26.1 C
Aşkabat
20.04.2024
BAŞ SAHYPA GÜNÜŇ WAKALARY Iň Täze Habarlar

Astrahan Oblastynda «Türkmenistan-Bitaraplygyň Mekany» Temasyndan Çagalaryň Arasynda Döredijilik Gözden Geçirilişiniň Jemi Jemlenildi

RF-iň Astrahan oblastynda «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» temasyndan çagalar suratlarynyň bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Oňa Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasyndaky Magtymguly adyndaky umumy bilim berýän mekdebiň 1-5-nji synp okuwçylary gatnaşdylar. Döredilik gözden geçirilişini Türkmenistanyň Astrahandaky (Russiýa Federasiýasy) Konsullygy gurady.

Çagalaryň arasynda geçirilen bäsleşigiň jemini jemlemek mynasybetli dabara sebitiň bilim we ylym ministrliginiň, şeýle hem halkara we daşary ykdysady gatnaşyklar ministrliginiň, Russiýanyň DIM-niň Astrahandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylary, milli jemgyýetleriň agzalary we beýlekiler gatnaşdylar.

Bäsleşigiň Baş baýragy 5-nji synp okuwçysy Arina Umarowa berildi, Ralif Mahmudow, Ramina Kaliýewa we Ildar Aýnazarow dagy baýrakly üçlüge düşmegi başardylar. Funtowo obasyndaky Magtymguly adyndaky mekdebiň iň gowy ýaşajyk nakgaşlarynyň dörtlügine gymmat bahaly baýraklar we diplomlar, bäsleşige gatnaşanlara bolsa, ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Çäräniň dowamynda Astrahan oblastynyň wekilleri we Funtowo obasynyň ýaşaýjylary türkmen halkyny 2020-nji ýylda bellenilýän şanly sene – ýurduň Bitaraplyk derejesini almagynyň 25 ýyllygy bilen gutladylar we Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa daşary ýurtlarda, şol sanda Russiýa Federasiýasynda ýaşaýan ildeşlerimiz baradaky aladasy we olara berýän köpugurly goldawy üçin minnetdarlyk bildirdiler.

Dabaranyň ahyrynda sadaka berildi.

Degişli makalalar

Türkmenistanyň Raýatlygyna Kabul Edilenlere Pasportlar Gowşuryldy

turkmenhabargullugy

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga Gol Çekdi

syrach

Türkmenistanda Saýlawlary we Sala Salşyklary Geçirmek Baradaky Merkezi Toparyň Mejlisi

turkmenhabargullugy