04.05.2024
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we resminamalaryň birnäçesiniň taslamalaryna garaldy. Mejlise harby we hukuk goraýjy edaralaryň, käbir ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, welaýatlaryň käbiriniň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berdi. Wise-premýer “Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2017-2023-nji ýyllar üçin konsepsiýasyny” durmuşa geçirmek babatda Daşary işler ministrliginiň alyp barýan işleri hem-de 29-31-nji martda Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda, abraýly halkara guramalaryň çäklerinde işjeň ösdürilýän türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ýokary derejesi bellenildi. Yzygiderli amala aşyrylýan özara saparlar hem-de ýokary derejedäki duşuşyklar şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine ýardam edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ep-esli işjeňleşdirilendigini we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylandygyny kanagatlanma bilen belläp, ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Belarus Respublikasynyň Prezidentiniň ýurdumyza boljak resmi saparynyň özara bähbitlere laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berjekdigini belledi.

Hasabatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri «Aziada-2017: Parahatçylygyň we ösüşiň ugrunda halkara sport hyzmatdaşlygy» atly halkara sport kongresine görülýän taýýarlyk barada hem hasabat berdi.

Köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we ýokary netijeler sportuny ösdürmek, bu ulgamda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça yzygiderli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar.

Häzirki wagtda ýurdumyz iri ýaryşlaryň yzygiderli geçirilýän ýeri bolmak bilen, halkara sport hereketiniň merkezleriniň birine öwrülýär. Munuň özi milli Liderimiziň bu ugurda alyp barýan giň möçberli işiniň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Häzirki döwürde Türkmenistanda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna toplumlaýyn taýýarlyk görmek işleri alnyp barylýar. Dünýä bileleşigini we sport jemgyýetçiligini bu ulgamda amala aşyrylýan işler bilen tanyşdyrmak hem-de özara peýdaly tejribe alyşmak maksady bilen, 7-nji aprelde “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýokarlda agzalan kongresi geçirmek meýilleşdirilýär. Bu foruma Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň, Halkara sport federasiýalarynyň, iri halkara guramalaryň, dürli ýurtlaryň Milli Olimpiýa komitetleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar.

Şunuň bilen birlikde, daşary ýurtly myhmanlarymyz üçin Aziada – 2017, paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjigi bilen tanyşdyryş çärelerini guramak göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary ýaly ägirt uly sport çäresini ilkinji gezek geçirjekdigini belledi. Şoňa görä-de, Aziada-2017-ni ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça ähli tagallalary etmek zerurdyr.

Ýurdumyz bedenterbiýäni we sporty höweslendirmek hem-de ösdürmek bilen birlikde, bu ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Munuň özi dünýäde ählumumy parahatçylygy üpjün etmegiň we ynsanperwerlik gymmatlyklaryny berkarar etmegiň möhüm şerti bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bular barada aýtmak bilen, Bitarap Türkmenistanyň abraýly halkara düzümleri, şol sanda Aziýanyň Olimpiýa Geňeşi bilen netijeli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmäge çalyşýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz bu baradaky gürrüňi dowam edip, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna hem-de onuň bilen bagly çäreleriň ählisine taýýarlyk görmegiň barşyna berk gözegçiligi amala aşyrmagyň wajypdygyny belledi. Milli Liderimiz öňümizdäki Halkara sport kongresine ünsi çekip, onuň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy. Bu halkara ähmiýetli sport kongresi oňa gatnaşyjylara ýurdumyz we onuň sport ulgamynda gazanaýan üstünlikleri bilen has ýakyndan tanyşmaga we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen uzakmöhletli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam eder.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamämmedow bank edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň çäklerinde görülýän toplumlaýyn çäreler barada hasabat berdi. Wise-premýeriň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda gol çeken Kararyna laýyklykda, ähli ministrlikler, pudak edaralary, ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralary we olaryň tabynlygyndaky edara-kärhanalar tarapyndan 2016-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan işgärleriň zähmet haklaryny we beýleki tölegleri bank kartlarynyň üsti bilen bermek ýola goýuldy. Şunuň bilen baglylykda, hasaplaşyklaryň nagt däl görnüşlerini ösdürmek, banklaryň ilata hödürleýän hyzmatlaryny artdyrmak maksadynda geçirilýän işler barada habar berildi.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, ýurdumyzda bank işleriniň we tehnologiýalaryň tapgyrlaýyn döwrebaplaşdyrylmagynyň, pul geçirmek işlerini çaltlandyrmaga hem-de nagt däl hasaplaşyklaryň ygtybarlylygyny artdyrmaga getirjekdigini belledi. Umuman, bu ugurda görülýän anyk ädimler milli bank ulgamynyň maglumatlar ösüşine laýyk gelmegine mümkinçilik berer, bazar gatnaşyklaryna yzygiderli geçilmegini üpjün eder hem-de ýurdumyzyň gülläp ösmegine we türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Milli Liderimiz bu ugurda geçirilmeli işleriň esasy ugurlaryna ünsi çekip, wise-premýere bu meseläni düýpli seljermegi hem-de teklipleri taýýarlamagy tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz hökümetiň mejlisine çagyrylan maliýe ministri M.Muhammedowa hem-de Merkezi bankyň başlygy M.Annadurdyýewe işleri mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ý.Kakaýew döwlet Baştutanymyzyň nebitgaz pudagynda dünýä tejribesini nazara alyp, onuň işini kämillşdirmäge degişli ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Nebitiň we gazyň gazlyp alnyşyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna çykarmagyň ugurlaryny giňeltmek, “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň işlerini has netijeli guramak, uglewodorod serişdeleriniň düýpli gaýtadan işlenilişini üpjün etmek maksady bilen görülýän çäreler barada hasabatda aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, nebitgaz toplumynda amala aşyrylýan özgertmeleriň depgininiň pesdigine hem-de milli ykdysadyýetimizi ösdürmek üçin möhüm bolan bu strategiki ulgamyň kärhanalarynda gurluşyk işleriniň bellenen möhletlerden gijikdirilýändigine nägilelik bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýerler Ý.Kakaýewden we B.Hojamämmedowdan nebitgaz toplumynda alnyp barylýan işleri seljermegi hem-de bu pudaklaryň işini gowulandyrmak boýunça anyk teklipleri bermegi hem-de Daşoguz welaýatynda göz öňünde tutulan taslamalaryň durmuşa geçirilişini tizleşdirmegi talap etdi. Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, pudagyň ýolbaşçylary öz işleri üçin jogapkärçilik çekmelidir, birinji çärýegiň netijeleri boýunça degişli netije çykarylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary D.Amangeldiýew Aşgabat şäherini abadanlaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň paýtagtynda şäheriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de gowulandyrmak, paýtagtymyzyň ähli etraplarynda jaýlaryň daşky görnüşini bildirilýän talaplara laýyk getirmek, ýollaryň durkuny täzelemek, seýilgähleri we seýilbaglary abadanlaşdyrmak boýunça giň möçberli işleriň alnyp barylýandygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýaşaýyş toplumlarynyň çäklerinde abadanlaşdyryş işleri alnyp barylýar. Häzirki wagta çenli jemi 110-dan gowrak çagalar meýdançalary gurnalyp, doly taýýar edildi.

Aşgabadyň ýol-ulag düzümini kämilleşdirmek, hususan-da, awtomobil ýollarynyň durkuny täzelemek hem-de yşyklandyryş sütünlerini ornaşdyrmak işlerine aýratyn üns berilýär. Mundan başga-da, şäheriň ýaşaýyş jaý toplumlarynda köp gatly awtoduralgalaryň 19-synyň gurluşygy meýilleşdirilip, häzirki wagtda olaryň 15-si gurlup ulanylmaga berildi we 4-siniň gurluşyk işleri tamamlaýjy tapgyrda dowam etdirilýär. Şeýle hem açyk görnüşli awtoduralgalaryň 66-sy gurlup ulanylmaga berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ähli ugurlarda alnyp barylýan işleriň, şol sanda ýaşaýyş jaý toplumlaryny we olara ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, jemagat gulluklarynyň işini kämilleşdirmek hem-de paýtagtymyzy bagy-bossanlyga öwürmek babatda geçirilýän işleriň depgininiň güýçlendirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýol-ulag düzümini döwrebaplaşdyrmagyň wajypdygyny aýdyp, “Türkmenawtoýollary” döwlet konserniniň başlygy A.Öwezowa öňde goýlan wezipeleriň ählisini bellenen möhletlerde ýerine ýetirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.

Giň möçberli şähergurluşyk maksatnamasyny durmuşa geçirmäge, hususan-da, ýurdumyzyň baş şäheriniň gaýtalanmajak keşbini döretmäge aýratyn üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Aşgabadyň ähli görkezijiler babatda paýtagtyň derejesine doly kybap gelmelidigini aýdyp, wise-premýere hem-de mejlise çagyrylan Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewe şäheri mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak meselelerini berk gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annameredow döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, şol sanda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ulag we logistika boýunça halkara maslahatyny geçirmäge taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde wise-premýer halkara maslahatynyň maksadynyň ýurdumyzda ulag ulgamynyň ösüşi bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmakdan, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara hereketleri has-da ösdürmekden, ylmyň gazananlaryny we innowasion tilsimatlary önümçilige giňden ornaşdyrmakdan, bu pudaga maýa goýumlaryny çekmekden ybaratdygyny habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wise-premýere ýüzlenip, ýerli howa menzilleriniň ulgamyny ösdürmek barada tabşyryk berendigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ilatynyň, ministrlikleriň hem-de pudak edaralarynyň howa gatnawlarynda bolan isleglerini kanagatlandyrmak meseleleri babatda B.Annameredowyň hem-de “Türkmenhowaýollary” gullugynyň ýolbaşçysy D.Saburowyň adyna nägilelik bildirip, bu ugurdaky işleriň haýal alnyp barylýandygyny belledi.

Lebap welaýatynyň günortasynda senagat ýokary depginler bilen ösdürilýär. Köprüler, demir ýollary, iri kärhanalar, şäherçeler gurulýar diýip, milli Liderimiz aýtdy. Ýöne, bu ýere barmak üçin ýarym günüňi ýitirmeli bolýar. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde hem ýagdaýyň şunuň ýalydygy bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz bu ýerlerde täze howa menzillerini gurmagyň wajypdygyna ünsi çekip, olaryň gurluşygy tamamlanýança, belki, ýolagçylary gatnadýan we ýükleri daşaýan dikuçarlaryň gatnawynyň ýola goýulmagynyň maksadalaýyk boljakdygyny nygtady.

Demir ýol ulaglary ministri D.Bäşimowa hem gatnawlaryň bökdençsizliginiň üpjün edilişini pugtalandyrmaga hem-de ýolagçylary gatnatmak we ýükleri daşamak boýunça hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga degişli tabşyryklar berildi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Atdaýew Gazagystan Respublikasynyň Astana şäherinde geçiriljek «EKSPO-2017» halkara ýöriteleşdirilen sergisinde Türkmenistanyň bölümini guramak bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň sergi bölümini ýaýbaňlandyrmak teklip edilýär. Onda ýurdumyzyň ýeten sepgitleri, ykdysady pudaklaryň gazanýan üstünlikleri, tebigy baýlyklar, daşky gurşawy goramak boýunça, ekologiýa ulgamynda alnyp barylýan işler görkeziler. Türkmenistanyň energetika serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy babatynda halkara derejesinde amala aşyrylýan taslamalara goşýan goşandy baradaky maglumatlara aýratyn üns berler. Serginiň çäklerinde şeýle hem Aşgabatda öňde boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary giňden beýan ediler.

Şeýle-de wise-premýer ýurdumyzda netbuklaryň öndürilişini ýola goýmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň halkara sergilerine we işewürler maslahatlaryna gatnaşmagynyň möhümdigini nygtady, munuň özi ýurdumyzyň ägirt uly eksport we maýa goýum kuwwatyny durmuşa geçirmek, Türkmenistanda öndürilýän önümleri dünýä bazarlarynda üstünlikli ýerlemek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Milli Liderimiz bu ugurda toplanylan oňyn tejribäni hem-de onuň yzygiderli baýlaşdyrylmagynyň zerurdygyny belläp, “EKSPO-2017” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň bölümini gurnamak baradaky teklibi makullap, onuň bezeg-taslamasyny oýlanyşykly işlemegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz mejlise çagyrylan söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri D.Orazmyradowa haryt dolanyşygynyň möçberlerini artdyrmak, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek baradaky döwlet maksatnamasynyň çäklerinde halkyň ulanýan harytlaryny, şeýle hem netbuklaryň öndürilişini ýol goýmak meselesini hemmetaraplaýyn seljermek barada degişli görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Ereşow gözegçilik edýän ulgamynda işleriň ýagdaýy barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyz tarapyndan ýurdumyzy senagatlaşdyrmagyň toplumlaýyn wezipelerini çözmek boýunça berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada habar berdi. Şol wezipeler ýokary tehnologik önümçilik düzümleriň kemala getirilmegini, gaýtadan işleýän senagaty ösüşiň çig mala degişli bolmadyk ýoluna geçirilmegini, baý tebigy serişdeleriň esasynda ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply harytlaryň çykarylyşynyň möçberiniň artdyrylmagyny göz öňünde tutýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy senagat taýdan ösen döwlete öwürmek boýunça toplumyň öňünde goýlan wezipeleriň ýerine ýetirilişiniň barşyny seljerip, diwersifikasiýalaşdyrmak we gaýtadan işleýän pudaklaryň önümçilik binýadyny giňeltmek boýunça işleriň depginleriniň pesdigi sebäpli, wise-premýerler B.Ereşowa hem-de B.Hojamämmedowa nägilelik bildirdi.

Ýurdumyzda tebigy baýlyklar, maliýe we zähmet serişdeleri köp. Şoňa görä-de, häzir her welaýatda bolmanda iki sany iri zawody ýa-da fabrigi gurmaly. Her ýylda täze zawod-fabrikleriň gurluşygyna başlamaly. Sebäbi ýurdumyzyň ilaty artyp barýar. Ýaşlar ýetişip gelýär. Şol sebäpli hem, bize häziriň özünde täze iş orunlaryny döretmek zerur bolup durýar diýip, milli Liderimiz nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen, daşary ýurt firmalary bilen has ysnyşykly işlemegiň, maýa goýumlaryny çekip, täze desgalaryň gurluşygyna başlamagyň möhümdigini aýdyp, bu ugurda has anyk çäreleri görmegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz himiýa senagatyny ösdürmek boýunça wezipeleriň uludygyny belläp, bu ugurda ýerli çig mallardan has giňden peýdalanmagyň zerurdygyny nygtady. Hormatly Prezidentimiz onuň düşewüntliligini hem-de tebigy baýlyklary gaýtadan işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanan eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak ýaly ugurlara ünsi çekip, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň başlygy M.Aýdogdyýewe pudagy diwersifikasiýalaşdyrmakda hem-de milli ykdysadyýetimizi pugtalandyrmakda uly ähmiýete eýe bolan taslamalary öz wagtynda we ýokary hilli ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýew gözegçilik edýän bilim, ylym, saglygy goraýyş we sport ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi» we «Türkmenistanyň at gazanan sport ussady» diýen hormatly atlaryň nyşanlaryny taýýarlamak boýunça teklipleri hödürledi.

Şeýle hem wise-premýer “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurlup ulanmaga berilýän köpugurly sport toplumynyň açylyş dabarasyna, onda guraljak köpçülikleýin sport çärelerine, şeýle hem toplumyň netijeli ulanylmagy bilen baglanyşykly işleriň maksatnamasyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, bu toplumda
Aziada-2017-ä taýýarlygyň çäklerinde meýilleşdirilýän çäreler, türgenleşikler geçiriler.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, hödürlenen nyşanlara birnäçe belliklerini aýdyp, degişli düzedişleri girizdi. Milli Liderimiz zehinli türgenleri dünýä derejesinde taýýarlamak, olaryň ussatlygyny artdyrmak üçin ähli şertleri döretmegiň möhümdigini aýdyp, sport düzümini ösdürmegiň hem, türgenleri höweslendirmegiň hem hut şol maksada gönükdirilendigini belledi.

Milli Liderimiz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde we paýtagtymyzda bolşy ýaly, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda gurulýan sport toplumlarynyň ýurdumyzda ýokary netijeli sporty ösdürmekde möhüm orun eýelemelidigini aýratyn belledi. Hazaryň kenarynda bina edilen döwrebap sport toplumynyň guramaçylyk meselelerine, ony netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna ünsi çekip, hormatly Prezidentimiz täze binada alnyp barylýan işleriň türkmen türgenleriniň döwrebap taýýarlygynyň üpjün edilmegine gönükdirilmelidigini aýtdy we bu babatda wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz Aziada-2017-ä taýýarlyk görmegiň jemleýji tapgyry bilen bagly meselelere ünsi çekip, wise-premýer S.Toýlyýewe, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitetiň başlygy D.Gulgeldiýewe, Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy T.Kömekowa hem-de Döwlet çeperçilik akademiýasynyň rektory A.Nuwwaýewe birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Garajaýew Bütindünýä saglyk güni mynasybetli 7-nji aprelde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek çäreleriň çäklerinde göz öňünde tutulýan medeni çäreleri geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer deňziň kenaryndaky interaktiw suw çüwdürimli seýilgähdäki uly sahnada sungat ussatlarynyň baýramçylyk konsertiniň geçiriljekdigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ilatyň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini mundan beýläk-de giňden wagyz etmek, aýratyn hem ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin ähli mümkinçiliklerden peýdalanmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzda geçirilýän halkara forumlary we beýleki çäreleri guramaga täzeçil hem-de döredijilikli çemeleşmegiň ähmiýetini nygtap, Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň wajypdygyny belledi we bu babatda wise-premýere hem-de hökümetiň mejlisine çagyrylan medeniýet ministri G.Orazmuhammedowa we Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygy N.Garlyýewe degişli tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gadymy döwürlerden biziň günlerimize ýetip gelen medeni mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek, milli taryhy-medeni mirasymyzy, ata-babalarymyzdan miras galan däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmak, ýurdumyzyň üstünliklerini giňden beýan etmek boýunça işleri çaltlandyrmagyň möhümdigine ünsi jemledi.

Döredijilik işgärleri türkmen medeniýetiniň özboluşlylygyny saklamak bilen, döwrüň ruhuna laýyk gelýän eserleri döretmelidir diýip, milli Liderimiz wise-premýer A.Garajaýewe hem-de degişli düzümleriň ýolbaşçylaryna bu babatda anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň senasyny taýýarlamak boýunça döredijilik işgärleriniň arasynda degişli bäsleşigi yglan etmek, onuň netijeleri boýunça seçilip alnan eserleri hödürlemek babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, aprel aýynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek köpçülikleýin medeni çärelerde Aziadanyň senasynyň görnüşleriniň ýerine ýetirilip başlanmagy maksadalaýyk bolar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy, oba hojalygynda önümçilik gatnaşyklaryny has-da kämilleşdirmek hem-de pudagyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, ýer-suw serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de ylmyň öňdebaryjy tejribelerini ulanmak arkaly ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak boýunça geçirilýän işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramynyň hormatyna geçiriljek çäreleriň meýilnamasy hödürlenildi. Dabaralaryň çäklerinde paýtagtymyzda ylmy-amaly maslahat geçiriler. Esasy çäreleri Garagum derýanyň kenarynda geçirmek meýilleşdirilýär. Ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen bedewiniň baýramyna görülýän taýýarlyk barada hem habar berildi.

Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna geljek ýyl Daşoguz we Lebap welaýatlarynda jemi 18 müň 300 gektar meýdanda şaly ekip, 81 müň 600 tonna şaly hasylyny öndürmek hakyndaky kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, wise-premýerden oba hojalygynda özgertmeleriň geçirilmegini çaltlandyrmagy talap etdi hem-de bu ugurda geçirilen işler barada Ministrler Kabinetiniň her gezekki mejlisinde hasabat bermegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow «Türkmenistanda 2017-nji ýylda şaly öndürmek hakyndaky» karara gol çekip, welaýatlarda bu ekini ösdürip ýetişdirmek bilen bagly anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenilýän «Suw damjasy – altyn dänesi» baýramynyň ähmiýetini aýratyn belledi. Milli Liderimiz bu baýramçylygyň türkmen halkynyň köpmüňýyllyk taryhynyň dowamynda bereketli suw damjasyna aýawly garap gelen gadymy däplerini özünde jemleýändigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz häzir ýurdumyzda ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny artdyrmaga hem-de pudagy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli işleriň alnyp barylýandygyny belläp, wise-premýere hem-de “Türkmen atlary” döwlet birleşiginiň baş direktory Ý.Annaýewe Türkmen bedewiniň baýramyna taýýarlyk görmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleri kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça milli parlamentiň alyp barýan işi barada habar berdi. Şunuň bilen baglylykda, Mejlisiň 20-nji martda geçirilen nobatdaky maslahatynyň barşynda Adalatçynyň saýlawlarynyň ähmiýeti bellenildi. Adalatçynyň işi adamyň we raýatyň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny goramaga gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow habary diňläp we Mejlisiň kanun çykaryjylyk işiniň durmuş ugurly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijeli guraly bolup durýandygyny belläp, milli parlamentiň raýat edaralaryny pugtalandyrmak we jemgyýetde demokratik ýörelgeleri berkarar etmek boýunça alyp barýan işini işjeňleşdirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň dünýäniň syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer we hukuk giňişligine işjeň goşulyşýandygyny aýdyp, demokratik edaralary ösdürmek, hakyky halk häkimiýetiniň esaslaryny pugtalandyrmak we şunuň bilen baglylykda, milli kanunçylygy kämilleşdirmek, ony umumy ykrar eldilen halkara kadalaryna laýyk getirmek meselelerine uly üns berýändigini belledi.

Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew welaýatyň ekin meýdanlarynda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz agrotehniki kadalaryň berjaý edilişiniň hem-de gurulýan desgalardaky gurluşyk işleriniň barşyny we hilini gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny aýdyp, bu babatda häkime anyk görkezmeleri berdi.

Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda möwsümleýin işler hem-de senagat we durmuş-medeni ähmiýetli gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz gowaça ekişiniň bellenen tertibini berjaý etmek, welaýatda dürli ähmiýetli desgalaryň gurluşygyna gözegçiligi güýçlendirmek babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Soňra ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu günki mejlise çagyrylan ýolbaşçylaryna ýüzlenip, asudalygyň, parahatçylygyň üpjün edilmegi ugrunda alnyp barylýan sazlaşykly işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmelidigini belledi. Munuň özi döredijilikli zähmetiň berkarar bolmagynda, ähli başlangyçlaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginde has-da möhümdir.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny we uly üstünlikleri, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda berkarar Watanymyzyň ähli halkyna gülläp ösüş arzuw etdi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Päkistan Yslam Respublikasynyň Prezidentine Gynanç Birdirdi

syrach

ABŞ-nyň Kompaniýalary OPEC-iň Strategiýasyna Garamazdan Nebitiň Çykarylyşyny Artdyrmagy Meýilleşdirýärler

ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň Wekilleri Bilen Duşuşyk