24.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SPORT

Aşgabatda Aziýanyň Agyr Atletika Federasiýasynyň Kongresi Geçirildi

Aşgabatda Aziýanyň Agyr Atletika Federasiýasynyň Kongresi Geçirildi

Şu gün “Aşgabat” myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň Kongresi geçirildi, onuň barşynda 23-29-njy aprel aralygynda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherjiginde sportuň bu görnüşi boýunça geçiriljek Aziýa çempionatyny guramagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanda ilkinji gezek geçirilýän yklym derejeli ýaryşlara Ýaponiýadan, Hytaýdan, Günorta we Demirgazyk Koreýadan, Omandan, Kuweýtden, Iordaniýadan, Siriýadan, Yrakdan – jemi 30-dan gowrak ýurtdan agyr atletikaçylaryň 200-e golaýy gatnaşar.

Kongresi açmak bilen, Milli agyr atletika federasiýasynyň başlygy Berdinyýaz Mätiýew şu gezekki çempionatyň baýrakly orunlar ugrunda çekeleşikli häsiýete eýe boljakdygyny nygtady, sebäbi, Aşgabada güýçli türgenler ýygnandylar, olaryň hatarynda Olimpiadanyň ýeňijileri we baýrakly orunlara eýe bolanlar hem-de dünýäniň birinjilikleriniň ýeňijileri bar. Şeýle hem bu ýaryşlarda sentýabr aýynda paýtagtymyzda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek babatynda türkmen hünärmenleriniň guramaçylyk başarnyklarynyň derejesi äşgär bolar, bu oýunlaryň maksatnamasyna agyr atletika hem girýär.

Agyr atletika halkara federasiýasynyň prezidenti Tomaş Aýan TDH-nyň habarçylaryna beren interwýusynda sport toplumynyň hiline haýran galandygyny aýtdy, bu ýerde Aziýanyň çempionaty geçiriler. Şeýle hem daşary ýurtly myhmanda türkmen myhmansöýerligi, paýtagt şäheriň bezegi hem-de gözelligi uly täsir galdyrdy.

Öňde geçiriljek çempionat barada Aziýanyň Agyr atletika federasiýasynyň prezidenti Muhammed Ýusuf Al Mana hem öz pikirini aýdyp, ilkinji nobatda, Aşgabatda Kongresi hem-de yklym derejeli iri ýaryşlary geçirmäge döredilen mümkinçiligi üçin hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini beýan etdi. Sportuň bu görnüşi Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna ilkinji gezek girizilýär, munda hem türkmen Lideriniň tagallasy uludyr.

Saud Arabystanyndan gelen myhman Kongresiň işi barada aýdyp, mejlisiň oňyn ýagdaýda geçendigini nygtady. Hususan-da, mejlise gatnaşyjylar öň geçirilen ýaryşlaryň barşynda ýüze çykan käbir jedelli pursatlary ara alyp maslahatlaşdylar, öňde boljak ýaryşlarda, şol sanda ertir Aşgabatda badalga alýan Aziýa çempionatynda şeýle ýagdaýlaryň ýüze çykmazlygy üçin bu pikir alyşmalaryň ähmiýeti uly bolar.

Şu ýylyň başynda Agyr atletika halkara federasiýasy zenanlar toparynda täze agram derejelerini kesgitläp, ony sekiz kilograma çenli artdyrdy (häzire çenli ýedi kilogram). Şeýlelikde, Aziýa çempionaty Aşgabatda ilkinji gezek täze kadalar boýunça guralar.

Çeşme: TDH

Degişli makalalar

Gadymy Merw Türki Dünýäsiniň Medeni Merkezi

syrach

“Rönesans Holding” Kompaniýasynyň Ýolbaşçysy Geljegi Uly Türkmen Bazarynda Tutýan Ornuny Pugtalandyrmaga Uly Gyzyklanma Bildirýär

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Bilen BMG-niň Geljek Üçin Özara Hereketleriniň Meýilnamalary Tassyklanyldy

syrach