19.9 C
Aşkabat
02.05.2024
GÜNÜŇ WAKALARY

Aşgabat Şäheriniň Elektrik Üpjünçiligi

Aşgabat şäheriniň elektrik energiýasy bilen üpjünçiligini gowulandyrmak maksadynda gurlan desgalar toplumynyň taslamasy üçin Türkmenistana berlen şahadatnamalary gowşurmak dabarasy boldy.

Ilki bilen Fransiýanyň Bordo uniwersitetiniň ylmy barlaglar boýunça müdiri professor, doktor Anni Sasko söz berildi.

Hanym Anni Saskonyň habar berşi ýaly, Ekologiýa howpsuzlyk guramasy „Çalyk Enerji“ kompaniýasynyň ýurduň halkynyň bähbidine bug gazlarynyň we ýangyç galyndylarynyň möçberlerini azaltmak boýunça borçnamalarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Energetika ulgamyny döwrebaplaşdyrmak babatda degişli taslama hem-de geçirilen işler üçin „Jemgyýetiň saglygyny we daşky gurşawy goramagyň durnuklylygynyň möhrüni gowşurýar“. Biz türkmen Lideriniň yglan eden „Döwlet adam üçindir!“ diýen şygarynyň dabaralanmasynyň şaýatlary bolýarys diýip, myhman nygtady we türkmen tarapynyň wekiline ABŞ-nyň „Trust“ ekologiýa howpsuzlyk guramasynyň „Daşky gurşawa oňaýly täsir edýän taslama üçin“ şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Lihtenşteýniň Ykdysadyýet ministrliginiň uly geňeşçisi, dosent Atilla Dinçer çykyş etdi. Myhman ýurdumyzda bolup görmäge hem-de ajaýyp türkmen halky bilen tanyşmaga örän şatdygyny nygtap, döwlet Baştutanymyza Türkmenistana gelmäge döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

Bellenilişi ýaly, Lihtenşteýniň uniwersiteti türkmen paýtagtynyň energetika ulgamynyň ygtybarlylygyny pugtalandyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen taslama uly gyzyklanma bildirýär. Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary üçin onuň ägirt uly ähmiýete eýediginiň bardygy bilen baglylykda, Türkmenistana „Ygtybarly we üznüksiz energiýa üpjünçiligi üçin“ şahadatnamany gowşurmak barada çözgüt kabul edildi.

Myhman şeýle hem ýurdumyzyň halkara başlangyçlaryna, şol sanda energiýa howpsuzlygyny, energiýa serişdeleriniň ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirilmegini üpjün etmäge degişli başlangyçlaryna ýokary baha berdi. Şol başlangyçlar bolsa dünýä bileleşiginiň giň goldawyna mynasyp boldy.

Jenap Atilla Dinçer milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowy türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga ýardam etjek taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen gutlap, türkmen tarapynyň wekiline Lihtenşteýn uniwersitetiniň ýokarda agzalan şahadatnamasyny gowşurdy.

Soňra Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň başlygy, Awstriýanyň Energetika institutynyň wekili professor Leopold Kaýblingere söz berildi.

Jenap Leopold Kaýblinger Aşgabadyň energetika ulgamynyň ygtybarlylygyny ýokarlandyrmak taslamasynyň Awstriýanyň Energetika institutynyň „Energetika netijeliligi üçin“ şahadatnamasyna mynasyp bolandygyny habar berip, bu resminamany hem-de Ýewropanyň Halkara gatnaşyklary gaznasynyň „Energetika durnuklylygy üçin“ şahadatnamasyny gowşurdy. 

Degişli makalalar

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Garaşsyz, Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Atşynaslaryny, Bedew Janköýerlerini we Mähriban Halkyny Gutlady

BMG-niň Gender Deňliginiň Meseleleri Boýunça Düzüminiň Wekilleri Bilen Duşuşyk

syrach

Türkmenabatly Himiýaçylar Suwy Arassalamak Üçin Koagulýantyň Çykarylyşyny Dikeltdiler