21.9 C
Aşkabat
04.05.2024
SPORT

«Aşgabadyň» futbolçylary ýeňiş gazandylar

Ýokary liganyň klublarynyň arasynda futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň 13-nji tapgyry «Aşgabat» toparynyň Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň toparyndan 3:0 hasabynda ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.

Hasaby oýnuň 34-nji minutynda Guwanç Hangeldiýew açdy. Oýnuň ikinji ýarymynyň başlanmagyndan 8 minut geçen soň ol hasaby iki esse artdyrdy. Ýeňişli pökgini bolsa oýnuň tamamlanmagyna 7 minut galanda Serdaraly Ataýew geçirdi.

Aman Goçumowyň tälimini alanlaryň oýnuň birinji aýlawynda ýurduň geçen ýylky çempionyndan 0:2 hasabynda ýeňilendigini bellemek gerek. Gepiň gerdişine görä aýtsak, «Aşgabadyň» bassyr üçünji gezek ýeňiş gazanmagy, oňa 20 oçko bilen ýaryş tablisasynyň altynjy ornuna çykmaga mümkinçilik berdi. HTTU bolsa özüniň 24 oçkosy bilen bäşinji orny eýeleýär.

HTTU bilen bir hatarda şonça oçko gazanan «Merw» bilen «Lebap» bolsa degişlilikde 3-nji we 4-nji orunlary eýeleýärler. öne lebaplylar 1 oýny az oýnadylar. Ikinji orunda bolsa Türkmenistanyň Kubogynyň häzirki eýesi «Altyn asyr» ýerleşýär, onuň hasabynda 28 oçko bar. Çempionatda 36 oçko gazanan «Balkan» öňde barýar. Oňa altyn medaly gazanmak üçin galan oýunlaryň üçüsinde iki oçko toplamak ýeterilkdir.

referans: www.turkmenistan.gov.tm

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Milli Ýygyndysy FIFA-nyň Reýtingindäki Ornuny Saklap Galdy

Baku Şäherinde Sport Çäreleri Geçirildi

syrach

Türkmenistanyň Ýygyndy Toparynyň Hüjümçisi Özbegistanyň Futbol Çempionatynda Çykyş Eder