18.9 C
Aşkabat
25.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

“Altyn Asyr” “Ahaly” Ýeňlişe Sezewar Etdi

Ýurdumyzyň futbol çempionatynyň ikinji tapgyrynyň wagty süýşürilen duşuşygy geçirilip, onda “Altyn Asyr” hem-de “Ahal” toparlary güýç synanyşdylar.

“Aşgabat” köpugyrly stadionynda geçirilen duşuşykda taraplaryň ikisi hem esasy ünslerini goragda jemlänlerini kem görmediler.

Ýöne muňa garamazdan, Hojaahmet Arazowyň tälim berýän “Ahal” topary ilki hasaby açmagy başardy. Duşuşygyň 6-njy m inutynda goragçylaryň ýalňyşlygyndan peýdalanan Murat Ýakşiýew tapawutlandy. 29-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew deňlik getiren topy öz adyna ýazdyrdy. 57-nji minutda bolsa Mihail Titow “Altyn Asyra” ýeňiş getiren topy geçirdi.

Şeýlelikde, gazanan bu ýeňşinden soň 9 utuk toplan “Altyn Asyr” ýaryş tertibinde üçünji orna geçdi. 12 utugy bolan “Ahal” ýaryş tertibinde eýeleýän birinji ornuny saklap galdy.

Ýaryş tertibinde ikinji orny 10 utugy bolan “Aşgabat” topary eýeleýär.

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 6-njy tapgyrynyň duşuşyklary 4-nji hem-de 5-nji maýda geçiriler.

2-nji tapgyryň wagty süýşürilen duşuşygynyň netijesi:

“Altyn Asyr” – “Ahal” – 2:1

Gollar: 29 Altymyrat Annadurdyýew, 57 Mihail Titow (“Altyn Asyr”) – 6 Murat Ýakşiýew (“Ahal”)

Duýduryşlar: 38 Ahmet Ataýew (“Altyn Asyr”) – 27 Ilýa Tamurkin, 31 Yhlas Saparmämmedow, 36 Baýramnyýaz Berdiýew (tälimçi), 44 Serdar Annaorazow (“Ahal”)

Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň emini: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: Ahmet Begnazarow (Mary ş.), Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.)

Ätiýaçdaky emin: Arslan Goşşanow (Tejen ş.)

Gözegçi emin: Maksat Seýitgulyýew (Aşgabat ş.)

Duşuşygyň komissary: Berdimyrat Nurmyradow (Aşgabat ş.)

Tomaşaçy sany: 1500

Çempionatyň tablisasy:

T/b Toparlar O Ý D U T U
1. “AHAL” FK 5 4 0 1 9-2 12
2. “AŞGABAT” FK 5 3 1 1 7-3 10
3. “ALTYN ASYR” FK 5 2 3 0 7-4 9
4. “KÖPETDAG” FK 5 2 2 1 3-2 8
5. “ENERGETIK” FK 5 1 2 2 3-4 5
6. “ŞAGADAM” FK 5 1 2 2 2-4 5
7. “NEBITÇI” FK 5 1 0 4 4-10 3
8. “MERW” FK 5 1 0 4 1-7 3

Bellik: O-oýun, Ý-ýeňiş, D-deňlik, U-utulyş, T-toplar, U-utuk

 

VI tapgyr:

Oýun 21. 4-nji maý (du.) “Altyn Asyr” – “Aşgabat”
Oýun 22. 4-nji maý (du.) “Şagadam” – “Köpetdag”
Oýun 23. 4-nji maý (du.) “Merw” – “Nebitçi”
Oýun 24. 5-nji maý (si.) “Ahal” – “Energetik”

Çeşme: http://tff.com.tm/

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Döwlet Howpsuzlyk Geňeşiniň Mejlisi

syrach

Prezidentimiz Hatyra güni mynasybetli geçirilen çärä gatnaşdy.

syrach

Ýeňiş gününiň hormatyna baýramçylyk çäreleri.

syrach