34.9 C
Aşkabat
02.08.2025
BAŞ SAHYPA DÜNÝÄ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar YKDYSADYÝET

Ankara Hazardaky Ýatak Boýunça Türkmen-Azerbaýjan Ähtnamasyny Goldaýar

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldaýar, diýip Trend agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berýär.

«Bu şertnamanyň iki ýurduň dostlugyny pugtalandyrmagyny, Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň dostlukly we dogan halklary üçin peýdaly bolmagyny we sebitiň gülläp ösmegine we durnuklylygyna goşant goşmagyny arzuw edýäris» diýlip Ankaranyň beýanatynda aýdylýar.

«Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň Hazar deňzindäki “Dostluk” diýlip atlandyrylan uglewodorod ýatagynyň bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek babatda ylalaşyga gelmegini uly hoşallyk bilen kabul edýäris… Şeýle hem bu şertnamanyň Türkiýe bilen Ýewropanyň galan böleginiň energetika howpsuzlygyny ýokarlandyrjak taslamalaryň hem öňüni açmagyny arzuw edýäris» diýlip beýanatda bellenilýär.

Çeşme: oilgas.gov.tm

Degişli makalalar

Gyzykly Täze Ýyl Sirk Çykyşlary Tomaşaçylary Özüne Çekdi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Howa Ýollarynyň Edaralarynyň we Wekillikleriniň Salgylary

turkmenhabargullugy

Aşgabadyň Iri Dükanlary Täze Iş Tertibine Geçýärler