22.2 C
Aşkabat
17.05.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar SYÝASAT

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Wideoşekilli Iş Maslahatyny Geçirdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, Aşgabat şäheriniň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň häkimleriniň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.

Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy meseleleri, möwsümleýin oba hojalyk işlerini alyp barmak, şeýle hem giňden bellenilýän şanly senelere, ählihalk ýowaryna taýýarlyk işleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz ilki bilen Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi göni aragatnaşyga çagyrdy. Häkim häzirki döwürde paýtagtymyzda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk we arassaçylyk derejesini häzirki döwrüň talabyna laýyk ýagdaýda üpjün etmek, şäher ilatynyň durmuş düzümini kämilleşdirmek hem-de döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça durmuşa geçirilýän giň möçberli çäreler barada hasabat berdi.

Şeýle hem häkim Aşgabat şäherinde Halkara Nowruz baýramyny mynasyp derejede garşylamak, bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryny geçirmek ýaly möhüm wakalar, şanly sene mynasybetli meýilleşdirilen medeni-köpçülikleýin çäreler, olaryň taýýarlyk derejesi hakynda habar berdi.

Mundan başga-da, häkim paýtagtymyzda oturdylmagy meýilleşdirilýän LED ekranlaryň görnüşleri, olaryň goýuljak ýerleri, Aziada — 2017-niň tumarynyň ýerleşdiriljek ýerleri bilen baglanyşykly meseleler hakynda ýörite şekilleriň üsti bilen hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde Aşgabat şäheriniň köçelerinde alnyp barylýan abatlaýyş işleri barada hem durlup geçildi.

Döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň ähli görkezijiler babatda nusgalyk derejede bolmalydygyna ünsi çekip, şäheriň arassaçylyk we abadançylyk derejesine ünsi güýçlendirmek, Aşgabatda degişli düzümleriň sazlaşykly işini üpjün etmek, şol sanda jemagat hojalygy gulluklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak babatda häkime birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ählihalk ýowaryny geçirmegiň wajypdygyny belläp, köpçülikleýin bag ekmek çäresine ylmy esasda çemeleşmegiň zerurdygyna häkimiň ünsüni çekdi, şeýle hem Halkara Nowruz baýramy mynasybetli dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň toplumlaýyn ösdürilmegine ünsi çekip, gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň yzygiderli gözegçilikde saklanmalydygyny belledi. Milli Liderimiz Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça şu ýylyň sentýabrynda Aşgabatda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek, yklymlaýyn ýaryşlary wagyz etmek maksady bilen, Aziada — 2017-niň tumarynyň görnükli ýerlerde oturdylmagyny tabşyrdy.

Soňra wideoşekilli iş maslahatyna Ahal welaýatynyň häkimi E.Orazgeldiýew çagyryldy. Häkim häzirki döwürde welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, oba hojalyk tehnikalaryny we ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak bilen baglanyşykly ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurulýan desgalardaky işleriň barşy hem-de Halkara Nowruz baýramyny mynasyp garşylamaga, ählihalk ýowaryny geçirmäge görülýän taýýarlyk barada habar berdi.

Milli Liderimiz welaýatyň çäklerinde geçirilýän köpugurly işleriň maksadalaýyk bolmagyny üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, ekerançylyk meýdanlarynda we maldarçylyk hojalyklarynda ýaz-meýdan işleriniň ýokary hil derejesinde döwrüň talabyna laýyk ýola goýulmalydygy barada birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň ähli künjeklerinde medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek, ilatyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meseleleriň hemişe üns merkezinde saklanylmalydygyny tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz Halkara Nowruz baýramy mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmegi, köpçülikleýin bag ekmek we ozal bar bolan baglara degişli derejede ideg etmek boýunça meýilleşdirilen ählihalk ýowarynyň guramaçylykly geçirilmegi boýunça zerur çäreleriň görülmelidigini belledi.

Şeýle hem milli Liderimiz kärendeçileriň we mülkdarlaryň ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmäge mynasyp goşantlaryny goşmagy üçin ýyladyşhanalaryň öndürijiligini ýokarlandyrmak boýunça sazlaşykly işleri üpjün etmegi tabşyrdy.

Soňra Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow şu günler sebitde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda ýerine ýetirilýän işler, Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň berjaý edilişi barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde welaýatyň ähli etraplarynda şanly seneleri mynasyp garşylamak we ählihalk ýowaryny guramaçylykly geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada aýdyldy.

Häkim sebitiň çäklerinde gurulmagy meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň we binalaryň ýerleşjek ýerleriniň, welaýatyň iri önümçilik toplumlarynyň işgärlerine niýetlenen döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň işlenip taýýarlanylan taslamalary hakynda hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, welaýatyň obasenagat toplumynda geçirilýän özgertmeleri işjeňleşdirmek, ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tejribeleri ornaşdyrmak boýunça häkime birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Mart aýynda oba hojalyk pudagy üçin aýratyn ähmiýetli birnäçe möwsümleýin çäreleriň geçirilýändigini belläp, milli Liderimiz ýaz-meýdan işlerine örän jogapkärçilikli hem-de hemmetaraplaýyn esasda, agrotehniki kadalara laýyklykda girişmegiň zerurdygyny belledi.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ählihalk ýowarynda köpçülikleýin miweli we bezeg agaçlaryny oturtmak, baglara ideg etmek işleriniň, Halkara Nowruz baýramy mynasybetli guralýan dabaralaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigi barada anyk tabşyryklary berdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz görkezilen çyzgylar we taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy hem-de degişli düzümler bilen hyzmatdaşlykda ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygynyň depginini güýçlendirmek boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Soňra Daşoguz welaýatynyň häkimi O.Gurbannazarow häzirki döwürde welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy, hususan-da, oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Mundan başga-da, hasabatyň barşynda Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň barşy, köpçülikleýin bag ekmek boýunça ählihalk ýowaryna, şeýle hem şanly seneleri baýram etmäge taýýarlyk görmek üçin geçirilýän işler hakynda habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň oba hojalyk toplumynyň ähli düzümlerinde alnyp barylýan işleriň depginlerini güýçlendirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Welaýatda gurluşygy alnyp barylýan desgalary yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyryp, döwlet Baştutanymyz häkime sebitleri özgertmek boýunça milli maksatnamany durmuşa geçirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk hem ýokarlandyrmak boýunça birnäçe anyk görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlaryny senagat taýdan ösdürmek boýunça öňde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň barşynda Daşoguz welaýatynda gurulmagy göz öňünde tutulýan senagat desgalarynyň taslamalaryny taýýarlamagy işjeňleşdirmek babatda häkime birnäçe tabşyryklary berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sebitiň durmuş üpjünçiligi ulgamynyň ähli görnüşleriniň işine yzygiderli gözegçiligi ýola goýmagy, şeýle hem Halkara Nowruz baýramyna ýokary taýýarlyk derejesini üpjün etmegi, ählihalk ýowary ýaly çäreleri guramaçylykly geçirmegi hem-de oturdylan agaçlara degişli ideg etmegi tabşyrdy.

Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew welaýatyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ýerleri ýaz ekişine taýýarlamak, bu ugra ylmy taýdan esaslandyrylan täzeçil usullary ornaşdyrmak maksady bilen durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem sebitleri özgertmek boýunça milli maksatnamada kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada habar berildi.

Mundan başga-da, welaýatyň häkimi Halkara Nowruz baýramy mynasybetli geçirilmegi göz öňünde tutulýan sebitiň etraplarynda we şäherlerinde köpçülikleýin nahal oturtmak çärelerine taýýarlygyň barşy barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatyň ähli ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny, munuň üçin bolsa degişli düzümleriň utgaşykly hereketiniň ýola goýulmalydygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz welaýatyň çäklerinde gurluşygy alnyp barylýan desgalardaky işleriň depginlerini güýçlendirmek boýunça häkime anyk görkezmeleri berdi.

Halkara Nowruz baýramyna, şeýle hem ählihalk ýowaryna taýýarlygyň barşy bilen gyzyklanyp, milli Liderimiz welaýatyň häkimine meýilleşdirilen çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini tabşyrdy.

Welaýatyň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilmeginde möhüm ähmiýeti bolan ähli zerur çäreleriň yzygiderli durmuşa geçirilmeginiň wajypdygyny belläp, milli Liderimiz bu ugurda ýaýbaňlandyrylan çäreleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini tabşyrdy.

Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow şu günler sebitiň obasenagat toplumynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy, ekerançylyk meýdanlarynda geçirilýän agrotehniki çäreler, ýerleri we oba hojalyk tehnikalaryny ýaz ekişine taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Şeýle hem hasabatyň çäklerinde Oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmegiň barşynda gurulýan desgalardaky işleriň ýagdaýy, Halkara Nowruz baýramyny ýokary derejede geçirmek, ählihalk ýowaryny talabalaýyk derejede guramak boýunça taýýarlanylan meýilnama hakynda aýdyldy.

Mundan başga-da, häkim Maryda Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlerine bagyşlanan dabaranyň maksatnamasy barada hasabat berdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýerleriň ýaz ekişine taýýarlyk derejesine ünsi çekip, agrotehniki kadalary berjaý etmek, ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak meselelerini üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Milli Liderimiz sebitiň çäklerindäki ýaşaýyş jaýlarynyň we durmuş maksatly beýleki desgalaryň gurluşygynyň yzygiderli gözegçilikde saklanylmagyny talap etdi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda giňden bellenilýän Halkara Nowruz baýramynyň Marydaky “Türkmeniň Ak öýi” binasynda geçirilmeginiň çuňňur mana eýedigini belläp, bu dabaralaryň Mirasa sarpa goýmak, Watany özgertmek ýylynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilýän medeni çäreler bilen utgaşýandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine toplumlaýyn çemeleşilmelidigine ünsi çekip, şunda durmuş ulgamyna aýratyn üns bermegiň möhümdigini, munuň döwlet syýasatynyň wajyp bölegi bolup durýandygyny belledi.

Soňra göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary R.Bazarow çagyryldy. Wise-premýer häzirki döwürde ýurdumyzyň obasenagat toplumynda alnyp barylýan möwsümleýin işler, ýaz ekişine taýýarlygyň derejesi, bu ugurda alnyp barylýan işleriň depginini güýçlendirmek boýunça döwlet Baştutanymyzyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Hasabatyň çäklerinde paýtagtymyzda we welaýatlarda ählihalk ýowaryna taýýarlygyň barşy barada, köpçülikleýin bag ekmek we ozal bar bolan baglara ideg etmek boýunça ählihalk ýowarynyň geçiriljek ýerleri, onuň dowamynda ekiljek bag nahallarynyň görnüşleri barada habar berildi.

Hormatly Prezidentimiz oba hojalyk çärelerini üstünlikli geçirmek üçin durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini belläp, ýokary hasylyň kepili bolup durýan agrotehniki çäreleri guramaçylykly amala aşyrmak barada tabşyryk berdi. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu ugurda durmuşa geçirilýän işlere öňdebaryjy tejribäni hem-de ylmyň ýokary gazananlaryny işjeň ornaşdyrmak arkaly toplumlaýyn çemeleşmegi tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz munuň ýerleriň hasyllylygyny ýokarlandyrmakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmekde aýratyn möhümdigini belledi.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda köpçülikleýin nahal oturtmak işlerini ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyna ünsi çekip, milli Liderimiz şäherlerimiziň we obalarymyzyň mundan beýläk hem abadanlaşmagyna ýardam etmäge gönükdirilen ählihalk ýowary ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça amala aşyrylýan çäreleriň aýrylmaz bölegi bolup durýar diýip belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň welaýatlarynda we Aşgabadyň eteginde ozal oturdylan agaçlara we nahallara ýeterlik derejede ideg etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz düýpli söhbetdeşligiň jemlerini jemlemek bilen, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleriň üstünliklere beslenmegi, oba hojalyk ulgamynyň işiniň kämilleşdirilmegi, önümçilik pudaklaryna täzeçil tehnologiýalaryň, ösen tejribeleriň işjeň ornaşdyrylmagy, iň esasy bolsa halkymyzyň durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň ykdysady kuwwatynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna ýardam berer diýip nygtady.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow göni aragatnaşykda geçirilýän wideoşekilli iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşyjylara berk jan saglyk, Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýylynda mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we halkymyzyň bagtyýarlygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde uly üstünlikler arzuw etdi.

Degişli makalalar

Aşgabat 2017 Boýunça Sanly Maglumatlar Wideo

Birža Täzelikleri

Annabibi Yslamowanyň Döredijiliginde Gadymy Halyçylyk Sungatynyň Täze Ugurlary