22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
DÜNÝÄ

Angela Merkel Braziliýada Saparda Boldy

Merkel dünýäniň iň çalt ösýän döwletleriniň biri bolan Braziliýada nemes işewür adamlaryň maýa goýumlarynyň artmagyny isleýär.
Braziliýanyň Prezidenti Dilma Rousseffiň çakylygyna laýyklykda gelen Merkeliň gün tertibinde Günorta Amerikanyň umumy bazary bilen ÝB-niň arasyndaky ençeme ýyl bäri dowam edýän gepleşikler bardy.
Gepleşikleriň barşynda iki ýurduň arasyndaky harby gatnaşyklar seljerildi.
Bilim, tehnologiýa, energetika we klimaty goramak ugurlaryndaky hyzmatdaşlyklar ara alynyp maslahatlaşyldy.
Germaniýa Braziliýa ýurduň klimatynyň we tropiki tokaýlarynyň goralmagy üçin takmynan 550 million ýewro karz berer.

Germaniýanyň hususy kärhanalary Braziliýadaky howa menzillerine, demir ýollaryna, deňiz menzillerine 57 milliard dollar möçberinde maýa goýmagy meýilleşdirýär.

trtturkmen 

Degişli makalalar

Yabancılara Müjde

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Neşirýat Önümleri Minskide Halkara Kitap Sergi-Ýarmarkasynda Görkezildi

Gürjistanda täze döwür başlady.

syrach