Amerikanyň slanesli nebiti öndürijileri OPEC-iň nebit çykarylyşyny çäklendirmek baradaky strategiýasyna garamazdan Tehas ştatynyň Permian basseýninden nebit çykarylyşyny düýpli artdyrmagy meýilleşdirýärler, diýip Ria Nowosti Reýter agentligine salgylanyp habar berýär.
Slanesler bilen iş salyşýan kompaniýalar gurama (OPEC) bilen bahalar babatda dowam eden iki ýyllyk göreşden soň gaýtadan dikeldilýärler. Olaryň köpüsi Demirgazyk Dakotada, Oklahomada we adaty bolmadyk uglewodorodly beýleki etraplarda öz işjeňligini giňeltmegi meýilleşdirýärler.
Soňky ýarym ýylda ABŞ-nyň esasy slanesli Basseýni bolan Permianda nebitiň çykarylyşy düýpli ýokarlanypdyr. Hess Corp, Chesapeake Energy Corp, Continental Resources we beýleki kompaniýalar şu hepde Hýustonda geçirilen maslahatda öz ösüş meýilleri babatda gürrüň berdiler. Bu bolsa geljek on ýyllyklarda amerikan nebitiň eskportynyň artmagyna getirer.
ABŞ-da nebit çykarylyşynyň ýokarlanmagy 3-nji martda tamamlanan hepdede onuň ýurtdaky ätiýaçlyklarynyň 8,2 mln barrel ýa-da 1,6 göterim artyp, 528,4 million barrele ýetmegine getirdi. Nebitiň bahasy şu zatlaryň netijesinde barrel üçin 50 dollardan hem aşak düşdi.
Bu aşaklama ABŞ-nyň slanesli nebitiniň dünýä bahalaryna we eksportyna ýetirýän täsiriniň barha artýandygyny görkezdi. Bu artykmaçlyk öň OPEC-e degişlidi. «Häzir biz OPEC bilen belli bir derejede deň derejede» diýip Continental Resources kompaniýasynyň ýolbaşçysy Garold Hamm (Harold Hamm) aýtdy. Bu kompaniýa Oklahomadaky slanesli taslamalary maýa goýýar. Kompaniýa Bakken basseýnindäki känlerde aşaklama döwründe konserwirlenen guýularda işlemek üçin potratçylary hakyna tutdy.
«Biz Bakkende ösüşi gazanyp ugradyk» diýip Hess kompaniýasynyň ýolbaşçysy Jon Hess (John Hess) aýtdy.
2016-njy ýylda Permian basseýninde 28 milliard dollarlyk uçastok satyn alyndy. Ol geçen ýylky bilen deňeşdirilen üç esse uludyr. Permian basseýninde 0,81 million gektar meýdana eýelik edýän Chevron bu ýerde şu onýyllygyň ahyryna çenli nebi çykarylyşynyň 20 göterim ýokarlanmagyna garaşýar.
«Biz depginimizi artdyrýarys» diýip kompaniýanyň ýolbaşçysy Jon Uotson (John Watson) aýdýar.
Geçen hepdede kartel amerikan nebit industriýasynyň wekilleri bilen ilkinji gezek duşuşyk geçirdi. Onuň netijeleri boýunça OPEC-iň ýolbaşçysy Mohammed Barkindo gepleşiklerde ýeňillik gazanyp bilendiklerini, şol bir wagtda bolsa ABŞ-nyň nebit çykarylyşynyň heniz kartelda biynjalyklyk döredip biljek derejedä ýetmändigini belledi.
«OPEC ABŞ-da slanesleriň nämedigini anyklamak isleýär. ABŞ-nyň slanesli kompaniýalary nebitiň bahalarynyň nähili boljakdygyny anyklamak isleýärler. Biz birek-birekden öwrenýäris» diýip, Pioneer Natural Resource kompaniýasynyň direktorlar geňeşiniň başlygy Skot Şeffild (Scott Sheffield) aýtdy.
OPEC-iň nobatdaky duşuşygy maýda geçiriler.