29.9 C
Aşkabat
03.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistanyň Milli Howpsuzlyk Boýunça Geňeşçisiniň Orunbasary Bilen Duşuşyk Geçirildi

Türkmenistanyň DIM-inde Hindistanyň Milli Howpsuzlyk Boýunça Geňeşçisiniň Orunbasary Bilen Duşuşyk Geçirildi

2017-nji ýylyň 29-njy maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine iş sapary bilen gelen Hindistanyň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisiniň orunbasary, hökümetiň kätibi doktor Arwind Gupta bilen duşuşyk geçirildi.

Gepleşikleriň barşynda taraplar sebit we halkara häsiýetli esasy meseleleriň birnäçesi boýunça pikirler alyşdylar. Türkmen-Hindi ykdysady gatnaşyklarynyň iň möhüm ugry ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk etmekdir we munda esasy orun Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) transmilli gaz geçirijisini gurmagyň taslamasyna degişlidir. Hindi tarapy bu taslamany ýerine ýetirmek oňa gatnaşýan ýurtlarda strategik görüjiligiň bardygynyň nusgasydyr, Hindistan üçin bolsa öz ýurduna ýangyç import etmek çeşmeleriniň diwersifikasiýalaşdyrmagyň mümkinçiligini aňladýar diýip belledi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar sebitde howpsuzlyk babatyndaky ýagdaýy seljerdiler. Şeýle hem, ekstremizm, migrasiýa, sebitleýin durnuklylyk we howpsuzlyk, kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk, neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygy we kontrabandasy ýaly howpsuzlyk ugrundaky wehimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň BMG Agzalygyna Saýlanmagynyň 25 Ýyllygy Mynasybetli Açyk Gapylar Güni

Berdimuhamedow saparyny dowam etdirýär

syrach

Harytlar Barada Umumy Habarnama – Türkmenistan