19.9 C
Aşkabat
17.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Ýaş çatynjalar üçin köşk.

Ýakyn geljekde Türkmenabadyň esasy köçesi bolan Bitarap Türkmenistan şaýoluny täze „Bagt köşgi“ bezär. „Jeýhun“ myhmanhanasynyň golaýynda ak mermerden guruljak dört gatly „Bagt köşgi“ üçeginde iki sany nika ýüzüginiň kompozisiýasy bilen uzak aralykdan göze iler. Köşgüň girelge tarapynyň bezegi üçin milli şaý-sepler kompozisiýasy ulanylar.

Resmi nika däplerini geçmek üçin niýetlenen giň zal „Bagt köşgünde“ esasy orny eýelär. Nikalaşýanlaryň dogan – garyndaşlary we myhmanlary ýaş çatynjalary bu bagtly güni bilen köşkdäki 500 we 200 orna niýetlenen dabaralar zalynda gutlap bilerler. Mundan başga 100 we 50 adamlyk banket zaly we aýratyn dabaralar üçin 100 adamlyk „Altyn zaly“ diýlip atlandyrylýan zal hem bolar. Dabaralar üçin niýetlenen bu zallaryň biri-birinden ep-esli daş aralykda ýerleşeni ( köşk üç ýaprakly ösümlik görnüşinde ) üçin oňaýsyzlygy döretmez. Daş ýerden gelen myhmanlar üçin ýörite myhmanhana hem göz öňünde tutulan.

Toýlary, dabaralary we ýubileýleri geçirmeklige zerur zatlary satyn almaklyk üçin bu ýerde dükanlary, şaý-sepler ussahanasyny, fotosurata we wideo düşürmek hyzmatlarynyň studiýasyny açmaklyk meýilleşdirilýär. „Bagt köşgüniň“ we oňa ýanaşyk bolan ýerleriň umumy meýdany 3 gektara ýetýär. Köşgüň esasy girelgesiniň öňünde Oguzhanyň sekizburç ýyldyzy görnüşinde ýasalan suw çüwdürimi gurlar. Onuň daş – töwreginde ýaş sosnalar ekilip ýaşyl zolak dörediler we owadan bezegli çyralar bu ýere gelşik berer. Bu ýerde 150 awtoulaga niýetlenen açyk we 50 awtoulag üçin ýapyk awtoduralga gurmaklyk hem göz öňünde tutulan.

Ýene bir aýratynlyklaryň biri, bu ýerde ýaş çatynjalara bag ekmek däbini ýerine ýetirmeklik üçin ýörite meýdanyň bölünip berilmegidir. Bu ajaýyp däp iki ýüregiň söýgüsiniň nyşany bolar we maşgalanyň bagtyýar durmuşyny alamatlandyrar. Mahlasy, Türkmenabadyň „Bagt köşgünde“ her bir ýaş maşgalanyň we ýakynlarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak günleriniň birine öwürmek üçin ähli zerur şertler döredilen.

Bitarap Türkmenistan şaýoly Türkmenabady demirgazykdan günorta kesip geçýär. Söňky ýyllarda şaýoly ep-esli giňeldi we uzaldy. Bu ýerde Ruhyýet köşgi, anyklaýyş merkezi, teatr, multimediýa mekdebi, 10 müň orunlyk sport toplumy we başga ençeme desgalar guruldy. 

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanda Geçirilen ÝHHG-niň Seminary

syrach

2017-nji Ýylyň Ýanwary: Daşary Syýasy Wakalary

Buharada Bitaraplyga Bagyşlanyp Ylmy Maslahat Geçirildi

syrach