26.9 C
Aşkabat
02.05.2024
BAŞ SAHYPA DURMUŞ Iň Täze Habarlar YLYM

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşiginiň Ýeňijileri Sylaglandy

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň “www.atavatan-turkmenistan.com” saýty tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli geçirilen “Ata Watan Eserleri” döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy. Ýeňijiler hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.
Mälim bolşy ýaly, “Üstünlik gazanmagyň ýollary” mowzugy esasynda geçirilen bu bäsleşik 2020-nji ýylyň 30-njy martynda tamamlandy. Şonuň netijesinde bäsleşigiň emin agzalarynyň hem-de internet saýtynda okalan sanyna laýyklykda ýeňijiler mälim edildi.
Ýeňijilere baýraklary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Oňa bäsleşikde baýrakly orunlary eýelän awtorlar gatnaşdylar. “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň baş redaktory Dr. Döwran Orazgylyjow döredijilik bäsleşigine işjeň gatnaşandyklary üçin minnetdarlyk bildirdi. Soňra ýeňijilere baýraklary gowşuryldy.
Bäsleşige gatnaşan awtorlar şeýle bäsleşigiň ýaşlary döredijilige iterýändigi hem-de döredijilik bilen meşgullanmaga has köp üns bermäge mümkinçilik berýändigini belläp geçdiler.
Bäsleşikde birinji orna Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky harby institutynyň talyby Döwletgeldi Ilgeldiýew mynasyp boldy. Oňa “Notebook HP ProBook 450” kompýuter bilen sylaglandy.
Şeýle hem ikinji orny eýelän Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyby Aýjemal Gaýlyýewa “RedMi 7A” telefony, üçünji orny eýelän ýene-de bir talyp gyzymyz Bagtygül Ernazarowa bolsa “Samsung” mikrotolkunly peç bilen sylaglandy.
Mundan başga-da, 4-10-njy orunlary eýelän awtorlarymyza “Preo Pwatch X Pro” akylly sagat sowgat berildi.
Bu bäsleşige 100-den gowrak eser hödürlendi. Bäsleşik “Aysözen Management Consulting” merkeziniň we “Makul Hyzmat” Terjime Merkeziniň ýakyndan goldaw bermeginde geçirildi.

Çeşme: Atawatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Türkmen Pagtasy Dünýä Bazarynda Öz Ornuny Pugtalandyrýar

turkmenhabargullugy

Hytaý Halk Respublikasynda Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 25 Ýyllygyna Bagyşlanan Sport Çäreleri Geçdi

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahalteke Atçylyk Toplumynda Geçirilen Dabaralara Gatnaşdy