04.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar TEHNOLOGİÝA YLYM

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

Aşgabatda Innowasiýa Tehnologiýaly Stomatologiýa we Oftalmologiýa Ylmy Merkezleri Açyldy

Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde iň häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň hem-de Göz keselleri ylmy-kliniki merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Oňa ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň ýolbaşçylary, lukmançylyk jemgyýetçiliginiň wekilleri, Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlary, talyp ýaşlar we hormatly ýaşulular gatnaşdylar.

Ýokary okuw mekdebine degişli bu düzümleriň ýurdumyzyň lukmançylyk ylmynda we tejribesinde, saglygy goraýyş ulgamynyň edaralary üçin ýokary hünärli lukmanlary taýýarlamak işini kämilleşdirmekde möhüm orun eýeleýändigini aýratyn bellemeli.

Ýokary derejeli ýöriteleşdirilen bejeriş-öňüni alyş kömegini bermek, ylmy we okuw-usulyýet işini alyp barmak bilen baglanyşykly meseleler Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biri bolup durýar. Bu merkez çagalar, terapewtik, ortopediýa we hirurgiýa stomatologiýasy ulgamynda lukmanlary taýýarlaýan kliniki binýat bolup durýar. Ol Germaniýanyň “Serona” we bu ugurda iş alyp barýan beýleki öňdebaryjy kompaniýalaryň enjamlary hem-de okuw önümçiliginde peýdalanyljak ýörite tehnikalar bilen üpjün edildi.

Onuň düzümine çagalar, terapiýa, hirurgiýa, ortopediýa we funksional anyklaýyg ýaly bäş bölüm girýär. Merkeziň aşaky gatynda multimediýa, interaktiw enjamlary bilen üpjün edilen iki okuw zaly ýerleşdi. Onda uniwersitetiň stomatologiýa bölüminiň talyplary üçin sapaklar alnyp barlar.

Merkeziň rentgen otagynda ýokary derejeli şekilleri almak üçin niýetlenen enjamlaryň birnäçe görnüşleri oturdyldy. “ORTOFOS Panoram” enjamy aşaky we ýokarky äňleriň anyklaýyş suratyny almaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa dişleriň ýagdaýyna we agyz boşlugyndaky kemçiliklere degişli baha bermekde has-da möhümdir.

Mundan başga-da, bu ýerde stomatologiýa gurallaryny dezinfeksiýa etmek üçin ýöriteleşdirilen otaglar, serişdeleri saklamaga niýetlenen ammarlar, geýim çalşyrylýan otag we tehniki desga hereket edýär. Ýeri gelende aýtsak, täze Stomatologiýa okuw-önümçilik merkeziniň ähli otaglary dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil enjamlary bilen üpjün edildi. Olar bejeriş we keselleriň öňüni alyş, şeýle hem anyklaýyş işleriniň ýokary netijeliligini üpjün edýär.

Şol bir wagtyň özünde merkezde gigiýena otagy bolup, onda çagalaryň agyz boşlugyny arassalamaga niýetlenen serişdeleri we olary peýdalanmagyň usullaryny saýlap almak boýunça okuwlar geçmek meýilleşdirilýär. Bu otag häzirki zaman kämil gigiýena serişdeleri we gurallary, şeýle hem degişli gollanmalar bilen doly üpjün edilipdir. Onda Germaniýanyň “Sirona” kompaniýasynyň “Intego” bormaşyn toplumy oturdylypdyr. Bu enjamyň sessiz işlemegi, ýokary tizligi, ýagtylygy hem-de beýleki aýratynlyklary zerur artykmaçlyklary üpjün edýär.

Stomatologiýa hünäri boýunça bilim alýan talyplar terapiýa we ortopediýa bölümleriniň fantom otaglarynda alan bilimlerini tejribede özleşdirerler.

Bu ýerde çagalara we stomatologiýa keseli bolan adamlara keselleri anyklamak, olaryň öňüni almak hem-de bejermek boýunça hyzmatlaryň giň görnüşleri hödürlenýär.

Çagalar bölüminiň düzüminde dünýä ülňülerine laýyk gelýän we çagalaryň agyz boşlugynda duş gelýän keselleri anyklamak, olaryň öňüni almak we bejermek işlerini geçirmäge mümkinçilik berýän enjamlar oturdylan 6 sany terapewtiki otaglar bar. Okuw bejeriş merkeziniň lukmanlary bölümiň mugallymlary bilen birlikde mekdebe çenli çagalary barlamak boýunça giň möçberli işleri alyp barýarlar.

Merkeziň üçünji gatynda özünde operasiýa binasyny we hirurgiýa otagyny jemleýän hirurgiýa stomatologiýasy bölümi ýerleşýär. Ol “Serona” kompaniýasynyň “Intego” enjamlary bilen üpjün edilendir.

Bu bölümde ýöriteleşdirilen okuw otaglarynyň we 3D LCD monitorlary bilen enjamlaşdyrylan okuw-bejeriş otaglarynyň hersinden üçüsi bolup, olarda äň-ýüz ulgamynyň gurluşy, şeýle hem dişleriň we agyz boşlugynyň gurluş aýratynlyklary görkezilýär. Okuw geçýän pursatda köpsanly suratlary asyp durmak işi aradan aýryldy. Indi bu işler elektron enjamlarynyň üsti bilen ýerine ýetirilýär.

Göz kesellerini anyklamak we ony bejermek boýunça ylmy taýdan esaslandyrylan dürli usullary alyp barýan häzirki zaman klinikasy uniwersitetde döredilen ilkinji klinikadyr. Bu merkeziň ýokary hünärli ylmy işgärleri göz keselleri bölüminiň mugallymlary bilen birlikde ylmy-barlag, okuw-usulyýet we bejeriş-maslahat beriş işlerini alyp barýarlar. Şunlukda, daşary ýurtlaryň öňdebaryjy tejribesi işjeň ulanylýar.

Okuw otaglary häzirki zaman iň täze tehniki düzümler bilen üpjün edildi. Bu bolsa oftalmologiýa ylmynda ähli işleri Onlaýn görnüşinde alyp barmaga mümkinçilik berýär. Bu bölümde ägirt uly wideoteka bolup, olar göz kesellerini anyklamak we olary bejermek boýunça iň täze usullary görkezmäge, 3D görnüşinde we animasiýa görnüşinde häzirki zaman operasiýalaryny ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Munuň özi ýokary okuw mekdebi tamamlan ýaş lukmanlar, kliniki ordinatorlar, aspirantlar, maşgala lukmanlary we oftalmolog lukmanlary üçin hünärini kämilleşdirmekde has-da möhümdir.

Soňky ýyllarda bu bölümiň işgärleri tarapyndan oftalmologiýanyň dürli ugurlary boýunça okuw-usulyýet gollanmalarynyň 20-den gowragy, okuw kitaplarynyň ikisi neşir edildi.

Kliniki ordinatorlar we ýaş lukmanlar göz kesellerini bejermegiň synag we täzeçil usullaryny işläp taýýarlamak hem-de olary öwrenmek boýunça ýörite tassyklanan ylmy işleri alyp barýarlar. Olar Ylmy-kliniki merkezde guralýan kliniki maslahatlara, şeýle hem ylmy-amaly maslahatlara, şol sanda uniwersitetiň guraýan halkara çärelerine işjeň gatnaşýaralar.

Döwlet lukmançylyk uniwersiteti we onuň düzümine girýän edaralar ýaş hünärmenleri yzygiderli taýýarlamak, saglygy goraýşyň täzeçil ösüş strategiýasyny kesgitlemek babatda möhüm orun eýeleýändigini bellemeli.

Milli saglygy goraýyş ulgamynda täze tehnologiýalary ornaşdyrmagy, dünýäniň öňdebaryjy ylmynyň gazananlarynyň esasynda lukmançylyk hyzmatlarynyň hiliniň ýokarlandyrylmagyny esasy ugur edinýän özgertmeleri köp ugurly häsiýete eýedir. Iň häzirki zaman hassahanalary, ylmy-kliniki merkezleri, dürli lukmançylyk we sagaldyş-dynç alyş edaralary häzirki döwürde dünýä ülňülerine laýyk derejede enjamlaşdyrylyp, bu ugurda öňde durýan wezipeleriň üstünlikli çözgüdiniň baş şertini üpjün edýärler.

Degişli makalalar

Döredijilik Işgärleriniň Wekiliýeti Magtymgulynyň we Döwletmämmet Azadynyň Arap Tapan Ýerlerine Zyýarata Ugrady

Stambul Şäherinde Aziada-2017 Oýunlarynyň Başlanmagyna 100 Gün Galmagy Mynasybetli Welosipedli Ýörüş Geçirildi

turkmenhabargullugy

Türkmenistan Gündogar-Günbatar Gaz Geçirijisiniň Gurluşygyny Çaltlandyrýar

syrach