27.9 C
Aşkabat
01.05.2024
DURMUŞ

Ahal-teke aty.

Türkmensitanda gylýallaryn ahal-teke we yomut tohumlry köpeldilýär. Bu atlar bir wagtda iş maly hem-de atçylyk sprotynda peýdalanylýar. Türkmen atlary özlerinin owadanlygy, çuslugy ajaýyp häsiýetliligi we çakgan hereketleri nepisligi, kyn şertlere çydamlylygy, uzak aralygy ýyldamlyk bilen çapyp geçmäge ukypplylygy bilen dünýä baarynda bahasynyn örän ýokary hyrydarynynyň köp bolmagyna getirdi.

Münülýän haýwanlaryň içinde hiç birisi at bilen deňeşdireňde gödek ýük daşaýjylykdan başga häsiýete eýe däldir. Atdan başga, pilden eşege çenli ähli haýwanlaryň her tüýüne dürden ýasalan hünji düzseňem at bilen deňeşdirseň öli garantga ýalydyr. Ýagny, biz ýerden aýagymyzy üzüp, ata atlananymyzdan soň onuň müň dürli ýöreýşi, ýol alyşy, sanjylyp durşy, çarpaýa galyp oýun edişi — ruhumyzyň ähli künjeklerine täsir edişi bilen ol hamala biziň ýarpy göwrämize öwrülen ýalydyr. Misli ol adam bilen bütewileşene meňzär. Galam ýaly inçe aýaklaryň üstünde dünýäde iň sazlaşykly göwre, kybapdaş boýun, buýsançly baş… Soňra bu täsinlikleri örten hamala beýik soltan lybasy geýdirilen ýaly çar ýana öwüşgin atýan mele, dor, al, gara, gyr… reňkli ýukajyk derisi… Şalara mynasyp, sürmeli, elde çekilen ýaly owadan hem jümmüşinde agy-hasrat görünýän gözler… Ýeňiş baýdagynyň tugrasyny ýatladýan ýallary, gujurlylygyň nyşany guýruk…

Bu aklyňy haýran ediji beden gurluşy bilen at ynsan oglunyň işçisinden begine çenli, sportsmeninden hökümdaryna çenli berlen we olara işleriň iň gödeginden iň inçesine çenli maddy we manewi goldaw bermek wezipesini ýerine ýetirýän ylahy sowgatdyr.

Aty ne haýwanat ylmy, ne maldarçylyk, ne ykdysadyýet, ne esgerlik, ne-de sport we çapyjylyk taýdan hersinde aýratyn, hemmesinde birlikde-de düşündirmek kyn… At bu ulgamlaryň hersine bir öwüşgini bilen ornan hem öz manysy we gymmaty boýunça olardan has beýige galan janawerdir…

referans: www.wikipedia.org

Degişli makalalar

TürkmenÄlem 52.00E Milli Aragatnaşyk Hemrasy Alysdaky Obalary Ykjam Aragatnaşyk we Internet Bilen Üpjün Etdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistanda Gazagystan Respublikasynyň Medeniýet Günleri Tamamlandy

turkmenhabargullugy

IL ARSLAN