28.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar SAGLYK

Aşgabatda Geçirilen Maslahatda “Simens A.G.” Kompaniýasynyň Lukmançylyk Enjamlary Bilen Işlemegiň Tejribesine Garaldy

Aşgabatda Geçirilen Maslahatda “Simens A.G.” Kompaniýasynyň Lukmançylyk Enjamlary Bilen Işlemegiň Tejribesine Garaldy

Aşgabadyň Halkara newrologiýa merkezinde Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “Simens A.G.” kompaniýasynyň öndürýän lukmançylyk enjamlaryny keselleri anyklamakda we bejermekde netijeli ulanmagyň aýratynlyklaryna bagyşlanan ylmy-usulyýet maslahaty öz işine başlady. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň guramagynda geçirilýän bu maslahat iki gün dowam eder.

Paýtagtymyzda guralan maslahat öz işini degişli bölümçelerde, has takygy paýtagtymyzdaky Onkologiýa ylmy-kliniki merkezinde hem-de iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde dowam etdi. Munuň özi daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara tejribe alyşmagyň hem-de bu ulgamda ylmyň iň täze gazananlary bilen içgin tanyşmagyň ýolundaky möhüm ädim bolup durýar.

Türkmenistanyň paýtagtyndaky we welaýatlardaky lukmançylyk merkezleriniň öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilmegi lukmançylyk hyzmatlarynyň görnüşlerini giňeltmäge we hilini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Russiýa Federasiýasynyň Ýokary Döwlet Sylagy Bilen Sylaglanyldy

Hormatly Prezidentimiz Awaza Milli Syýahatçylyk Zolagynda Gysga Wagtlaýyn Dynç Alyşa Ugrady

syrach

Salgyt Ulgamy Garaşsyz Durmuş-Ykdysady Ösüşiň Guraly

syrach