21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

Ýaryşyň Başynda Dört Medal

Hindistanyň paýtagtynda söweş sungaty boýunça VI Halkara oýunlary badalga aldy. Türkmenistanyň taekwondoçylar topary (ITF görnüşi) bu ýaryşlarda eýýäm 4 medal – iki altyn, bir kümüş we bir bürünç medal gazandylar.

Toplumlaýyn ýaryşlara 30-a golaý ýurtdan birnäçe müň türgen gatnaşýar. Medallar ugrundaky ýaryşlar söweş sungatynyň 20 görnüşinde dowam edýär. 

Türkmen türgenleri şu gün şahsy tuli (toplumlaýyn maşklar) görnüşinde tapawutlandylar. Gara guşagyň eýeleri bolan Тürkmenistanyň toparynda ýeňiş gazanan Orazmyrat Çaryýew hem-de Rüstem Süleýmanow (reňkli guşaklar) hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar. Goşanyýaz Durdyýew kümüş medala, Gaýgysyz Atabaýew bolsa bürünç medala mynasyp boldy. 

Bäşinji dekabrda taekwondo boýunça ýaryşlar başa-baş duşuşyklarda dowam eder. Bu bäsleşikde hem hünärmenleriň pikirine görä türkmen türgenleriniň ýokary netijeleri gazanmaga uly mümkinçilikleri bar. 

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Gününe Bagyşlanyp Sport Ýaryşlar Geçirildi

Ýazky möwsümiň çapyşyklary

syrach

Kuraş Göreşi Boýunça Aşgabat Şäheriniň Açyk Birinjiligi Geçirildi

syrach