15.9 C
Aşkabat
27.04.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Açyk Gapylar we Oňyn Bitaraplyk Syýasaty

Açyk Gapylar we Oňyn Bitaraplyk Syýasaty

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 25 ýyllyk baýramçylygy dabaralandyrylan şanly 2016-njy ýyl tamamlanyp barýar. Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýyly diýlip yglan edilen bu ýyl ýatdan çykmajak wakalara, beýik işlere we rowaç tutumlara baý boldy hem-de Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň şanly ýyl ýazgysyna altyn harplar bilen ýazylar. Bu ýylyň her bir güni ýurdumyzyň halkara abraýynyň ýokary galýandygyny, ykdysady kuwwatynyň durnukly ösýändigini, halkymyzyň abadançylyk derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny we milletiň ruhy taýdan galkynýandygyny alamatlandyrýan täze wakalara, anyk magumatlara beslendi.

Tamamlanyp barýan ýylda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan parahatçylyk dörediji ýurt hem-de halkara hyzmatdaşlygynyň möhüm merkezi hökmündäki derejesini pugtalandyryp, dünýä giňişliginde eýeleýän ornuny has-da berkitdi. Şu geçen on iki aýyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary döwletleriň, abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň ýokary ýolbaşçylar, dünýäniň işewür toparlary bilen köpanly duşuşyklary geçirendigini bellemeli. Ýurdumyzyň Hökümet wekiliýeti daşary ýurt saparlarynyň 8-sini amala aşyrdy. Daşary ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlarynyň Türkmenistana on sapary bellige alyndy. Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýakyn we uzak ýurtlar bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryny berkitmegi üçin täze mümkinçilikleri açýan ikitaraplaýyn resminamalaryň 136-syna gol çekildi we wajyp ylalaşyklar gazanyldy.

Daşary ýurtlaryň dürli derejedäki wekiliýetleriniň Türkmenistana guraýan saparlarynyň yzygiderli artmagy, syýasy geňeşmeleriň, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň, şeýle hem halkara maslahatlarynyň, forumlaryň, okuw maslahatlarynyň we beýleki bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň sazlaşykly ösüş ýoluna düşendiginiň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýlelikde. şu ýylyň başyndan bäri Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky geňeşmelriniň 29-sy, hökümetara toparlarynyň mejlisleriniň 16-sy, daşary ýurtly hyzmatdaşlar, şol sanda sebit boýunça goňşy döwletler, Ýewropa Bileleşiginiň, Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň, Orta we Ýakyn Gündogaryň, Ýewropanyň we Amerikanyň ýurtlary bilen bilelikde guralan dürli çäreleriň 178-si geçirildi.

Ikitaraplaýyn hökümetara gatnaşyklar bilen bir hatarda, Türkmenistan iri halkara guramalary bolan BMG, ÝHHG, ŞHG, GDA, Goşulyşmazlyk hereketi, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasy we beýleki abraýly halkara düzümler bilen köpugurly gatnaşyklaryny işjeň ösdürýär.

Ýurdumyzyň 2017-nji ýylda Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň başlyklygyna saýlanylmagy şanly waka öwrüldi. Munuň özi Türkmenistanyň halkara giňişligindäki ýokary abraýyna we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara energetika hyzmatdaşlygyny esasy ugur edinýän oňyn daşary syýasatynyň giň goldawa eýe bolýandygyny alamatlandyrdy. Noýabr aýynyň aýagynda Tokioda geçirilen Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynyň 27-nji mejlisinde bu iri halkara guramasynyň Baş sekretary Urban Rusnak Türkmenistanyň başlyklygynyň özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine kuwwatly itergi berjekdigine we tutuşlygyna alnanda energetika howpsuzlygy hem-de durnukly ösüş meseleleri boýunça ählumumy gatnaşyklaryň ýola goýulmagyny şertlendirjekdigine ynam bildirdi. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynda Karara gol çekip, Türkmenistanda we daşary ýurtlarda ýurdumyzyň Energetika Hartiýasynyň Konferensiýasynda başlyklygy bilen baglanyşykly halkara çärelerini geçirmek boýunça guramaçylyk komiteti döretdi we onuň düzümini tassyklady.

Birleşen Milletler Guramasynyň öňdebaryjy agentlikleri we ýöriteleşdirilen düzümleri bilen ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny bellemeli. “Açyk gapylar” we giň halkara hyzmatdaşlyk syýasatyna ygrarly Türkmenistan soňky ýyllarda ählumumy howpsuzlyk ulgamynyň pugta binýadyny döretmekde möhüm orun eýeleýän bu iri halkara guramasy bilen netijeli hem-de özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek bilen saýlap alyn ýoluna yzygiderli eýerýär.

Köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmek we pugtalandyrmak ugrundaky gyzyklanmalar häzirki zamanyň möhüm meseleleriniň oňyn çözgüdine mynasyp goşant bolup durýar. Munuň özi dünýä bileleşiginiň ýokary bahasyna mynasyp bolýar. Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisine wise-başlyklyga, şeýle hem BMG-niň 2017-2020-njy ýyllaryň döwri üçin ösüş maksady bilen, ylym we tehnika birbada Ykdysady we Durmuş Geňeşi toparynyň, 2016-2020-nji ýyllar üçin ilat we ösüş boýunça Toparynyň we 2017-2021-nji ýyllarda Durmuş ösüşi toparynyň düzümine saýlanmagy munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu möhüm düzümlere agza bolmak Türkmenistana toplanan tejribeleri we ýetilen sepgitleri alyşmak, özüniň parahatçylyk söýüjilik we döredijilik kuwwatlyklaryny BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna ýetilmegine gönükdirmek mümkinçiliklerini berýär. Ýurdumyz BMG-niň netijeli halkara gatnaşyklaryny ýola goýmak, dünýäniň dürli döwletleriniň we sebitleriniň durnukly ösüş ýagdaýyna ýygjam goşulmagyny, halklaryň abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün etmek ýörelgelerine gönükdirilen bilelikdäi çözgütleriň kabul edilmegine işjeň gatnaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň ozalden gelýän hyzmatdaşlary bolan BMG-niň öňdebaryjy agentlikleri, şol sanda Birleşen Milletler Guramasyňyň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Çagalar gaznasy we
BMG-niň ilat gaznasy bilen bilelikde alyp barýan işleriniň anyk netije berýändigini bellemeli. Munuň özi 2016-2020-nji ýyllarda bäşýyllyk döwre niýetlenen Türkmenistanda adam hukuklary babatda Hereketleriň milli meýilnamasyndan, Türkmenistanyň Hökümetiniň we ÝUNISEF-iň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasyndan we 2016-njy ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tassyklan Türkmenistanyň hökümeti bilen BMG-niň Ilat gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Ýurt maksatnamasynyň Hereketler meýilnamasyndan ybaratdyr.

Diňe soňky on ylyň dowamynda, 2005-2009-njy ýyllar we 2010-2015-nji ýyllar üçin degişli Çarçuwaly maksatnamalaryň çäklerinde ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň, daşky gurşawy goramagyň ösdürilmegine, hukuk ulgamynyň kämilleşdirilmegine, ylym, bilim we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyklaryň işjeňleşdirlmegine gönükdirilen taslamalaryň 264-si durmuşa geçirildi. Türkmenistanyň ugurdaş döwlet kärhanalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň we Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatda işleýän düzümleriniň gatnaşmagynda şu ýylyň aprel aýynda ýurdumyzyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda
2016-2020-nji ýyllar üçin döwründe hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen gatnaşyklaryň bäşýyllyk täze Çarçuwaly maksatnamasyna gol çekildi. Ol Türkmenistany 2011-2030-njy ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna, şeýle hem geçen ýylyň sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
70-nji mejlisinde kabul edilen 2016-2030-njy ýyllar üçin Durnukly Ösüş Maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Aşgabatda BMG-niň wekilhanasynyň täze binasynyň ulanylmaga berilmegi Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky özara peýdaly hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň subutnamasydyr. Täze binanyň açylyş dabarasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eden çykyşynda belleýşi ýaly, bu waka bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini, abraýly halkara düzümleri tarapyndan döwletimize goldaw berilýändigini we ynanylýandygyny alamatlandyrýan ýörelgeleri esasy ugur edinýän köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde täze tapgyry emele getirýän, şeýle hem Türkmenistanyň häzirkizamanyň möhüm meselelerini çözmäge gönükdirilen halkara başlangyçlaryny öňe sürýändigini äşgär edýän wakadyr.

Mälim bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň belent münberinden Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan möhüm başlangyçlary öňe sürdi. Soňlugy bilen olar BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalary bilen berkidilen “Energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegi hem-de onuň durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekdäki orny” we “Durnukly ösüş üçin halkara hyzmatdaşlygyny üpjün etmekde ulag-üstaşyr geçelgeleriniň orny”çözgütleri emele getirdi. Bu möhüm resminamalar gyzyklanma bildirilýän halkara gatnaşyklarynyň dünýä ykdysadyýetiniň möhüm pudaklary bolan we ählumumy ösüşiň wajyp şertini emele getirýän ugurlardaky özara peýdaly hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini emele getirdi. Şeýlelikde, Aşgabatda şu ýylyň noýabrynda BMG-niň howandarlygynda geçirilen we ýylyň möhüm wakasyna öwrülen Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyň çäklerinde guralan pikir alyşmalar has-da netijeli boldy.

Gün tertibine ulag ulgamy ýaly möhüm ugurdaky hyzmatdaşlyk bilen baglanyşykly meseleler girizilen wekilçilikli halkara maslahatyna dünýäniň onlarça döwletlerinden döwlet Baştutanlarynyň, hökümet we parlament ýolbaşçylarynyň, şeýle hem halkara guramalaryň, düzümleriň, Birleşen Milletler Guramasynyň we onuň öňdebaryjy Toparlarynyň, Ýöriteleşdrilen edaralarynyň, şeýle hm ÝHHG-niň, YHG-niň, ŞHG-niň, GDA-nyň, Ýewropa toparynyň we beýleki abraýly halkara guramalaryň, şeýle hem maliýe düzümleriniň wekilleriniň gatnaşmagy bu maslahatyň ähmiýetini äşgär edýär. BMG-niň Baş sekretary Pan Gi Munuň çykyşynda belleýşi ýaly, bu halkara maslahaty dünýäde durmuş şertleriniň gowulandyrylmagynda, geljekki nesilleriň sazlaşykly ösüşinde möhüm şerti emele getirýän ulag ulgamynyň durnukly ösüşine ünsümizi jemlemäge mümkinçilik berýär.

BMG-niň howandarlygynda geçirilen maslahat, onda Aşgabat beýannamasynyň kabul edilmegi amaly ähmiýetli waka öwrüldi. Geçirilen gepleşikler döwletleriň arasyndaky özara düşünişmek gatnaşyklaryň ösdürilmegini, garaýyşlaryň ýakynlaşdyrylmagyny şertlendirdi we bu möhüim ulgamdaky özara gatnşykaryň amatly guralyny we görnüşlerini işläp taýýarlamak üçin möhüm şertleri emele getirdi. Maslahatyň çäklerinde we kompaniýalaryň ulag ulgamy boýunça mümkinçilikleri, täze taslamalar görkezildi we hyzmatdaşlygyň hukuk binýadynyň berkemegini, Türkmenistanyň dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamyna goşulyşmagyny şertlendirýän resminamalara gol çekildi.

Durnukly ulag ulgamy boýunça Ählumumy maslahatyň çäklerinde ýokary derejedäki Türkmenistanda ösüşiň merkezleşdirilen dolandyryşynyň durmuşa geçirilmegi: gün tertibiniň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk –2030-yň düzümi we esaslary” ýaly ýokary derejedäki çäreler hem-de ulag boýunça işewür-maslahat geçirildi. Olarda durnukly ulag ulgamynyň konsepsiýasynyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň öňe süren we ählumumy parahatçylyk esaslarynyň berkidilmegine, özara peýdaly ylalaşygyň gazanylmagyna we dostluk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary tutuş dünýäde, ilkinji nobatda bolsa sebit boýunça goňşy döwletlerde giň goldawa mynasyp bolýar. Maslahata Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Askar Mamin, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Rustam Azimow, Gyrgyz Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Muhammedkaliý Abulgaziýew we Täjigistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Azim Ibrohim ýaly belent mertebeli myhmanlar Türkmenistanyň ulag ulgamy babatdaky başlangyçlarynyň möhümdigini nygtadylar we goňşy ýurtlaryň bu ugurdaky hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny aýtdylar. Şeýle hem olar Aşgabat maslahatynyň netijeleriniň möhüm düzümleýin taslamalary durmuşa geçirmek boýunça gatnaşyklary işjeňleşdirmäge hyzmat etjekdigine ynam bildirdiler.

Ählumumy maslahatyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň birnäçe möhüm duşuşyklary geçirendigini, şol sanda Awstriýa Respublikasynyň Milli Geňeşiniň ikinji Prezidenti Karlhaýns Kopf we Gruziýanyň Prezidenti Georgiý Margwelaşwili, şeýle hem iri halkara we sebitleýin guramalaryň, hususan-da, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň baş sekretary Lamberto Zanniýer, Awtomobil ulaglary Halkara birleşiginiň Prezidenti Umberto de Pretto, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Raşid Alimow bilen duşuşyklary geçirendigini bellemeli.

Türkmenistanyň ulag-üstaşyr ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn ösdürmek baradaky başlangyçlary goňşy döwletleriň we tutuş Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň ösüş talaplaryny nazara almak bilen, döwletleriň deňeçer milli bähbitlerini ugur edinýän taslamalaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly ýörelgeleriň berkidilýändiginiň subutnamasydyr. Bu ýerde gürrüň Aziýa halkara ulag geçelgesiniň birinji nobatdakysy bolan Atamyrat-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň gurluşygy barada barýar. 28-nji noýabrda ulanmaga berlen bu demir ýol geçelgesiniň açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani gatnaşdy. Biziň urdumyzyň başlanşyjy boýunça amala aşyrylýan we sebitleýin hem-de ählumumy gatnaşyklaryň ösdürilmegine gönükdirilen iri möçberli taslamanyň ägirt uly durmuş-ykdysady netije berjekdidigine we Aziýa ulag geçelgesiniň geljekde Hytaýyň köpşahaly demir ýol ulgamyna we onuň üsti bilen bolsa Aziýa-Ýuwaş umman sebitiniň çalt ösýän döwletlerine çykjakdygyna garaşylýar.

Owganystanda Akina demir ýol bekediniň açylyş dabarasynyň çäklerinde Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iki goňşy halklaryň arasynda dostluk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant ägirt uly şahsy goşandy üçin öz ýurdunyň ýokary sylagy bolan “Gazy Mohammad Akbar Han” döwlet medalyny gowşurdy.

Bu möhüm gurluşyk Türkmenistanyň sebit boýunça goňşy döwletler bilen netijeli hyzmatdaşlygy berkitmek meselelerine aýratyn üns berýändigini äşgär edýär. Ýurdumyzy goňşy döwletler bilen diňe bir geografik taýdan ýakynlyk, taryhy kökler, medeniýetleriň we däp-dessurlaryň umumylygy däl, eýsem özara ykdysady bähbit we ikitaraplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegine bolan taýýarlyk baglanyşdyrýar. Bir ýyl mundan ozal badalga berlen we türkmen tebigy gazyny Günorta Aziýanyň iri ýurtlaryna uzakmöhletleýin esasda ugratmaga gönükdirilen Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan halkara gaz geçirijisiniň gurluşygynyň taslamasy munuň aýdyň subutnamasydyr. Onuň durmuşa geçirilmegine Pakistan möhüm hyzmatdaş hökmünde gatnaşýar. 2016-njy ýylyň mart aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu ýurtda resmi saparda bolandygyny bellemeli.

Iki ýurduň arasyndaky köpýyllyk hyzmatdaşlyk soňky ýyllarda hil taýdan täze derejä çykdy. Şunda energetika, ulag, oba hojalygy, saglygy goraýyş we beýleki möhüm ugurlarda gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär. Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden Pakistan Yslam Respublikasy ýurdumyzyň durmuşa geçirýän hoşniýetli goňşuçylyk syýsatyny we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnuklylyk, abadançylyk esaslarynyň berkidilmegine gönükdirilen halkara başlangyçlaryny işjeň goldaýar. Yslamabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň mejlisinde ilkinji gezek Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk ugruna eýermäge bolan ygrarlylygynyň mälim edilendigini bellemeli. Ýurdumyz bu derejä Milletler Bileleşiginiň ykrar etmeginde eýe boldy. Pakistan ilkinjileriň hatarynda bu başlangyjy diňe bir goldamak bilen çäklenmän, eýsem, BMG-niň 1995-nji ýyldaky degişli kararnamasyna awtordaşlaryň bri hökmünde çykyş etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň dostlukly döwletiň Baştutany Mamnun Huseýn hem-de Pakistanyň Premýer-ministri Muhammad Nawaz Şarif bilen Yslamabatda geçiren gepleşikleriniň çäklerinde soňky ýyllarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegiň ugurlary hakynda netijeli pikir alşymalary boldy. Taraplar gazanylan hem-de resminamalar toplumy bilen berkidilen ylalaşyklaryň Türkmenistan bilen Pakistanyň we olaryň halklarynyň arasynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary ähli görnüşler boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmaga hem-de ösdürmäge ýardam berjekdigine pugta ynam bildirdiler. Saparyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Pakistan Yslam Respublikasynyň “Kaýd-i-Azam” uniwersitetiniň “Syýasy ylymlarynyň hormatly doktory” diýen ylmy dereje berildi. Bu dereje döwlet Baştutanymyza türkmen we pakistan halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine goşant goşandy we ylym-bilim ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde bitiren hyzmatlary
üçin berildi.

Hormatly Prezidentimiz hem-de Pakistan Yslam Respublikasynyň Premýer-ministri Pakistanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky ulag-aragatnaşyk ulgamyny döretmek boýunça uly geljegi bolan taslamalaryň tanyşdyryş çäresine gatnaşdylar. Bu taslamada Türkmenistan özüniň geografik taýdan amatly ýerleşmegi we çäginde tutuş Ýewraziýa yklymy üçin ulag-üstaşyr geçelgeleriniň logistik merkezini döredýändigi bilen däl, eýsem, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebitara ulag geçelgelerini döretmek boýunça BMG-niň derejesinde oňyn başlangyçlary öňe sürýändigi babatda has-da möhüm orun eýeleýändigi bellemeli. Iki döwletiň geosyýasy hem-de geoykdysady ýagdaýyny nazara almak bilen Türkmenistan we Pakistan howa ugurlary, awtomobil we demir ýollary ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna gönükdirilen çözgütleri kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistana resmi saparyna gabatlanyp, iki ýurduň döwlet düzümleriniň we işewür toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürler maslahaty geçirildi. Onda döwletara gatnaşyklaryny ähli ugurlar boýunça çuňlaşdyrmaga hem-de giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn meýiller mälim edildi.

Köpasyrlyk dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk däpleriniň hemmetaraplaýyn berkidilmegi sebitleýin we ählumumy howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň häzirki döwürdäki wajyp şerti bolup durýar hem-de özygtyýarly Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugruny emele getirýär. Şeýlelikde, şu ýylyň iýun aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň Daşkentde geçirilen 15-nji ýubileý Geňeşiniň hormatly myhman hökmünde gatnaşdy. ŞHG-niň sammitinde döwlet Baştutanymyz özüniň daşary ýurtly kärdeşleri bilen birnäçe ikitaraplaýyn duşuşyklary gurady.

Mälim bolşy ýaly, 40-dan gowrak halkara düzümleriniň doly hukukly agzasy bolan ýurdumyz iri halkara guramalarynyň çäklerinde ýola goýulýan gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Dünýäniň syýasy we ykdysady giňişligine üstünlikli goşulmaga uly gyzyklanma bildirýän döwletimiz agzasy däl halkara guramalarynyň birnäçesiniň ýokary derejede geçiriýän mejlislerine işjeň gatnaşýar. Olaryň biri hem Şahnaý Hyzmatdaşlyk Guramasydyr. Guramanyň baş wezipesi ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmekde, ykdysady hyzmatdaşlygy, deňhukukly, ynanyşmak we birek-birege hormatly goýmak esaynda ýola goýulýan ylmy we medeni gatnaşyklary ýola goýmak boýunça tagallalaryň utgaşdyrylmagyny esasy ugur edinýär.

Döwlet Baştutanymyzyň sammitinde eden çykyşynda belleýşi ýaly, ŞHG bilen hyzmatdaşlyk ýurdumyzyň ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilmegine, iri halkara düzümleýin taslamalaryň durmuşa geçirilmegi üçin möhüm şertleriň döredilmegine gönükdirilen daşary syýasatynyň wajyp ugry bolup durýar. “Türkmenistan ŞHG-nyň mümkinçilikleri sebitleýin howpsuzlygyň pugta binýadyny saklamak, gapma-garşylyklaryň öňüni almak, olaryň çözgüdiniň ýeke-täk kabul ederlik serişdesi hökmünde gepleşikleri tassyklamak üçin ulanylmalydyr” diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýokary derejede geçirilen duşuşykda belledi we ýurdumyzyň bu gurama bilen möhüm wezipeleri durmuşa geçirmekde gatnaşyklary işjeňleşdirmäge taýýardygyny mälim etdi.

2016-njy ýyl Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy, şol sanda onuň sebitleri, iri senagat, ylym-bilim hem-de medeni merkezleri bolan Tatarystan Respublikasy, Astrahan we Swerdlow oblastlary, Sankt-Peterburg şäheri hem-de beýleki sebitleri bilen möhüm gatnaşyklar üçin täze mümkinçilikleri açdy. Netijeli gatnaşyklaryň ýola goýulmagy dürli çäreleriň, şl sanda bilelikdäki işewür maslahatlarynyň, özara medeni çäreler bolan döredijilik festiwallarynyň, forumlaryň we sergileriň yzygiderli geçirilmegiene oňyn täsir edýär. Ikitaraplaýyn esasda Medeniýet günleriniň guralmagy däp bolan gatnaşyklaryň çuňlaşdyrylmagyny şertlendirýär. Şeýlelikde, şu ýylyň awgust aýynda Russiýa Federasiýaynyň Moskwa we Wladimir şäherlerinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň berkidilmeginde, iki ýurduň halklarynyň ýakynlaşmagynda, olaryň baý taryhy-medeni mirasynyň wagyz edilmeginde möhüm bolan Türkmenistanyň Medeniýet günleri uly üstünliklere beslendi.

Mälim bolşy ýaly, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Wladimir Putiniň arasynda şu ýylyň 1-nji noýabrynda Soçi şäherinde geçirilen gepleşikleriň barşynda türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlary kesgitlendi. Döwlet Baştutanymyzyň Russiýa Federasiýasyna bolan iş saparynyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki nobatdaky duşuşykda iki ýurduň däp bolan dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we özara peýdaly hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygy, ikitararaplaýyn gyzyklanmalara laýyk gelýän netijeli döwletara gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge bolan meýiller tassyk edildi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedidigini onuň ýola goýulmagynyň indiki ýylda 25 ýyllygynyň bellenjekdigini kanagatlanma bilen nygtap, iki döwletiň Baştutanlary türkmen-rus gatnaşyklarynyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar we onuň wajyp ugurlaryny kesgitlediler. Bellenilişi ýaly, häzirki döwrüň möhüm meselelerine hem-de wehimlerine bolan garaýyşlarynyň meňzeşdigini ýa-da gabat gelýändigini äşgär etmek bilen, Türkmenistan we Russiýa abraýly halkara guramalarynyň hem-de düzümleriniň çäklerindäki işjeň gatnaşyklary üstünlikli ösdürýär. Russiýa tarapy ýurdumyzyň sebitde parahatçylygyň, howpsuzlygyň hem-de abadançylygyň üpjün edilmeginde möhüm orun eýeleýän hemişelik bitaraplyk derejesini, şeýle hem Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň we beýleki wekilçilikli maslahatlaryň münberlerinden öňe sürýän döredijilikli başlangyçlaryny goldaýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýär.
GDA-nyň assosirlenen agzasy bolmak bilen, ýurdumyz ykdysady we ynsanperwer gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmaga täze anyk çemeleşmeleri öňe sürmek bilen, açyk we deňhukukly esasda ýola goýulýan hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmalaryny iş ýüzünde tassyk edýär. Şu ýylyň ahyrynda Aşgabatda Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Grigoriý Karasiniň Türkmenistana bolan saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň 2017-nji ýylda GDA başlyklyk etmeginiň konsepsiýasy görkezildi. Onuň çäginde GDA-nyň halkara gurama hökmündäki utgaşdyryjy wezipesini işjeňleşdirmek, onuň dünýäniň syýasy giňişligindäki abraýyny pugtalandyrmak, Arkalaşygyň düzümleriniň we guramalarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak, goşulyşmak ýagdaýyna we dürli ugurlardaky özara peýdaly hyzmatdaşlyga ýardam bermek ýaly möhüm wezipeler bar.

Goňşy ýurtlar, şol sanda Hazarýaka döwletler bilen özara peýdaly gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyz Hazarýaka döwletleriniň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň köpugurly esasda ösdürilmeginiň, Ýewraziýanyň sazlaşykly ösýän geosyýasy we ykdysady merkezleriniň biri bolan Hazar sebitiniň ägirt uly tebigy-çig mal, energetika, senagat, ulag-üstaşyr mümkinçilikleriniň doly durmuşa geçirilmeginiň tarapdary bolup durýar. Şeýlelikde, sebitiň döwletleriniň hyzmatdaşlygynyň hukuk binýadynyň üstüniň ýetirilmegine gönükdirilen täze resminamalarynyň taslamalarynyň taýýarlanylmagy şu ýylyň noýabrynda geçirilen Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistan ýaly bäş Hazarýaka döwletleriniň doly ygtyýarly wekilleriniň duşuşygynyň esasy meselsei boldy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2010-njy ýylyň noýabrynda Baku şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriň baştutanlarynyň III Sammitinde öňe süren teklipleriniň esasynda Hazar deňziniň suw biologik serişdelerini saklamak we olary netijeli peýdalanmak, şeýle hem Hazar deňzinde adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni almak hem-de ony aradan aýyrmak boýunça hyzmatdaşlyk hakyndaky Ylalaşyklara gol çekildi. Döwlet Baştutanymyzyň goldaw bermeginde Hazar deňziniň gidrometeorologiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda Ylalaşyk işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi.

2014-nji ýylyň sentýar aýynda Astrahan şäherinde geçirilen Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň IV sammitinde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şertnamalaýyn-hukuk, söwda-ykdysady we ulag ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça umumy tagallalary artdyrmak hakyndaky teklibi öňe sürdi.

Ýakyn üç ýylyň dowamynda ýurdumyz Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk eder. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýörite Karara gol çekip, iş toparynyň düzümini tassyklady. Degişli ministrliklere Türkmenistanyň bu gazna başlyklyk etmegi boýunça konsepsiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamak tabşyryldy.

Şu ýylyň maý aýynda Minskide Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň ýokary derejede geçiren duşuşygy türkmen-belarus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine kuwwatly itergi berdi. Hukuk binýadynyň giňeldilmegine we Türkmenistan bilen Belarusuň durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm ugurlaryny nazara alyp, netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekilmegi bar bolan mümkinçiliklere we iki dostlukly halkyň bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň köpugurly guralyny döretmäge bolan gyzyklanmalary äşgär etdi. 12-nji maýda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Aleksandr Lukaşenkonyň gatnaşmagynda dostlukly ýurduň paýtagtynda Türkmenistanyň Ilçihanasynyň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Şol günlerde Minskide Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Onuň dowamynda şäheriň ilaty we myhmanlar halkymyzyň döredijilik dessurlary, baý medeni mirasy, ýurdumyzyň amaly-haşam sungaty we muzeý gymmatlyklary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Soňky ýyllarda ýurdumyz arap dünýäsiniň ýurtlary bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary işjeň ösdürýär. 7-nji martda Aşgabatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyza ilkinji resmi sapary bilen gelen Katar Döwletiniň Emiri şeýh Tamin ben Hamad Al-Tani bilen geçiren gepleşikleri munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 20 ýyllygynyň bellenilýän ýylynda ýokary derejede geçirilen duşuşyk deňhukukly we özara peýdaly esasda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-katar toparynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky ylalaşyga geldiler we onuň işiniň netijeli özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtadandyrjakdygyna we onuň köpugurly esasda ösdürilmegine şertlendiriljekdigine ynam bildirdiler. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejä eýedigini belläp, iki ýurduň döwlet Baştutanlary halkara syýasatynyň meseslerine taraplaryň garaýyşlarynyň meňzeşdigini, häzirkizamanyň möhüm meseleleriniň çözgüdine umumy işjeň çemeleşmeleriň bardygyny, munuň özi parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň üpjün edilmeginde möhümdigini nygtadylar.

Şu ýylyň maý aýynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Saud Arabystany Patyşalygyna resmi sapary amala aşyrdy. Er-Riýad şäherinde ýokary derejede geçirilen duşuşygyň çäklerinde iki ýurduň Baştutanlary syýasy, söwda-ykdysady we medeni-gumanitar ulgamlardaky türkmen-saud hyzmatdaşlygyny ösdürmek, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň möhüm ugurlary bilen baglanyşykly meseleler toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Deňhukukly we birek-birege ynanyşmak esasynda ýola goýulýan gatnaşyklar Türkmenistan bilen Saud Arabystanynyň arasyndaky häzirki hyzmatdaşlygyň häsiýetli aýratynlygydyr. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2007-nji ýylyň aprel aýynda Türkmenistanyň Prezidenti hökmünde ilkinji daşary ýurt saparyny hut şu ýurda amala aşyrmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurduň hökümet agzalary we işewür toparlarynyň wekilleri bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda kabul edilen çözgütleriň yzygiderli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen resminamalar toplumyna gol çekilmegi iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny köpugurly esasda ösdürmäge bolan gyzyklanmalaryny äşgär edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Er-Riýad” gazetine beren interwýusynda belleýşi ýaly, iki halkyň birek-birege bolan gatnaşyklarynyň ýokary derejesi, olaryň ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň we garaýyşlarynyň ýakynlygy özara peýdaly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugta binýadyny emele getirýär. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary yzygiderli ýola goýmaga mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we ýurdumyzyň hökümet wekiliýetiniň agzalarynyň Mekge şäherindäki tutuş yslam dünýäsiniň merkezi hasaplanylýan mukaddes Kabä zyýarat etmegi bu taryhy sapara özboluşly ruhy galkynyş eçildi. Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Onuň Alyhezreti Saud Arabystanynyň patyşasy Salman ben Abdulaziz Al Saudyň 2-nji maýdan 3-nji maýa geçilýän gijede hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow üçin Allanyň öýi hasaplanylýan mukaddes Käbäniň gapysyny açyp, mukaddesligiň içinde namaz okamak üçin mümkinçilik döretmegi aýratyn bellärliklidir. Munuň özi örän seýrek gabat gelýän ýagdaýdyr. Bu bolsa şol ýurtda biziň halkymyza, döwletimize we hut hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa goýulýan çäksiz hormatyň nobatdaky subutnamasydyr. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz saparyň çäklerinde musulman dünýäsi üçin mukaddes hasaplanylýan Medine şäherine bardy. Şol ýerde yslamy esaslandyyjy Muhammet Pygamber ýaşapdyr we jaýlanypdyr. Bu gadymy şäher adamzat taryhynda musulman döwletiniň ilkinji sallançagy hasaplanylýar. Hut şu ýerden yslam tutuş dünýä ýaýrap, özbaşdak din derejesine eýe bolýar.

Şu ýylyň noýabr aýynda Palestina Döwletiniň Prezidenti Mahmud Abbas Türkmenistana ilkinji resmi sapar bilen geldi. Özygtyýarly Türkmenistan dünýäniň ähli döwletleri, şol sanda Ýakyn Gündogaryň ýurtlary, hususan-da, Palestina bilen deňhukukly, dostluk gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine uly gyzyklanma bildirýär. Aşgabat duşuşygy 1992-nji ýylyň ýaz aýyndan başlap, iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýlan pursatyndan bäri çärýek asyryň dowamynda sazlaşykly ösýän özara peýdaly we köpugurly gatnaşyklaryň täze tapgyryny emele getirdi. Paýtagtymyzda geçirilen gepleşikleriň gün tertibine dürli ugurlardaky iki ýurduň gatnaşyklaryna degişli meseleleriň köp sanlysy girizildi. Ähli gazanylan ylalaşyklar gol çekilen ikitaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapdy we ol taraplaryň söwda-ykdysady we medeni-gumanitar gatnaşyklary ösdürmek üçin ygtybarly binýat bolup durýan syýasy gatnaşyklary yzygiderli ösdürmäge taraplaryň meýillerini özünde jemledi.

Türkmen topragynda bildirilen myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, Mahmud Abbas häzirki döwürde Merkezi Aziýa sebitinde möhüm orun eýeleýän Garaşsyz, Bitarap Türkmenistana gelip görmek üçin döredilen mümkinçilige örän şatdygyny nygtady. Bellenilişi ýaly, tutuş dünýäde bolşy ýaly, Palestinada hem häzirki döwürde düýpli oňyn özgertmeler ýola bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň sazlaşykly ösüşine uly gyzyklanma bilen syn edýärler we hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän hem-de beýleki döwletler üçin nusgalyk bolup durýan bitaraplyk, daşary syýasat esaslaryna daýanýan parahatçylyk söýüjilik syýasatyna ýokary baha berýärler.

Prezident Mahmud Abbasyň ýurdumyza resmi saparyna gabatlanyp, Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň açylyş dabarasy boldy. Dostlukly ýurduň diplomatik wekilhanasynyň açylmagy iki döwletiň arasyndaky özara düşünişmek we ynanyşmak esaslaryna daýanýan ylalaşyklaryň özboluşly beýanyna öwrüldi we ol ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar üçin zerur şertleriň döredilmegine gönükdirilen döwletara ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmegiň ýolundaky möhüm ädime öwrüldi.

Häzirki döwürde Türkmenistan özüniň daşary syýasatynda we daşary-ykdysady işinde möhüm ugur hasaplaýan Aziýa-Ýuwaş umman sebiti bilen hyzmtdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň noýabrynda Malaýziýa bolan resmi saparynyň barşynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikler munuň aýdyň subutnamasydyr.

Malaýziýa–Türkmenistanyň söwda-ykdysady we maýa goýum ugurlary boýunça ähmiýetli we öňden gelýän hyzmatdaşlarynyň biridir. Malaýziýanyň iri “Petronas Çarigali” kompaniýasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlyk bar bolan ikitaraplaýyn mümkinçilikleri netijeli peýdalanmagyň nusgasydyr. Bu kompaniýa Türkmenistanyň deňiz känlerinde ilkinjileriň biri hökmünde işe başlady. Iki ýurduň arasyndaky ynanyşmak gatnaşyklary diňe bir hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem halkara giňişliginde, ilkinji nobatda bolsa abraýly halkara guramalarynyň we sebitleýin düzümleriň binýadynda özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegini şertlendirýär. Şeýlelikde, Aziýada ynanyşmak çärelerini berkitmek, sebitde halkara-hukuk kadalarynyň we BMG-niň degişli kararnamalarynyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklary okgunly ösdürmek üçin sebitde pugta syýasy hem-de hukuk şertleriniň döredilmegi türkmen-malaýziýa syýasy gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup duýar. Geçirilen gepleşikleriň ýokary netijeli bolandygyny belläp, taraplaryň iki ýurduň dost-doganlyk gatnaşyklarynyň ösdürilmegine, birnäçe möhüm ugurlardaky hyzmatdaşlygyň berkililmegine ygrarlydygyny tassykladylar.

Şu ýylda Türkmenistan Ýewropa ugruny daşary syýasatynyň üýtgewsiz tapgyrydygyny äşgär etdi we Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlary tarapyndan biziň döwletimize bolan uly gyzyklanmalar beýan edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň awgust aýynda Germaniýa Federatiw Respublikasynyň bolan iş saparynyň barşynda bu ýurduň ýokary ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygynda möhüm ylalaşyklar gazanyldy. Saparyň maksatnamasyna birnäçe möhüm duşuşyklar we gepleşikler girizildi. Döwlet Baştutanymyzyň GFR-iň Federal Kansleri Angela Merkel bilen geçiren gepleşikleri soňky ýyllarda döwletara gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Gatnaşyklaryň ösdürilmegi däp bolan hyzmatdaşlygyň uzakmöhletleýin we özara peýdaly häsiýete eýe bolmagyny şertlendirýär.

Mundan başga-da, Türkmenistanyň hökümet wekiliýetiniň agzalary döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygyna laýyklykda, Germaniýanyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklary geçirdiler. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bilen GFR-iň hyzmatdaş kompaniýalarynyň arasynda ähtnamalaryň we ylalaşyklaryň 13-sine gol çekildi. Şol resminamalara hormatly Prezidentimiziň iş saparynyň çäklerinde 29-njy awgustda Berlin şäherinde geçirilen Türkmen-german işewürler forumynyň barşynda gol çekildi. Bu işewür duşuşygyň baş maksady ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmeleri kesgitlemekden we ylalaşmakdan, söwda-ykdysady we işewür we ylmy-tehniki gatnaşyklaryň has bähbitli ugurlaryny kesgitlemekden ybarat boldy.

Şeýlelikde, hemişelik oňyn bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly bolan Türkmenistan 2016-njy ýylda özüniň dünýä giňişligindäki abraýyny belende göterdi. Özüniň Bitaraplyk derejesine üýtgewsiz ygrarly bolan ýurdumyz mundan beýläk-de diňe bir milli ýörelgelere däl, eýsem, dünýä bileleşiginiň bähbidine, parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň ählumumy maksatlaryna kybap gelýän dostluk hem-de giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi baş maksat edinýär.

Degişli makalalar

Gadymy Pullar Alymlara Taryhyň Näbelli Sahypalaryny Täzeden Dikeltmäge Mümkinçilik Berýär

turkmenhabargullugy

Iň Dürs Penalti Urýanlar: Hazard 1-nji, Ronaldo 3-nji, Messi 9-njy

turkmenhabargullugy

Ekin meýdanlary ekişe taýýarlanylýar.

syrach