35.9 C
Aşkabat
31.07.2025
BAŞ SAHYPA Iň Täze Habarlar YLYM

“Ata Watan Eserleri” Bäsleşiginiň Ýeňijisi Türkmen Metbugatynda

Ýaňy-ýakynda «Atavatan Türkmenistan» halkara žurnalynyň «www. atavatan-turkmenistan. com» saýty tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli yglan edilen «Ata Watan eserleri» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi. Onda ýeňiji bolanlara Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bu barada ýurdumyzda çap edilýän “Esger” gazetinde degişli habar çap edildi.

Mälim bolşy ýaly, «Üstünlik gazanmagyň ýollary» mowzugy esasynda guralan bu bäsleşikde emin agzalarynyň gelen netijelerine hem-de ýaryşa gatnaşýan awtoryň makalasynyň internet saýtynda okalan sanyna laýyklykda ýeňijiler mälim edildi. Netijede, «Üstünlige ýetmek üçin…» atly makalasy bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň harby talyby Döwletgeldi Ilgeldiýew 1-nji baýrakly orna mynasyp boldy we gymmat bahaly sowgat bilen sylaglanyldy

Çeşme: Atawatan Türkmenistan

Degişli makalalar

Harby Wekilliklerde Gyzgalaňly Möwsüm

Prezidentimiz Ýaponiýanyň Hirosaki Uniwersitetiniň Wekillerini Kabul Etdi

syrach

Aziada-2017 Parahatçylygyň we Ösüşiň Ugrunda Halkara Sport Hyzmatdaşlygy Atly Halkara Sport Kongresi Fotosuratlary