27.9 C
Aşkabat
15.06.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar SPORT

«Aşgabat 2017» Oýunlaryna Gatnaşyjylary Akkreditasiýa Etmek Boýunça Merkez Işe Başlady

«Aşgabat 2017» Oýunlaryna Gatnaşyjylary Akkreditasiýa Etmek Boýunça Merkez Işe Başlady

Tutuş ýurdumyzyň sabyrsyzlyk we uly ruhubelentlik ýagdaýynda garaşýan uly sport baýramynyň — “Aşgabat 2017” oýunlarynyň badalga almagynyň öň ýanynda paýtagtymyzda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan açylan “Ýörite lybaslary paýlamak we akkreditasiýa merkezi” (UDAC) işe başlady.

Merkeziň iş wezipelerine oýunlaryň guramaçylary we gatnaşyjylary, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň türgenleri, Milli Olimpiýa Komitetleriniň resmi adamlary, eminler, meýletinçiler, şeýle hem Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň, halkara habar beriş serişdeleriniň we beýlekileriň wekilleri üçin akkreditasiýa resminamalaryny taýýarlamak we çap etmek meseleleri girýär.

Şunuň bilen birlikde, merkez oýunlara gatnaşyjylaryň we hyzmat edýän işgärleriň ähli degişli toparlaryna ýörite lybaslary bermek hyzmatyny amala aşyrar. Şunuň bilen baglylykda, ýörite lybaslaryň bezeginde aýdyň milli öwüşginleriň esasy orun alandygyny bellemek gerek. Lybaslary taýýarlamak işine ýurdumyzyň hünärmenleri we dokma senagatynyň kärhanalary gatnaşdylar, şeýle ynam üçin türkmen dokmaçylarynyň buýsanjynyň çägi ýok.

Şeýlelikde, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmegiň ýolunda nobatdaky möhüm ädim ädildi, oýunlara taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyra gadam basdy.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Diplomatik Işgärleriniň Gününe Bagyşlanyp Sport Ýaryşlar Geçirildi

Döwletiň Ykdysady Kuwwaty-Jemgyýetiň we Her Bir Adamyň Rowaçlygyna

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Özbek Kärdeşi Bilen Duşuşyk Geçirdi

turkmenhabargullugy