygynyň “Oguzhan”Köşkler toplumynda geçirilýändigi bellemäge mynasypdyr. Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 18-nji maýynda Galkynyş, Agzybirlik we Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň hem-de Türkmenistanyň Esasy Kanunynyň—Konstitusiýanyň kabul edilen senesiniň bellenilýän gününde ulanmaga berlen bu toplumyň açylyş dabarasyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy we ol türkmeniň şanly taryhynda möhüm waka boldy.

Belent mertebeli myhmanyň ulag kerweni “Oguzhan” Köşkler toplumynyň resmi kabul edişlik Köşgüniň baş girelgesiniň öňünde saklanýar. Bu ýerde özüniň owgan kärdeşini Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tüýs ýürekden we doganlarça garşy alýar. Iki goňşy ýurduň Baştutanlary dostlarça gadyrly görşüp, Köşgüň döwletli gapysyndan girýärler we haly düşelen ýoda bilen ýöräp, bu ýerde ýörite guralan münbere geçýärler.

Iki döwletiň Baştutanlaryna bu ýerde hatara düzülen hormat garawulynyň serkerdesi dabaraly ýagdaýda raport berýär. Owganystan Yslam Respublikasynyň we Türkmenistanyň Döwlet senalary ýaňlanýar. Türkmen Lideri we belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Döwlet baýdagyna tagzym edýär. Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý hormat garawulynyň hatara duran esgerleriniň öňünden geçýärler.

Türkmen Lideri belent mertebeli myhmany Türkmenistanyň wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşdyrýar. Şeýle hem owgan Lideri biziň ýurdumyzda işleýän diplomatik wekiliýetiň ýolbaşçylary bilen tanyşýar. Soňra Prezident Hamid Karzaý türkmen döwletiniň Baştutanyny Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümet toparynyň agzalary bilen tanyşdyrýar.

Resmi taýdan kabul edişlik we Türkmenistanyň hem-de Owganystanyň Döwlet baýdaklarynyň öňünde surata düşmek dabaralary tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow özüniň owganystanly kärdeşini “Altyn zala” çagyrýar. Ol ýerde ikiçäk görnüşde ýokary derejedäki ikitaraplaýyn gepleşikler boldy.

Türkmen Lideri ýene bir ýola Owganystanyň baştutany bilen mähirli görşüp, häzirki taryhy eýýamda döwletara hyzmatdaşlygynyň däp bolan dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň üsti täze mazmun bilen ýetirilýär dýiip belledi. Türkmenistan mundan beýläk-de goňşy ýurt bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge meýil bildirýär diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen döwletiniň doganlyk Owganystana ykdysady we medeni taýdan galkynmagy ugrunda hemme taraplaýyn kömek bermäge taýýardygyny tassyklady.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we tutuş türkmen halkyna Owganystanyň parahatçylykly ösüşine doganlyk kömegini hem-de işjeň goldawy berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, Prezident Hamid Karzaý owgan halkynyň Bitarap Türkmenistanyň döredijilikli syýasatyna we onuň sebitleýin we ählumumy möçberde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen işjeň başlangyçlaryna ýokary baha berýändigini nygtady. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, Owganystan Türkmenistan bilen dostluk we hoşniýetli gatnaşyklaryna ygrarlydyr we oňa tüýs ýürekden gadyr goýýar.

Söhbetdeşler duşuşygyň barşynda türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de onuň söwda-ykdysady pudagyndaky, ýangyç-energetika toplumyndaky, elektroenergetika, ulag we başga-da birnäçe ulgamlardaky, şeýle hem medeni-gumanitar gatnaşyklardaky ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Sebitde dostluk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk köprüsine öwrüljek Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasyny iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň meseleleri gürrüňdeşligiň aýratyn mowzugyna öwrüldi.

Şeýle hem taraplar sebitleýin we halkara syýasatynyň özara gyzyklanmalara jogap bolup durýan birnäçe möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Özara düşünişmek we ynanyşmak ýagdaýynda geçen gepleşikleriň barşynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý ozal gazanylan ylalaşyklaryň we täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek üçin bar bolan mümkinçilikleriň jähedinde türkmen-owgan hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de işjeňleşdirmek hakynda aýtdylar we goňşy döwletleriň uzakmöhletleýin esasdaky özara peýdaly gatnaşyklary artdyrmaga bolan ikitaraplaýyn meýillerini bellediler.

Prezident Hamid Karzaý Türkmenistanyň Prezidentini özi üçin amatly islendik pursatda Owganystana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Çakylyk minnetdarlyk bilen kabul edildi. Saparyň möhletleri diplomatik ýollar arkaly ylalaşylar.

Soňra gepleşikler “Gorkut ata” Zalynda iki ýurduň hökümet wekiliýetiniň agzlalarynyň gatnaşmagynda giňeldilen düzümde dowam etdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow owgan kärdeşine Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberilen çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

Owganystan biziň iň ýakyn goňşymyz we iň ýakyn hyzmatdaşymyzdyr, türkmen-owgan serhedi hakyky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň nusgasy bolup durýar, bu biziň günlerimizde has-da giň mazmuna eýe bolýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Hamid Karzaýyň Türkmenistana şu gezekki resmi sapary ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has-da ösýändigini aýdyň görkezýär we biziň gatnaşyklarymyz iki döwletiň bähbitlerine hyzmat etmek bilen, sebit hem-de düýnä gatnaşyklary babatda uly ähmiýete eýedir diýip aýtdy.

Owganystanyň Prezidenti bilen bolan ikiçäk söhbetdeşlikde ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň ýollary hem-de iki tarapy hem gyzyklandyrýan beýleki möhüm meseleler barada giňden pikir alyşmalar boldy. Mundan hem başga häzirki zamanyň derwaýys meseleleri, şol sanda sebit gatnaşyklaryny giňeltmegiň möhüm wezipeleri barada biziň garaýyşlarymyzyň kybapdaş gelýändigini kanagatlanma bilen belleýärin diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Türkmen Lideriniň belleýşi ýaly, Türkmenistan ýakyn goňşymyz bolan Owganystanda parahatçylygyň hem-de asuda durmuşyň berkarar bolmagy ugrunda çykyş edýär we bu babatda degişli teklipleri öňe sürýär. Şeýle hem biziň ýurdumyz mundan beýläk-de doganlyk owgan halkynyň abadançylygyna we howpsuz ýaşaýşyna gönükdirilen tagallalary ähli tarapdan, ilkinji nobatda bolsa syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady taýdan we ynsanperwer işler bilen goldamagy dowam eder.

Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prezident Hamid Karzaýy Türkmenistanyň Garaşsyzlygyň 20 ýyllygy mynasybetli guraljak dabaralara gatnaşmaga çagyrdy. Owganystan biziň döwletimiziň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar etdi, iki goňşy halkyň gadymdan gelýän baý taryhy gatnaşyklary şu döwürde täze many-mazmuna eýe boldy diýip belledi. Türkmenistanyň bitaraplygyny ilkinjileriň hatarynda goldap çykyş eden we Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assamleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda kabul eden ýörite kararnamasynyň awtorlarynyň biri hem doganlyk Owganystandyr, biz munuň üçin öz owgan dostlarymyza tüýs ýürekden minnetdardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada bellemek bilen, biziň ýurdumyz hemişelik bitarap döwlet hökmünde iri halkara guramalary, ilkinji nobatda bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär, doganlyk Owganystana goldaw we ýardam bermek meselesinde hem biz Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygyna daýanýarys diýip nygtady.

Soňra ikitaraplaýyn söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň meselelerine degip geçmek bilen, döwlet Baştutany Owganystan bilen ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň yzygiderli artýandygyny kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen baglylykda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow peýdaly gatnaşyklary ösdürmegiň netijeli mehanizmi hökmünde Hökümetara türkmen-owgan toparynyň mundan beýläk-de işjeň hereket etmeginiň zerurdygyny aýratyn nygtady.

Türkmenistan ägirt uly ýerasty baýlyklaryna, aýratyn-da, nebit-gaz gorlaryna eýe bolmak bilen, öz baýlyklaryny dünýä bazarlaryna çykarmak w ony öz halkynyň we tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine ulanmak ugrunda giň gerimli işleri alyp barýar. Siziň bilşiňiz ýaly, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrmak boýunça hem bilelikde uly işler durmuşa geçirilýär, şunuň ýaly taslamanyň amala aşyrylmagy sebit üçin, ilkinji nobatda bolsa, Owganystanyň halky we ykdysadyýeti üçin uly goldaw bolar diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Biziň ýurdumyz diňe energiýa serişdeleri däl, eýsem Demirgazyk-Günorta we Günbatar-Gündogar ugurlary boýunça ýurtlary birleşdirýän ulag geçelgeleriniň çatrygynda ýerleşýär, bu bolsa gyzyklanýan taraplaryň ünsüni özüne çekýär. Bu babatda Türkmenistandan Owganystana tarap täze demir ýoluň gurluşygynyň taslamasy boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Hususan-da uzynlygy 150 kilometrden gowrak boljak bu demir ýoly Atamyrat-Ymamnazar-Akina-Andhoý ugry boýunça gurmak göz öňünde tutulýar. Şu jähetden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýoluň Aziýa yklymynda we bütin dünýäde ýükleriň daşalmagynda möhüm ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynam bildirdi.

Türkmenistandan owgan halky üçin zerur bolan elektrik energiýasyny ibermek hem iki döwletiň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ugur bolup durýar. Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda uly energetika ulgamynyň gurluşygyna başlamak hakyndaky Karara gol çekildi, bu bolsa doganlyk Owganystana iberilýän türkmen elektroenergiýasynyň möçberini 5 esse artdyrmaga mümkinçilik berer, mundan hem başga biziň ýurtlarymyz ýaşaýyş-durmuş, saglygy goraýyş ugurlarynda hem hyzmatdaşlyk etmek arkaly anyk işleri we uly taslamalary durmuşa geçirýärler diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Medeni-ynsanperwerlik ulgamyndaky türkmen-owgan özara gatnaşyklaryny giňeltmek barada aýtmak bilen, milletiň Lideri Owganystanyň raýatlaryny Türkmenistanyň okuw mekdeplerine kabul etmek baradaky ikitaraplaýyn resminamalaryň çäklerinde häzirki wagtda ýurdumyzyň ýokary we orta hünärment mekdeplerinde owgan ýaşlarynyň 76-sy bilim alýar diýip belledi.

Türkmenistan mundan beýläk-de öz mümkinçiliklerine görä, doganlyk Owganystana giňden goldaw bermegini dowam eder, bu bolsa owgan halkynyň abadan durmuşda ýaşamagyna we zähmet çekmegine şertleri döretmekde belli bir derejede goşant boljakdygyna biz ynanýarys, şu nukdaý nazardan ikitaraplaýyn bähbitli gatnaşyklaryň hemme taraplaýyn ösdürilmegi, olaryň netijeli görnüşleriniň bilelikde gözlenmegi we amala aşyrylmagy maksada laýykdyr diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Milletiň Lideri Owganystanyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan çalyşmalaryny doly goldaýandygyny aýtmak bilen, gatnaşyklary ýurduň we halkyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen işler bilen mundan beýläk-de dowam etmäge taýýardygymyzy beýan edýärin diýip belledi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sözüniň ahyrynda iki doganlyk halkyň arasynda ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekde has-da giňeljekdigine we ösjekdigine berk ynanýaryn we doganlyk owgan halkyna parahatçylyk, gülläp ösüş arzuw edýärin diýip nygtady.

Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelip görmäge iberen çakylygy üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, owgan halkynyň adyndan mähirli kabul edilendigi, myhmansöýer türkmen topragynda Owganystanyň hökümet wekiliýetine bildirilen hormat üçin sagbolsun aýtdy. Belent mertebeli myhman Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan netijeli, döredijilikli syýasatyny Owganystan Yslam Respublikasynyň hemmetaraplaýyn goldaýandygyny mälim etdi we döwletara hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Soňky ýyllarda biziň ýurtlarymyzyň arasynda ykdysady pudak boýunça ýola goýulýan gatnaşyklar okgunly ösüşe eýe bolýar diýip bellemek bilen, Prezident Hamid Karzaý ikitaraplaýyn gumanitar gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň möhüm ähmiýetini nygtady. Şu jähetden goňşy döwletiň baştutany Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanda owgan ýaşlarynyň bilim almagy üçin döredilen mümkinçilige hoşallyk bildirdi.

Dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk häsiýetine eýe bolan türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ösüşinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahsy goşandynyň bardygyny belläp, Owganstanyň baştutany onuň ýurdunda Türkmenistanyň yzygiderli edýän doganlyk kömegine we goldawyna ýokary baha berilýär diýip aýtdy. Şunlukda Prezident Hamid Karzaý Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň Owganystanyň ykdysadyýeti üçin uly ähmiýete eýedigini belledi we onuň türkmen Lideriniň başlangyjy boýunça amala aşyrylýandygyny aýratyn nygtady.

Dostlukly döwdetiň baştutany bu barada aýtmak bilen, Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň ýola goýulmagy, ýurtda durmuş-ykdysady düzümiň galkynmagy babatda Türkmenistanyň öňe sürýän başlangyçlarynyň uly kanagatlanma bilen kabul edilýändigini we oňlanylýandygyny aýtdy. Belent mertebeli myhmanyň belleýşi ýaly, indi üç ýylyň dowamynda Türkmenistan Owganystana elekro energiýa ugradýar we onuň möçberlerini artdyrmaga taýýardyr. Şeýle hem häzirki döwürde biziň döwletlerimizi baglanyşdyrýan demirýoluň gurluşygy hakynda gepleşikler geçirilýär. Bu taslamalar diňe bir türkmen ýa-da owgan halklary üçin däl-de, eýsem tutuş sebit üçin uly ykdysady peýda getirer diýip, Hamid Karzaý belledi. TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamanyň amala aşyrylmagy bolsa Owganystana türkmen gazyndan ýurdy durmuş-ykdysady taýdan galkyndyrmagyň möhüm ähmiýetli ýagdaýy hökmünde peýdalanmaga mümkinçilik berer diýip, myhman aýtdy.

Mähirli kabul edilendigi üçin Türkmenistanyň Prezidentine ýene bir ýola tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, belent mertebeli myhman milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowa we doganlyk türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny mälim etdi.

Giňeldien düzümde geçirilen gepleşikler tamamlanansoň, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Oguzhan” Köşkler toplumynyň “Seljuk han” zalynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň Söwda-senagat palatasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyga; Elektrik energiýasy babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek meseleleri boýunça Türkmenistanyň hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama; Türkmenistanyň hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Atamyrat-Ymamnazar (Türkmenistan)—Akina- Andhoý (Owganystan Yslam Respublikasy) demir ýoluny gurmak hakyndaky Çarçuwaly ylalaşyga;

Türkmenistanyň hökümeti bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň hökümetiniň arasynda Medeniýet we sungat, habar beriş serişdeleri we syýahatçylyk babatda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ylalaşyga gol çekilýär.

Dabara gatnaşyjylaryň el çarpyşmalary astynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Hamid Karzaý Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň bilelikdäki Maglumatyna we Türkmenistan bilen Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky dostluk we hyzmatdaşlyk hakyndaky Şertnama öz gollaryny goýýarlar.

Resminamalara gol çekmek dabarasy tamamlanansoň, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Liderleri “Baýram han” zalyna geçýärler we ol ýerde metbugata ýüzlenme bilen çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen-owgan gepleşikleriniň jemini jemlemek bilen, olaryň üstünlikli we netijeli bolandygyny belledi hem-de ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň barşynda taraplaryň däp bolan döwletara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüşi boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny we onuň ileri tutulýan ugurlarynyň kesgitlenendigini belledi.

Milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan Owganystana mümkin bolen ähli kömegi berýär we bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygyna işjeň gatnaşýar. Biz baý taryhy geçmişi hem-de uly geljegi bolan owgan topragynda parahatçylygyň, howpsuz durmuşyň, agzybir hem-de abadan ýaşaýşyň berkarar boljakdygyna berk ynanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady. Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan Owganystandaky ýagdaýy diňe syýasy-diplomatik ýollar bilen, gepleşikler arkaly kadalaşdyrmagyň tarapdary bolup çykyş edýär hem-de bu ugurda öz garaýyşlaryny yzygiderli beýan edýär diýip belledi.

Türkmen-owgan hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary hakynda bellemek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti ýokary derejede geçen duşuşyklaryň barşynda iki döwletiň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk, medeniýet we ylym ugurlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek barada pikir alşandyklaryny we degişli ylalaşyklaryň gazanylandygyny beýan etdi. Şonda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bilelikdäki taslamasyny durmuşa geçirmek gepleşikleriň baş meselesine öwrüldi, taraplaryň bu babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da artdyrmak baradaky pikirleri biri-birine laýyk gelýändigi bellärliklidir diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistan özüniň elektrik energiýasynyň bir bölegini Owganystana iberýär, goňşy ýurda iberilýän elektrik energiýasynyň möçberleri geljekde has-da artdyrylar, şunuň bilen baglylykda gepleşikleriň barşynda täze elektrik geçirijilerini gurmak barada hem pikir alyşmalar boldy diýip, döwlet Baştutany belledi.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary düýpli ösdürmek boýunça ähli mümkinçilikleriň bardygyny belläp, döwlet Baştutany bu ugurda ulag-aragatnaşyk ýollaryny dörtmegiň möhümdigini nygtady. Aýratyn-da iki ýurduň çäklerinden üstaşyr daşalýan ýükleriň möçberini has-da artdyrmaga amatly şertler ýeterlik, bu bolsa halkara söwda ýollaryny döretmegiň uly mümkinçilikleriniň bardygyny aýdyň görkezýär, şonuň üçin hem gepleşiklerde ulag-aragatnaşyk ulgamlaryny, hususan-da transmilli geçelgeler babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly üns berildi diýip, milletiň Lideri aýtdy.

Türkmen tarapynyň teklipleriniň owgan tarapyndan uly goldaw tapýandygyny bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaýa minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem gepleşikleriň gün tertibine Türkmenistan bilen Owganystanyň arasyndaky gatnaşyklaryň gadymdan gelýän taryhy we medeni däplerini mundan beýläk-de baýlaşdyrmak barada gepleşilendigini, şunuň bilen baglylykda iki döwletiň we iki doganlyk halkyň arasynda medeniýet, ylym, sungat we döredijilik ugurlarynda hyzmatdaşlyk etmek üçin giň mümkinçilikleriň bardygy bellenildi diýip, döwlet Baştutany aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti gepleşikleriň barşynda taraplaryň öňde goýlan maksatlara ýetendigini belläp, doganlyk owgan halkyna parahatçylyk, abadançylyk, bagt we rowaçlyk arzuw etdi.

Öz gezeginde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli kabul edilendigi we türkmen topragynda myhmansöýerlik bildirilendigi üçin hoşallyk bildirip, Owganystanyň halkyna berýän hemişelik kömek- goldawy üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdy. Goňşy ýurduň baştutanynyň belleýşi ýaly, owgan halky bu ýagşylygy hiç wagt unutmaz, ol türkmen halkyny diňe bir ýakyn dosty däl, eýsem gadyrly dogany hasaplaýar.

Soňky ýyllarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň işjeň gatnaşmagy netijesinde biziň döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklar mundan beýläk-de çuňlaşdyrylýar we ösdürilýär diýip, owgan lideri belledi. Owganystandaky ýagdaýa we owgan halkynyň öňünde durýan meselelere ýagşy göz ýetirmek bilen, Türkmenistanyň Baştutany olaryň çözgüdi boýunça anyk teklipleri öňe sürdi, olaryň biri bolsa türkmen Lideriniň başlangyjy bilen durmuşa geçirilýän Türkmenistan-Owganystan-Paksitan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygy boýunça taslamadyr, ol taslama gatnaşyjy ähli ýurtlara, şol sanda owgan halkyna ägirt uly ykdysady peýda getirer diýip, Hamid Karzaý belledi.

Belent mertebeli myhman döwletara hyzmatdaşlygynyň meselelerine yzygiderli üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk sözlerini aýdyp, milletiň Lideriniň gol çeken türkmen elektro energiýasynyň Owganystana ugradylýan möçberini artdyrmaga gönükdirilen Kararynyň we türkmen döwletiniň Baştutanynyň Türkmenistandan Owganystana demir ýol çekmek hakdaky başlangyjynyň aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Hamid Karzaýyň belleýşi ýaly, owgan ýaşlarynyň Türkmenistanda bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler doganlyk kömeginiň ýene bir aýdyň subutnamasydyr.

Goňşy ýurduň baştutany däp bolan dostlukly türkmen-owgan gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna we üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirip, şu gün Aşgabatda geçirilen gepleşikler onuň nobatdaky tassyknamasydyr diýip belledi.

Owganystanyň Prezidenti Hamid Karzaý pursatdan peýdalanyp, owgan halkynyň adyndan Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýokary döwlet wezipeşinde alyp barýan ägirt uly işlerinde täze üstünlikler, doganlyk türkmen halkyna bolsa abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Metbugat maslahatynyň dowamynda türkmen Lideri daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň bir wekiliniň Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrmak boýnça bitarap Türkmenistanyň başlangyçlaryna degişli sowalyna jogap bermek bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow biziň ýurdumyzyň owganara syýasy gepleşikleri geçirmek üçin syýasy giňişligi bermäge taýýardygyny belläp, owgan meselesiniň çözgüdine degişli türkmen tarapynyň ornuny örän anyk we esaslandyrylan häsiýetde beýan etdi.

Milletiň Lideriniň belleýişi ýaly, Türkmenistanyň bu meseleleri çözmekdäki çemeleşmeleri we orny taryhy tejribeleriň çuňňur öwrenilmegine, ýurtdaky häzirki ýagdaýlara anyk baha berilmegine, şeýle hem onuň geljeginiň aýdyň bolmagyna esaslanýan ýagdaýy jikme-jik seljermekden ybaratdyr diýip belledi. Ýöne iň esasy zat, Türkmenistanyň otuz ýyl töweregi uruş şertlerinde ýaşaýan millionlarça owganlylaryň ykbaly barada oýlanmak ýaly adamzat aladalaryna esaslanýan teklibi we biziň ýurdumyzyň orny hem-de başlangyçlary Owganystan we biziň üçin ýakyn hem-de ruhy dogan halkymyz bolan owganlar üçin uly kömekdir. Şu pursatda biziň owgan halkyna edýän kömegimiz goňşy ýurduň öňündäki syýasy maksadymyzyň, borjumyzyň we wyždanymyzyň miwesidir diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Owganystandaky ýagdaýyň kadalaşdyrylmagynda, gapma-garşylyklaryň bes edilmegi we göreşýän taraplaryň ýaraşmagy üçin şertleriň döredilmeginde syýasy-diplomatik usullara daýanmak zerurdyr diýip, türkmen Lideri belledi. Şunlukda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dünýä jemgyýetçiliginiň tagallalary utgaşdyrylmalydyr we köp ugurly ylalaşdyryjy usula eýe bolan we ählumumy parahatçylygy hem-de howpsuzlygy saklamagyň kepili bolup çykyş edýän bitewi halkara institutyň–Birleşen Milletler Guramasynyň ýolbaşçy orny we onuň howandarlygy astynda durmuşa geçirilmelidir diýip belledi. Hut şu meseläni uly abraýa hem-de ähli netijeli we jogapkärçilikli güýçleriň arasynda soňlugy bilen, ýurdy harby gapma-garşylykdan gepleşikler derejesine çykarjak giň milli gepleşiklere başlamak üçin syýasy-guramaçylyk we psihologik şertleri üpjün etmäge ýagdaýy bolan, uly abraýly hem-de täsin tejribä eýe bolan BMG-niň goldawy astynda çözüp bolar diýip, milletiň Lideri nygtady.

Türkmen döwletiniň Baştutanynyň belleýşi ýaly, häzirki döwürdäki mümkinçilikler örän giňedi, sebitde BMG-niň Merkezi Aziýada Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit Merkezi hereket edýär, BMG-niň Owganystana ýardam bermek boýunça Missiýasy ulgamynyň we BMG-niň Baş Sekretarynyň Owganystan boýunça Ýörite Wekiliniň işi has netijeli görnüşe eýe boldy, Owganystan boýunça halkara Kabul we London maslahatlarynyň netijeleri has-da ynamy artdyrýar.

Şu jähetden Türkmenistanyň bitaraplygy we bu derejeden gelip çykýan çemeleşmeler, has takygy Owganystanyň içerki işlerine gatyşmazlyk, ol ýerde hereket edýän köp taraplaýyn daşary ýurt harby birleşmelerne gatnaşmazlyk, parahatçylykly, syýasy-diplomatik çözgütlere, ýurduň öz ygtyýarlylygyna we çäk bitewiligine hormat goýmak ýörelgelerine ygrarlylyk türkmen döwletini özüniň Owganystanda parahatçylyk döretmek baradaky tagallalary bilen ynamdar hyzmatdaşa öwürýär diýip milli Liderimiz aýtdy.

Owganara syýasy gepleşiklerine gatnaşyjylar barada aýdylanda bolsa, ony owgan halkynyň özi çözer. Bu ýerde hiç kim başga birine belli bir pikir ýükläp bilmez. Halkara bileleşiginiň işi şunuň ýaly gepleşikler üçin şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Metbugat maslahatynyň barşynda türkmen döwletiniň Baştutanyna Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny iş ýüzünde durmuşa geçirmäge we onuň howpsuz ugruny, şeýle hem haýsydyr bir halkara goldawyň zerurlygyny üpjün etmäge degişli sowal berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu sowala jogap bermek bilen, owgan, hindi we pakistan hyzmatdaşlary, halkara maliýe institutlarynyň wekilleri bilen TOPH taslamasyny ara alyp maslahatlaşmaga girişip, türkmen tarapy ony durmuşa geçirmegiň ähli ugurlaryny, şol sanda turba geçirijiniň howpsuzlygynyň meselelerini dolulygyna nazarda tutdy diýip belledi. Bu ýerde meniň pikirimçe, TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyna gatnaşyjylaryň hemmesi üçin bähbitlidiginden ugur almaly diýip, türkmen Lideri aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, Türkmenistan tebigy gazy ugradýan ýurt hökmünde Owganystanyň, Pakistanyň we Hindistanyň barha ösýän uzakmöhletleýin islegini üpjün eder. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Owganystan üçin ykdysady we durmuş jähedinden, aýratyn-da täze senagat düzümini döretmek we ilaty iş bilen üpjün etmek maksatnamasyny durmuşa geçirmekde anyk peýda getirer. Mundan hem başga türkmen gazyny üstaşyr geçirmekden gelýän maliýe serişdeleri bu ýurduň býujeti üçin ägirt uly çeşme bolup hyzmat eder hem-de gazy üstaşyr geçirmegiň hasabyna ABŞ-niň takmynan milliard dollaryna barabar möçberdäki girdejiler bujete goşular. Türkmen döwletiniň Baştutany Türkmenistanyň islendik ugur, şol sanda TOPH boýunça “mawy ýangyjy” ibermek boýunça baglaşýan şertnamalarynyň uzak möhletleýin bolmagynyň ýurdumyzyň gaz ýataklaryndaky ägirt uly möçberlerdäki gorlara esaslanýandygyny hem-de esasy halkara ekspertleriniň garaşsyz auditiniň şol ýataklardaky gorlaryň dünýä derejesinde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny tassyklaýandygyny we ýakyn wagtda şonuň ýaly nobatdaky auditiň netijeleriniň jemlenjekdigini we aýan ediljekdigini belledi.

Şunuň bilen baglylykda milletiň Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň ünsüni örän oňyn ýagdaýa, taslamanyň uzakmöhletleýin durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyndaky ähmiýetine çekdi. Hormatly Prezidentimiz gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasynyň bilelikde durmuşa geçirilmegi dört döwleti bir bitewi gyzyklanmalar we maksatlar bilen baglanyşdyrar, bu bolsa olaryň arasyndaky özara düşünişmegi we ynanyşmagy şertlendirer hem-de tutuş Aziýadaky syýasy ýagdaýyň gowulanmagyna hyzmat eder diýip aýtdy.

Bu ýagdaýlar TOPH taslamasyny durmuşa geçirmek üçin oňyn ýagdaý bolup durýar we gaz geçirijiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň möhüm şerti hökmünde öňe çykýar. Mundan hem başga mälim bolşy ýaly, bu taslama birnäçe döwletler we maliýe institutlary tarapyndan halkara goldawyna eýe boldy diýip, milletiň Lideri aýtdy. Munuň özi bitewilikde energiýa köprüniň howpsuzlygynyň ýeterlik derejede üpjün ediljekdiginiň kepilidir we syýasy ýagdaýa-da degişlidir diýip, döwlet Baştutany belledi.

Mundan başga-da, daşky gurşawyň howpsuzlygy, dürli hili tebigy we tehnogen ýagdaýlaryň goraglylygy nukdaý nazaryndan hem TOPH gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meseleleri jikme-jik öwrenildi, şunlukda turba geçirijiniň gurluşygynda iň ýokary halkara kadalaryna we ülňülerine gyşarnyksyz eýeriler. Ýokarda agzalanlary jemlemek bilen, milletiň Lideri tutuşlygyna alnanda taslama gatnaşyjy taraplarda bu ugruň zerurlygy babatda haýsydyr bir şübhe dörän bolsa, şunuň ýaly uly taslamanyň başy başlanmazdy we ol durmuşa-da geçirilmez diýip, döwlet Baştutany sözüni jemledi.

Metbugat maslahaty tamamlanansoň, Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentleri “Baýram han” zalyndan çykdylar.

Soňra owgan lideri Gypjak şäherçesine ugrady. Hamid Karzaý ol ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentini hatyralady, Aramgähe gül desselerini goýdy.

Şol gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belent mertebeli myhmanyň hormatyna resmi agşamlyk naharyny berdi.

Dabaraly kabul edişlik tamamlanansoň, iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli hoşlaşdylar we geçirilen gepleşikleriň netijeleri babatda kanagatlanma bildirdiler hem-de iki ýurduň doganlyk halklaryna iň gowy arzuwlaryny aýtdylar.

* * *

29-njy maýda irden Türkmenistanda resmi saparda bolan Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Hamid Karzaý Watanyna gaýtdy.

Bu saparyň jemleri boýunça ikitaraplaýyn möhüm ähmiýetli resminamalaryň birnäçesine gol çekildi. Bu sapar netijeli türkmen-owgan gepleşigini pugtalandyrmagyň we ösdürmegiň ýolundaky nobatdaky ädime öwrülip, iki ýurduň we biziň halklarymyzyň dostluga, hoşnietli goňşuçylyga esaslanýan gatnaşyklara we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Daşoguz Welaýatynyň Suwly-Batgalyk Ýerlerinde Guşlaryň Höwürtgeleme Möwsümi Başlandy

Pagta hasylynyň ýygymy başlandy.

syrach

Prezidentimize Mähirli Gutlaglar

syrach