05.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Bilen Duşuşyk

Türkmenistanyň Daşary işler ministri Türkmenistanda öz diplomatik wezipesini tamamlaýan, Pakistan Yslam Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Abdul Malik bilen duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Pakistan Yslam Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek boýunça işleriň netijelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Syýasy-diplomatik gatnaşyklaryň ýokary derejesine ünsi çekip, taraplar ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini bellediler. Duşuşygyň dowamynda energetika çygrynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek arkaly bu ugurda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine hem garaldy.
Türkmen tarapyna soňky ýyllarda Ilçihananyň işine berilen goldaw we myhmansöýerlik üçin çyn ýürekden minnetdarlygyny bildirip, Pakistanyň Türkmenistandaky Ilçisi bilelikdäki taryhyň, medeniýetiň we däpleriň esas bolup hyzmat edýän iki ýurduň arasyndaky işjeň hyzmatdaşlygyň ähmiýetini belledi.

Degişli makalalar

Halkabat Meýdançasynda Barlag Guýusynyň Buraw Işleri Tamamlandy

Belli Paleontolog Aman Nigarowyň „Türkmenistanyň Gadymy Pilleeri“ Atly Kitaby Çapdan Çykdy

turkmenhabargullugy

Sambo Boýunça Türkmen Topary 8 Altyn Medal Bilen Öňde