27.4 C
Aşkabat
19.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Mejlisi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşyna degişli birnäçe möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Döwlet Baştutanymyz mejlisiň gün tertibine geçip, ilki bilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G. Müşşikowa söz berdi.

Wise-premýer gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini şu düzümiň Gaznasy diýip atlandyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyrygyna laýyklykda geçirilen işler barada hasabat berdi we degişli Kararyň taslamasynyň taýýarlanandygyny aýtdy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek boýunça geçirilen işler barada hasabat berildi.

2019-njy ýylda kabul edilen harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlary hakynda Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda harydyň gelip çykan ýeriniň adyny ulanmaga bolan hukuk goralýar we şahadatnama bilen tassyklanylýar.

Ýurdumyzyň çäginde aýratyn häsiýetleri şu geografik ýer üçin mahsus bolan tebigy şertler we etnografik ugurlar bilen kesgitlenen harydy öndürýändigini tassyklaýan resminamany bermäge ygtyýarly döwlet edaralary Ministrler Kabineti tarapyndan kesgitlenilýär.

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy tarapyndan degişli düzümler bilen bilelikde harytlaryň gelip çykan ýerleriniň atlaryna degişli meseleleri düzgünleşdirmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Munuň özi milli önüm öndürijileriň we sarp edijileriň bähbitleriniň hukuk goraglylygynyň ýokarlanmagyny üpjün eder.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň bank-maliýe ulgamynyň işini döwrebaplaşdyrmak boýunça häzirki zaman ýagdaýlaryny we halkara ülňülerini nazara alyp, amala aşyrylýan işleriň, bazar ykdysadyýetiniň täzeçil usullaryny ornaşdyrmagyň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz Merkezi bankyň gymmat bahaly metallar we gymmat bahaly daşlar baradaky komitetini degişli Gazna öwürmek barada aýdyp, bu düzümiň täze derejesiniň onuň işine bildirilýän talaplara laýyk derejede mundan beýläk-de kämilleşdirmäge ýardam berjekdigini belledi.

Milli Liderimiz hödürlenen Karara gol çekip, resminamany elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we onuň ýerine ýetirilişini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz harytlaryň gelip çykan ýerleri bilen baglanyşykly meseleleri tertipleşdirmek barada aýdyp, Türkmenistanda senagat toplumyny ösdürmek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi işjeňleşdirmek, şol sanda gaýtadan işleýän düzümi ösdürmek boýunça toplumlaýyn çäreleriň içerki bazarlary dürli görnüşli we bäsdeşlige ukyply önümler bilen doly üpjün etmäge gönükdirilýändigini aýtdy.

Munuň özii ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň we sarp edijileriň hukuk goraglylygyny üpjün etmek, harytlaryň ýokary hil derejesini kepillendirmek hem-de eksport möçberlerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan çäreleriň ähmiýetlidigini görkezýär diýip, milli Liderimiz belledi we bu ugurda alnyp barylýan işleri yzygiderli dowam etmek boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Meredow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, şeýle hem “2030-njy ýyla çenli döwür üçin nebitgaz senagatyny ösdürmegiň maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň EСO-93 kysymly benzini orta möhletleýin esasda daşarky bazarlara ýerlemek we daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen degişli şertnamalary baglaşmak boýunça alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýangyç-energetika toplumynyň ýurdumyzyň ykdysadyýetinde möhüm orun eýeleýändigini belläp, pudagyň kärhanalarynyň eksport mümkinçiliklerini yzygiderli berkitmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyz nebitgaz toplumynyň işini mundan beýläk-de köpugurly esasda ösdürmek, onuň düzümlerini täzeçil usulda döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly islegden peýdalanýan nebithimiýa önümleriniň önümçilik möçberlerini artdyrmak babatda wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem milli Liderimiz iri maýa goýum taslamalarynyň, şol sanda Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň bellenilen möhletlerde ýerine ýetirilişine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Durdylyýew gözegçilik edýän pudaklarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, hususan-da, gurluşyk we senagat toplumyna degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň düzüminde “Maglumat howpsuzlygy we sanly tehnologiýalar” bölümini açmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiziň 2020-nji ýylyň 27-nji awgustynda ministrliklerde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerinde awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek hakynda gol çeken Kararyny ýerine ýetirmek maksady bilen, Gurluşyk we binagärlik, Energetika ministrlikleriniň hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň merkezi edaralarynyň düzüminde degişli düzümi döretmek teklip edilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, awtomatlaşdyrylan elektron maglumat binýatlar ulgamyny döretmek boýunça alnyp barylýan işleriň wajypdygyny belledi.

Döwlet Baştutanymyz milli ykdysadyýetimizi sanly ulgama geçirmek boýunça öňde durýan wajyp wezipelere ünsi çekip, sanly ulgamy ähli düzümlere giňden ornaşdyrmak boýunça wise-premýerler Ş.Durdylyýewe hem-de B.Öwezowa tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Öwezow gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işini mundan beýläk-de kämilleşdürmek maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, howa ulaglary düzüminiň dolandyrylyşyna häzirki zamanyň täzeçil usullaryny giňden ornaşdyrmak meselelerine ünsi çekdi. Munuň özi şu günki ýagdaýa laýyk gelmelidir. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz wise-premýere bu pudakda alnyp barylýan işleriň ýokary derejesini üpjün etmek we iş meýilnamalaryny ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly meselelere gözegçiligi güýçlendirmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow raýat awiasiýasynyň ýurdumyzyň sebitlerini baglanyşdyrmak we halkara logistik giňişligine goşulyşmagyny üpjün etmek arkaly ýurdumyzyň ulag ulgamynyň möhüm bölegidigine ünsi çekdi.

Welaýatlarda ýolagçylara ýokary derejeli hyzmatlar ulgamyny hödürleýän hem-de dürli görnüşdäki uçarlary kabul etmäge ukyply uçuş-gonuş zolakly häzirki zaman howa menzilleriniň gurulmagynyň wajypdygy bellenildi. Munuň özi howa ulaglarynyň ösen düzümini kemala getirmek, täze enjamlaryň we tehnikalaryň ygtybarlylygyny ýola goýmak boýunça amala aşyrylýan strategiýanyň möhüm bölegidir diýip, hormatly Prezidentimiz belledi we bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ç.Gylyjow azyk we oba hojalyk önümleriniň önümçiligini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň taslamasyny taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilýändigini habar berdi. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçilikler döredilýär, degişli önümleriň möçberleri yzygiderli artdyrylýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň azyk howpsuzlygyny pugtalandyrmak boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, ýurdumyzda häzirki zaman maldarçylyk we guşçulyk toplumlary, ýyladyşhanalar, gaýtadan işleýän kärhanalar gurulýar. Şeýle hem täze önümçilik kuwwatlyklary işe girizilýär.

Mundan başga-da, miweli bag nahallary ekilýär. Munuň özi ýokary hilli ir-iýmişleriň önümçiliginiň artmagyna we içerki bazarda bolçulygynyň üpjün edilmegine mümkinçilik berdi. Şunuň bilen baglylykda, miweçiligi ösdürmek üçin berilýän ýer bölekleriniň möçberlerini artdyrmak meýilleşdirilýär. Şeýle hem ýurdumyzda ekologiýa taýdan arassa gök we miwe önümlerini ýetişdirmek üçin suw tygşytlaýjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen döwrebap ýyladyşhanalar gurulýar hem-de olary saklamaga niýetlenen sowadyjy ammarlar işe girizilýär.

Azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini artdyrmagyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň çäklerinde Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň önümçilik taslamalarynyň 88-sini amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Munuň özi diňe bir içerki bazarlary ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, onuň eksport möçberini artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer milli Liderimiziň garamagyna degişli Maksatnamanyň taslamasyny hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde, onuň senagat we eksport mümkinçiliklerini yzygiderli artdyrmakda milli ykdysadyýetimiziň döwlete dahylsyz pudagyna möhüm ornuň degişlidigini belledi.

Hormatly Prezidentimiz daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ösdürmek, oba hojalygy pudagynyň işini kämilleşdirmek, gaýtadan işleýän önümçiligi we ýurdumyzda öndürilýän bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini artdyrmak boýunça başy başlanan işiň netijeli dowam etmegi zerurdyr diýip belledi we bu babatda wise-premýerler Ç.Gylyjowa hem-de E.Orazgeldiýewe anyk tabşyryklary berdi.

Milli Liderimiz söwda toplumyny mundan beýläk-de döwrebaplaşdyrmak, ilatyň azyk önümlerine bolan isleglerini öwrenmek we ony doly kanagatlandyrmak, alyjylara edilýän hyzmatlaryň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça wise-premýere birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M. Geldinyýazow ýurdumyzyň ylym ulgamyny mundan beýläk-de ösdürmek, hususan-da 2021-nji ýylda aspirantura we alymlyk derejelerine dalaşgärlige hem-de kliniki ordinatura kabul etmegiň meseleleri boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanda ýokary hünärli işgärleri we ylmy işgärleri taýýarlamak, ylmy taslamalara döwlet tarapyndan maliýe goldawyny bermek hakyndaky Kararyna laýyklykda, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, ylmy edaralaryň we ýokary okuw mekdepleriň zerur ugurlar boýunça teklipleri seljerildi.

Netijede 2021-nji ýylda aspirantura we kliniki ordinatura kabul ediljek adamlaryň sanawy kesgitlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň täzeçil ösüşinde möhüm orun eýeleýän ylmyň hemişe döwür bilen aýakdaş gitmelidigine ünsi çekdi. Ony mundan beýläk-de ösdürmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Döwletimizde kabul edilen möhüm maksatnamalaryň yzygiderli durmuşa geçirilmegi pudagyň işiniň kämilleşdirilmegine kuwwatly itergi berer we netijeli, durnukly hem-de bähbitli sanly, häzirki zaman IT-tehnologiýalaryna esaslanýan ulgamy döretmäge, dünýäniň ösen tejribesine laýyklykda ylym bilen önümçiligiň arasynda ýakyn gatnaşygyň ýola goýulmagyna mümkinçilik berer.

Döwlet Baştutanymyz täze zehinli we has zerur ulgamlar boýunça ýöriteleşen alymlaryň täze nesliniň taýýarlanmagynyň wajypdygyny belläp, wise-premýere ylma bolan gatnaşyklary höweslendirmek, zehinli ýaşlary ösdürmek, olaryň hünär ukyplaryny işjeňleşdirmek üçin zerur şertleri döretmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryM.Mämmedowa döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy, Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni, şeýle hem paýtagtymyzda akyldar şahyryň täze ýadygärliginiň açylmagy mynasybetli wideoaragatnaşyk arkaly medeni çäreleri geçirmäge taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Aşgabadyň günortasyndaky ajaýyp künjekleriniň birinde ebedileşdirilen Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň açylyşy mynasybetli, Daşary işler ministrligi bilen bilelikde daşary ýurtlaryň medeniýet we sungat ussatlary bilen onlaýn-tertibinde birnäçe duşuşyklar meýilleşdirildi.

Dünýäniň dürli ýurtlarynda oturdylan Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň ýanynda şahyrlaryň, terjimeçileriň, ylmy işgärleriň gatnaşmagynda edebi okaýyşlary, ylmy maslahatlary, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň ömri we döredijiligi bilen baglanyşykly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Bu dabaralardan taýýarlanylan wideogörnüşler Medeniýet we sungat işgärleriniň güni, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guraljak dabaralarda görkeziler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmeniň beýik akyldar şahyrynyň hormatyna guralýan çäreleriň, “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda belleniljek Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň aýratyn ähmiýetli bolmalydygyny belledi.

Milli Liderimiz Magtymguly Pyragynyň eserleriniň dürli dillere terjime edilmegi, şeýle hem dürli ýurtlarda onuň ýadygärlikleriniň dikeldilmeginiň dünýäniň dürli halklarynyň türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekiline goýýan hormatynyň we onuň baý edebi myrasynyň çuňňur öwrenilýändiginiň aýdyň nyşanydygyny nygtady. Beýik şahyryň umumadamzat gymmatlyklaryny, ynsanperwer ýörelgeleri wasp edýän pelsepewi eserleri häzirki döwürde hem öz ähmiýetini ýitirmeýär.

Döwlet Baştutanymyz daşary ýurtlaryň wekilleriniň gatnaşmagynda çäreleriň geçirilmeginiň Magtymgulynyň bahasyz edebi we pelsepewi mirasynyň giňden wagyz edilmegine we umuman, dünýäniň halklarynyň arasynda özara düşünişmek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşanda öwrüljekdigini belläp, wise-premýere bu çäreleri hem-de şanly seneleriň hormatyna guraljak beýleki dabaralary ýokary derejede geçirmek babatda anyk görkezmeleri berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýyl paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň belleniljekdigini aýdyp, bu şanly sene mynasybetli, dürli filmleriň döredilmegini, mowzuklaýyn sergileri we döredijilik bäsleşikleri guramagy tabşyrdy.

Ak mermerli Aşgabat biziň buýsanjymyz, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň aýdyň nyşany, biz bu şäheri uly söýgi bilen abadanlaşdyrýarys, onuň adamlaryň ýaşaýşy üçin amatly bolmagyny üpjün edýäris, şanly sene mynasybetli guraljak çärelerde hut şu ýörelgeler öz beýanyny tapmalydyr diýip, milli Liderimiz belledi we bu babatda wise-premýere birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň sebitlerinde ýazky ekiş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Welaýatlar boýunça 2021-nji ýylda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky” Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligi önüm öndürijiler bilen şertnamalary baglaşyp, önümleri ylalaşylan baha esasynda satyn alar, şeýle hem agrotehniki kadalara laýyklykda önüm öndürijileri ýokary hilli gowaça tohumy we tehniki hyzmatlar, suwaryş suwy hem-de mineral dökünler bilen üpjün eder.

Umuman, ýurdumyz boýunça dürli görnüşli oba hojalyk ekinlerini ösdürip ýetişdirmek üçin bölünip berlen ýer bölekleriniň mukdary 1 million 390 müň 120 gektara barabardyr.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümleriniň önümçilik mukdarlaryny mundan beýläk-de artdyrmagyň wajypdygyna ünsi çekdi. Munuň özi ilatymyzyň ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümlerine bolan islegleriniň kanagatlandyrylmagyny üpjün eder.

Gowaça ekişi bellenilen möhletde geçirilmelidir, ak ekinlere degişli ideg işleri ýola goýulmalydyr. Munuň özi bu ekinlerden bol hasyl almaga mümkinçilik berer diýip, döwlet Baştutanymyz belledi hem-de zerur agrotehniki çäreleriň öz wagtynda geçirilmegi, pudaga öňdebaryjy tejribeleriň we ylmy taýdan esaslandyrylan ekin dolanyşygynyň girizilmegi babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyklykda oba hojalyk ekinlerini ýerleşdirmek hem-de önümleri öndürmek hakyndaky Karara gol çekip, ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere iberdi we bu babatda degişli görkezmeleri berdi.

Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa milli Parlamentiň kanun çykaryjylyk işi, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadyny kämilleşdirmek, jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmak we täzeçil ösüşi üpjün etmek boýunça amala aşyrylýan çäreler barada maglumat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde Türkmenistanda Saýldawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky merkezi topar, welaýatlaryň häkimlikleri welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlary bilen bilelikde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk işleri dowam edýär.

Saýlawlaryň demokratik esasda geçirilişine syn etmek maksady bilen, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri, raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen synçylar merkezi saýlaw topary tarapyndan bellige alyndy. Şeýle hem möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň ähmiýetini wagyz etmek bilen baglanyşykly işler geçirilýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Mejlisiň ýurdumyzda medeniýet syýasatynyň ýokarlanmagyna, raýatlyk edaralarynyň we demokratik gymmatlyklaryň berkidilmegine gönükdirilen işleriniň esasy ugurlaryna ünsi çekdi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasyny işläp taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilmegine gözegçilik etmek boýunça Pudagara toparyny döretmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Şunuň bilen baglylykda, ählumumy gün tertibiniň möhüm ugurlary boýunça köptaraplaýyn halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Bitarap Türkmenistanyň alyp barýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, tebigy serişdelerden rejeli peýdalanmak we ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerine möhüm orun degişlidir.

Milli Liderimiziň bu ugurda öňe sürýän işjeň başlangyçlary dünýä bileleşiginiň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolýar. Şolary iş ýüzünde durmuşa geçirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan degişli işler alnyp barylýar.

Bu gün Türkmenistan halkara Konwensiýalarynyň 20-sine we ekologiýa, daşky gurşawy goramak boýunça köptaraplaýyn resminamalara goşuldy. Şolaryň bäşisine geçen ýylyň dowamynda goşuldy. Munuň özi bu ugurlarda milli, sebit we halkara derejesindäki netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin pugta hukuk binýadyny emele getirýär.

Hormatly Prezidentimiziň ýokarda agzalan ugurlar boýunça öňe süren başlangyçlarynyň hatarynda Aral deňzi we bu zolakdaky ekologiýa ýagdaýy bilen baglanyşykly meseleleri çözmek boýunça teklipleriniň aýratyn ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Şolary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2019-njy ýylda BMG-niň Aral sebiti üçin Ýörite maksatnamasynyň Konsepsiýasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminama şol ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamasyna laýyklykda geçirilen köptaraplaýyn geňeşmeleriň dowamynda beýan edildi.

Häzir Türkmenistanyň başlangyjy boýunça şol Ýörite maksatnamany döretmek boýunça Kararnamanyň taslamasy Aziýa we Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we durmuş toparyna (ESKATO) agza ýurtlaryň garamagyna hödürlenildi. Oňa 2021-nji ýylyň aprel aýynda geçiriljek ESKATO-nyň nobatdaky mejlisinde garamak meýilleşdirilýär.

Aralyň guramagy netijesinde emele gelýän ýaramaz ýagdaýlary aradan aýyrmak boýunça işleri yzygiderli dowam etmek üçin, milli Liderimiziň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň degişli ministrlikleri we pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde Aral milli maksatnamasynyň Konsepsiýasy işlenip taýýarlanyldy. Onda Aral sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça milli derejedäki çäreleriň esasy ugurlary kesgitlenildi.

Bu Konsepsiýa ilatyň ýaşaýşy üçin amaty şertleri döretmek, suw serişdelerini dolandyrmagyň we peýdalanmagyň ulgamyny kämilleşdirmek, tokaý zolaklaryny döretmek we biodürlüligi goramak ýaly wajyp wezipeleri öz içine alýar.

Aral sebitinde ykdysady abadançylygy ýokarlandyrmak, oba hojalygy ösdürmek we ýerden peýdalanmagyň häzirki zaman usullaryny ornaşdyrmak ýaly ugurlary öz içine alýan ýörite senagat zolagyny döretmek boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Tassyklanan ugurlaryň hatarynda ýaşaýyş jaýlaryny we durmuş maksatly desgalary gurmak, daşky gurşawy goramakda täzeçil we döwrebap tehnologiýalary peýdalanmak, ylmy-barlag işlerini geçirmek we ilatyň ekologiýa ugry boýunça sowatlylygyny ýokarlandyrmagyň usullaryny kämilleşdirmek ýaly wezipeler bar.

Bu konsepsiýa esaslanyp, Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli maksatnamasyny taýýarlamak we onuň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmek üçin Pudagara toparyny döretmek teklip edilýär. Ol hemişelik esasda hereket etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň Aral meselesiniň ýaramaz täsirlerini ýeňip geçmek boýunça döwletara gatnaşyklary üçin möhüm binýat bolan we ähmiýeti sebitiň çäklerinden daşyna çykýan Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň çäklerinde hyzmatdaşlyk meselelerinde möhüm orun eýeleýändigini we Aral meselesiniň çözgüdine uly üns berýändigini belledi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, bu ugurda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin dünýä bileleşiginiň goldawy, toplumlaýyn halkara çemeleşme, Birleşen Milletler Guramasynyň bu işlere netijeli gatnaşyklary wajypdyr. Türkmenistanyň BMG-niň Aral üçin Ýörite maksatnamasyny taýýarlamak baradaky başlangyjy hut şu ugra gönükdirilendir.

Aral meselesiniň möhüm çözgüdi boýunça netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmegine, ykdysady, durmuş, ynsanperwer we ekologiýa ugurlarynda giň möçberli milli maksatnamalaryň we taslamalaryň durmuşa geçirilmegine hemmetaraplaýyn goldaw bermek arkaly, ýurdumyz bar bolan oňyn tejribeleri we döredijilikli mümkinçilikleri umumy abadançylygyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, hödürlenen Karara gol çekdi we ony elektron resminama dolanyşygy arkaly wise-premýere, DIM-niň ýolbaşçysyna iberdi we 2021-2025-nji ýyllarda Aral boýunça Milli Maksatnamany taýýarlamak babatda Pudagara toparynyň netijeli işini üpjün etmek boýunça anyk tabşyryklary berdi.

Ministler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri hasabatyň dowamynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy boýunça kabul edilen Kararnamasynda yglan edilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň açylyş dabarasyny geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.

Döwlet Baştutanymyz bu wakanyň wajypdygyny belläp, Bitarap Türkmenistanyň BMG bilen strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny aýtdy. Ählumumy ugurda netijeli we deňeçer gatnaşyklary ýola goýmagyň binýady hökmünde parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini dikeltmegiň we ony tassyklamagyň wajypdygyna düşünip, ýurdumyz 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky teklibi öňe sürdi.

Bu başlangyç dünýä bileleşiginiň goldawyna mynasyp boldy hem-de BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen berkidildi. Türkmenistan mundan beýläk-de Birleşen Milletler Guramasyniň parahatçylyk döredijilikli tagallalaryna mynasyp goşant goşar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi we öňde boljak dabaranyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy şu ýylyň 30-njy ýanwarynda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň ÝUNEСKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Onuň gün tertibine BMG-niň bu iri ýöriteleşdirilen edarasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde ýerine ýetirilen çäreler we şu ýyl üçin meýilleşdirilen işler bilen baglanyşykly meseleleriň toplumy girizildi.

“Beýik Ýüpek ýoluny” : Zarawşan-Garagum geçelgesi” ulgamlaýyn nominasiýasy boýunça ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmäge hödürlenen tekliplere garalar.

Olar Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek we rejelemek baradaky milli müdirliginiň we “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň hünärmenleriniň Beýik Britaniýanyň London uniwersitetiniň arheologiýa institutynyň hünärmenleri bilen hyzmatdaşlykda Beýik Ýüpek ýolunyň Amul-Merw şahasynyň ugry boýunça arheologik gözleg-barlag saparyny amala aşyrdylar.

Şunuň bilen baglylykda, orta asyrlarda bu kerwen ýolunyň ugruna garaldy. Onuň ugrunda Amul galasy, Mansaf rabady, Könegala, Akgala, Gyzyljagala kerwensaraýlary Tahmalaj –at düşelgesi, Kuşmeýhan orta asyr şäheri ýaly ýadygärlikler bar. Olary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň ýokarda agzalan nominasiýa boýunça sanawyna girizmegiň mynasypdygy tassyklanyldy.

Bu gün Türkmenistanyň çäginden geçýän gadymy kerwen ugry bolan Beýik Ýüpek ýolunyň halkara söwda gatnaşyklarynyň, Aziýa bilen birnäçe Ýewropa ýurtlarynyň ykdysady we medeni hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine oňyn täsirini ýetiren ugur hökmünde ajaýyp taryhy-medeni miras hökmünde garalýar.

Birnäçe daşary ýurtlaryň ylym-bilim merkezleriniň hormatly doktory, professor, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistan-Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi” atly ýurdumyzda we daşary döwletlerde uly meşhurlyk gazanan kitabynda anyk maglumatlara, ähmiýetli dokumental çeşmelere, arheologik we binagärlik ýadygärliklerine, etnografik maglumatlara ylmy taýdan syn bermek usuly bilen ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm bölegi hökmündäki ähmiýetine ýokary baha berilýär. Bu ýol tutuş adamzadyň ösüşine oňyn täsirini ýetiripdir.

Orta asyrlaryň bu möhüm ýolunyň taryhda onlarça döwletleri söwda, maglumat we medeni gatnaşyklar arkaly baglanyşdyrandygyny tassyklaýan maglumatlar bar. Kitapda türkmen halkynyň diňe bir taryhy we ruhy mirasy barada däl, eýsem, Ýewropa bilen Aziýanyň çatrygynda ýerleşen ýurdumyzyň geljekki ösüşi barada gürrüň berilýär.

Bu möhüm ugruň täzeden dikeldilmegi häzirki zaman ählumumy we utgaşykly ýagdaýlaryň ösdürilmeginde ägirt uly ähmiýeti bardyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yklymüsti ulag-logistika düzümini döretmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň amala aşyrylmagy ýurtlary we halklary ýakynlaşdyrmagyň esasy şertidir.

Zarawşan-Garagum geçelgesini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasyanyň sanawyna hödürlemek maksady bilen, teklip edilýän desgalar boýunça resminamalar toplumynyň gutarnykly görnüşini öz içine alýan degişli işler alnyp barylýar. Resminamalar halkara talaplaryna laýyklykda, bellenilen möhletde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä komitetine hödürlenmeli. Beýik Ýüpek ýolunyň Zarawşan-Garagum geçelgesini bu abraýly sanawa girizmek meselelerine komitetiň 2021-nji ýylyň sentýabrynda geçiriljek nobatdaky mejlisinde garalar.

Şunuň bilen birlikde, Milli toparyň mejlisiniň gün tertibine Aşgabat şäherini ÝUNESKO-nyň Şäherleriň döredijilik toruna girizmek boýunça teklipler girizildi. Şeýle hem ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde ÝUNESKO kafedrasyny döretmek we birnäçe umumybilim berýän mekdeplerini ÝUNESKO-nyň mekdepler assosiasiýasyna girizmek bilen baglanyşykly amala aşyrylýan işler ara alnyp maslahatlaşylar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy bolmak bilen, Türkmenistan BMG-niň bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça ýöriteleşen abraýly düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň ösdürilýändigini we bu ugurda netijeli halkara gatnaşyklarynyň berkidilmegine önjeýli goşant goşýandygyny belledi.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ÝUNESKO-nyň bütindünýä medeni we taryhy mirasyny goramak boýunça Konwensiýasyna goşulmak bilen, ýurdumyz geljek nesiller üçin halkymyzyň bahasyz baýlygy, dünýä medeniýetiniň möhüm bölegi bolup durýan taryhy-medeni gymmatlyklary goramak boýunça ägirt uly işleri alyp barýar.

Türkmenistanda ajaýyp ýadygärlikleriň ýerleşen ýerlerine möhüm üns berilýär we şolary goramak, rejelemek, dünýäde giňden wagyz etmek boýunça toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzyň ajaýyp taryhy-medeni desgalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizildi. Şeýle hem Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen taryhy ýadygärlikleri toplumlaýyn nominasiýa boýunça bu sanawa girizmek meýilleşdirilýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bu barada aýtmak bilen, ÝUNESKO-nyň işi boýunça Milli toparynyň durmuşa geçirýän çäresiniň köpýyllyk ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde ähmiýetlidigini belledi hem-de onuň nobatdaky mejlisiniň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi we däp bolan hem-de täze ugurlardaky netijeli gatnaşyklary giňeltmek işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow harby we hukuk goraýjy edaralarynda ýurdumyzda parahatçylygy, asudalygy we durnuklylygy saklamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Şeýle hem ýakynda Watan goragçylarynyň gününiň giňden bellenendigi, şu mynasybetli giň möçberli baýramçylyk maksatnamasynyň taýýarlanandygy hem-de harby özgertmeleriň durmuşa geçirilişi, onuň çäklerinde bu düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, harby gullukçylaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak we harby gullukçylaryň hem-de olaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek boýunça maksatnamalaýyn işleriň alnyp barylýandygy hakynda hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň öz Bitaraplyk derejesine we halkymyzyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk ýaly ýokary ahlak ýörelgelerine hemişe ygrarlydygyny belledi. Ýurdumyzyň tutuşlygyna goranyş we parahatçylyk söýüjilik häsiýetine esaslanýan Harby doktrinasy hut şu ýörelgelere esaslanýar.

Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň harby we hukuk goraýjy düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegine, harby gullukçylar baradaky aladanyň hemmetaraplaýyn häsiýete eýe bolmagyna mundan beýläk-de üns berler hem-deWatan goragçylarynyň ýokary derejeli gulluk etmegi we amatly ýaşaýşy üçin ähli zerur şertler dörediler.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyna hemmetaraplaýyn taýýarlyk görmegiň wajypdygyny belläp, bu mukaddes baýramy mynasyp garşylamak üçin zerur taýýarlyk işlerini alyp barmak babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.

Soňra milli Liderimiz hökümetimiziň öňünde durýan wajyp wezipeleri kesgitledi– şanly ýylda jemi içerki önümiň durnukly ösüş depginini ýokary derejede üpjün etmekden ybaratdyr.

Döwlet Baştutanymyzyň nygtaýşy ýaly, şu maksat bilen, ähli ýolbaşçylar bu derejä ýetmäge we dünýä ykdysadyýetindäki ýaramaz täsirleri azaltmaga gönükdirilen çäreleri işläp düzmelidirler.

Milli Liderimiz Ministrler Kabinetiniň agzalaryna ýüzlenip, bolup biljek ykdysady ýitgileriň öwezini dolmak hem-de milli ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi. Durnukly pul dolanyşygyny gazanmak we durnukly makroykdysady ýagdaýy saklamak üçin ähli zerur şertler döredilmelidir.

Hormatly Prezidentimiz beýleki döwletlerden getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri ýurdumyzda öndürmek boýunça önümçilikleri döretmek işlerini çaltlandyrmagy, şeýle hem içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýän ýerli önümleriň eksport edilýän möçberlerini artdyrmagy talap etdi.

Bellenilişi ýaly, zähmet bazary bilen bagly işler hemişe üns merkezinde saklanylmalydyr. Emele gelýän ýagdaýlar bilen baglylykda, zähmet gorlary döredilmelidir hem-de maksadalaýyk dolandyrylmagy üpjün edilmelidir.

Milli statistiki ulgamy döwrebap ýagdaýa getirmeli hem-de statistiki hasabatyň görnüşlerini tükellemeli. Olary umumylaşdyryp, möhleti geçen we möhüm bolmadyk görnüşlerini gysgaltmaly. Sanly ulgam arkaly iş alyp barmaga geçmek boýunça çäreleri dowam etmeli hem-de dünýä tejribesinde bu ugurda gazanylan oňyn netijeleri peýdalanmaly.

Şeýle hem mejlise gatnaşyjylaryň öňünde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk ýubileýi mynasybetli gurlup, ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulan senagat we durmuş maksatly desgalaryň hem-de binalaryň öz wagtynda maliýeleşdirilmegini berk gözegçilikde saklamak wezipesi goýuldy.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki zaman bank hyzmatlaryny, elektron tölegleri ornaşdyrmagy çaltlandyrmaga ünsi çekdi. Bellenilişi ýaly, nagt däl hasaplaşyk ulgamyny giňeltmeli. Durnukly pul dolanyşygy üçin zerur şertleri döretmeli. Bank ulgamyna ynamy we onuň özüne çekijiligini ýokarlandyryp, berilýän karzlaryň netijeli bolmagyny hem-de wagtynda gaýtarylmagyny üpjün etmeli.

Hususy pudagyň fiziki we ýuridiki şahslaryň pul goýumlaryny çekmegiň we olary bermegiň tertibini ýönekeýleşdirmeli. Şeýle hem banklaryň arasynda bäsleşigi döretmek arkaly hyzmatlar üçin töleglere gaýtadan seretmeli diýip, döwlet Baştutanymyz sözüni dowam etdi.

Şeýle hem hökümet agzalaryna pudaklara walýuta serişdeleriniň gelip gowuşmagyny hem-de olaryň ýurdumyzyň daşary söwda dolanyşygyna edýän täsirini her aýda seljermek tabşyryldy.

Halkara maliýe edaralaryndan (Halkara täzeleniş we ösüş banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky) hem-de halkara gaznalaryndan kiçi we orta telekeçiligi goldamak üçin pul serişdelerini, karzlary çekmek boýunça çäreler toplumyny amala aşyrmak bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet – hususy pudak hyzmatdaşlygy arkaly, garyşyk maliýe ýörelgeleri esasynda maýa goýumlarynyň beýleki çeşmelerini ösdürmek boýunça işleri has-da güýçlendirmegi tabşyrdy

Milli Liderimiz «Dördünji senagat rewolýusiýasynyň» ykdysadyýetimiziň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamyna täsir edip başlamagyna üns bermegi, şuny nazara alyp, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda durmuş-ykdysady wezipeleri çözmäge bütinleý täzeçe çemeleşmegi tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz döwletiň düzgünleşdiriji ornuny göz öňünde tutup, bazar edaralaryny we usullaryny doly derejede ösdürmegiň üpjün edilmelidigini, döwlet eýeçiligine degişli desgalary hususylaşdyrmak boýunça netijeli çäreleriň işlenip taýýarlanylmalydygyny aýtdy.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, häzirki döwürde jemi içerki önümiň ösüş depgininde döwlete dahylly bolmadyk pudagyň paýy 70 göterime barabardyr. Şunuň bilen baglylykda, ykdysadyýetiň döwlete dahylly bolmadyk pudagyny ösdürmek üçin ähli zerur şertleri döretmek, 2021-nji ýylda jemi içerki önümiň düzüminde bu pudagyň paýyny 70,6 göterime ýetirmek üçin zerur tagallalar edilmelidir.

Şeýle hem mejlisde döwlet durmuşyna degişli beýleki meselelere garaldy we olar boýunça çözgütler kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen mejlisini tamamlap, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, abadançylyk we berkarar Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Degişli makalalar

Mämmetgulyýew Türkmen Tennisi Üçin Ykjam Taýýarlyk Görýär

Türkmenistanyň Nebiti, Gazy we Mineral Serişdeleri Žurnalynyň Nobatdaky Sany Çap Edildi

turkmenhabargullugy

Birža Täzelikleri