1.9 C
Aşkabat
03.03.2026
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SAGLYK

ANSAT we Mi-17-1W Lukmançylyk Dikuçarlary Barada

Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda, 2021-nji ýylyň mart aýynda getirilmegi meýilleşdirilýän lukmançylyk üçin niýetlenen tiz kömek 1 (bir) sany «ANSAT» kysymly we 1 (bir) sany «Mi-17-1W» dikuçarlaryny satyn almak barada, «Türkmenhowaýollary» agentligi Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» jemagat paýdarlar jemgyýeti bilen 2019-njy ýylyň 31-nji martynda şertnamalar gol çekişdiler.

2020-nji ýylyň 6-njy aprelinde «ANSAT» we «Mi-17-1W» dikuçarlaryny satyn almak boýunça «Türkmenhowaýollary» agentliginiň wekilleri we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň «Kazanskiý wertolýotnyý zawod» jemagat paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylaiy bilen geçirilen wideoşekilli konferensiýanyň dowamynda taraplar şertnamalaryň şertlerine laýyklykda taslamalary durmuşa geçirmek üçin indiki ädimleri kesgitlediler.

Çeşme: caa.gov.tm

Degişli makalalar

“Türkmenkabel” Zawodynyň Işgärleri Şu Ýerde Tikilýän Iş Eşigi Bilen Üpjün Edildi

turkmenhabargullugy

Amyderýanyň Üstünden Geçýän Köprüleriň Açylmagynyň Öň Ýanynda Bu Waka Bagyşlanyp Owadan Bezelen Neşir Çapdan Çykdy

Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary

syrach